Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • th sapak 7 sah. 10
  • Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň
  • Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Dogry maglumat bermek
    Wagyz mekdebi
  • Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýdyň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Peýdasyny düşündiriň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Sorag beriň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
Başgalary
Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
th sapak 7 sah. 10

SAPAK 7

Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň

Esasy aýat

Luka 1:3

BELLIK: Diňleýjilere dogry netijä gelmäge kömek etmek üçin ygtybarly hem dogry maglumat getirmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Ygtybarly çeşmelere salgylanyň. Munuň üçin öwredeniňizde, Hudaýyň Sözüne salgylanyň we mümkin boldugyndan Ýazgylaryň göni özünden okaň. Eger siz ylmy barlaglardan, täzeliklerden bir maglumaty, durmuşda bolan bir wakany ýa-da başga subutnamalary getirjek bolsaňyz, olaryň dogrudygyna we könelmändigine göz ýetiriň.

  • Maglumaty ýoýmaň. Aýatlara berýän düşündirişiňiz onuň kontekstine, Mukaddes Ýazgylaryň beýleki aýatlaryna ýa-da «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlaýan edebiýatlaryna garşy gelmeli däl (Mat. 24:45). Eger siz başga ýerden, meselem, täzeliklerden bir maglumaty ýa-da biriniň aýdan sözlerini ulansaňyz, ony ýoýmaň.

    Peýdaly maslahat

    Maglumaty ulaldyp aýtmaň ýa-da ýoýmaň. Meselem, «käbir adamlar» diýen sözleriň deregine «köp adamlar», «käbir ýagdaýlarda» diýen jümläniň deregine «hemişe», «mümkin» diýen sözüň deregine bolsa «bolan bolmaly» diýmekden seresap boluň.

  • Diňleýjileri oýlanmaga höweslendiriň. Bir aýady okanyňyzdan ýa-da başga ýerden alnan sözleri we jümleleri getireniňizden soň, açyk düşündirip, diňleýjilere ýerlikli soraglary beriň we olara dogry netijä gelmäge kömek ediň.

WAGYZDA

Wagza taýýarlananyňyzda, adamlaryň nähili sorag berip biljekdigi we olara nädip jogap berjekdigiňiz hakda oýlanyň. Biri sorag berende, anyk jogabyny bilmeseňiz, gözleg geçirip, indiki gezek jogap berip biljekdigiňizi aýdyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş