Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 40 sah. 223—sah. 225 abz. 3
  • Dogry maglumat bermek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry maglumat bermek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Nädip gözleg geçirmeli?
    Wagyz mekdebi
  • Goý, Mukaddes Ýazgylary okamak saňa doly peýda getirsin
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Okuwyň berýän sylagy
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 40 sah. 223—sah. 225 abz. 3

40-NJY SAPAK

Dogry maglumat bermek

Munuň üçin näme etmeli?

Siziň aýdýan zatlaryňyz subutnamalara doly laýyk gelmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Aýdýan maglumatymyz dogry bolsa, adamlar biziň guramamyz we sežde edýän Hudaýymyz barada gowy pikirde bolarlar.

MESIHÇINIŇ nädogry maglumat bermegine näme sebäp bolup biler? Mümkin, ol eşiden zatlaryny barlaman, ony başgalara gürrüň berendir. Ýa-da haýsydyr bir maglumaty ünsli okamasa, elbetde, ony nädogry gürrüň berip biler. Eger biz hatda ujypsyz zatlary-da dogry aýtmaga jan etsek, onda adamlar has möhüm zatlary aýdanymyzda-da onuň dogrulygyna ynanarlar.

Wagyzda. Adamlar köp zatlary bilmeýändigine düşünip, wagyz etmäge gorkýarlar. Emma olar gysga wagtyň içinde hakykatyň diňe esasy taglymatlaryny bilip-de, wagyz edip bolýandygyna göz ýetirdiler. Nädip? Munuň üçin taýýarlyk görmeli.

Wagza gitmezden öňürti, gürrüň berjek temaňyzy gowy özleşdirmäge çalşyň. Adamlaryň nähili soraglary berjekdigi barada oýlanyň. Soraglara Mukaddes Ýazgylaryň esasynda doly jogap tapyň. Bu size özüňize ynamly bolmaga we dogry jogap bermäge kömek eder. Eger siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmekçi bolsaňyz, onda tema çuňňur taýýarlyk görüň. Abzasyň soraglaryna aýatlaryň jogap berşine gowy düşünýändigiňize göz ýetiriň.

Öý eýesi ýa-da işdeşiňiz siziň bilmeýän soragyňyzy berse näme? Eger siz ol soragyň jogabyny anyk bilmeseňiz, onda çak bilen aýtmakdan gaça duruň, çünki «dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr» (Sül. tym. 15:28). Bu babatda «Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňdeşlik üçin temalar» (rus.) ýa-da «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) diýen kitap size kömek eder. Eger olaryň hiç biri siziň ýanyňyzda bolmasa, onda bu sorag babatda gözleg geçirip, jogabyny indiki sapar aýdyp bilersiňiz. Eger adam soragy ak ýürekden beren bolsa, ol jogabyna garaşmaga razy bolar. Galyberse-de, siziň pesgöwünliligiňiz oňa gowy täsir edip biler.

Tejribeli dogan-uýalar bilen wagyz etseňiz, bu size Hudaýyň Sözüni dogry ulanmaga ýardam eder. Onuň haýsy aýatlary ulanýandygyna we olary nädip düşündirýändigine ünsli boluň. Şeýle-de onuň berýän maslahatyny we düzedişini ak ýürekden kabul ediň. Apollos atly yhlasly bir şägirt başgalaryň beren kömeginden peýdalanypdy. Lukanyň aýtmagyna görä, ol «dilewar», «Mukaddes Ýazgylara ökde», «ruhy hyjuwly» adam bolup, «Reb (Isa) hakda anyk gürrüňler bilen ders bererdi». Emma ol käbir zatlara doly düşünmeýärdi. Şol sebäpli Akila bilen Priskilla «Apollosy öz ýanlaryna alyp, oňa Hudaýyň ýoluny has takyk düşündirdiler» (Res. iş. 18:24—28).

«Ynamly söze ýapyşyň». Ýygnak — «hakykatyň diregi hem daýanjy». Biz onda çykyş edenimizde, ýygnaga çuňňur hormat goýýandygymyz görünmeli (1 Tim. 3:15). Hakykaty ýoýmaz ýaly okajak aýatlaryň manysyna dogry düşünmek wajypdyr. Munuň üçin olaryň kontekstini we maksadyny göz öňünde tutmaly.

Dogan-uýalar siziň ýygnak duşuşyklarynda aýtjak sözleriňizi başga ýerde gaýtalamagy mümkin. Elbetde, biziň «hemmämiz köp büdreýäris» (Ýakup 3:2). Ýöne siz anyk we dogry maglumaty aýtmagy endik edinseňiz, gowy üstünlik gazanarsyňyz. Wagyz mekdebine ýazylan doganlaryň köpüsi birnäçe wagtdan ýaşuly bolar. Şeýle borçlary ýerine ýetirýän doganlardan köp zat talap ediler (Luka 12:48). Eger ýygnak ýaşulusynyň sowuk-salalyk bilen beren nädogry maslahaty zerarly dogan-uýalar zyýan çekse, onda ol ýaşuly Hudaýyň razylygyny gazanyp bilmez (Mat. 12:36, 37). Şol sebäpli talaba laýyk gelýän dogan «ynamly söze ýapyşyp» öwretmelidir (Titus 1:9).

Siziň gelýän netijäňiz «sagdyn sözleriň nusgasyna», ýagny Mukaddes Ýazgylardaky hakykata laýyk gelmelidigini unutmaň (2 Tim. 1:13). Bu sizi gorkuzmaly däl. Mümkin, siz Mukaddes Ýazgylary doly okap bolan dälsiňiz. Okamagyňyzy dowam ediň. Aşakda berlen maslahatlar size Mukaddes Ýazgylar okuwynda ulanjak maglumatyňyzy derňemäge kömek eder.

Birinjiden, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu maglumat Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryma gabat gelýärmi? Ol diňleýjilere Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edermi ýa-da dünýäniň akyldarlygyny arşa çykaryp, adamlary oňa eýermäge çagyrar?» Isa: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýdi (Ýahýa 17:17; Kan. tag. 13:1—5; 1 Kor. 1:19—21). Ikinjiden, sadyk hem akylly hyzmatkäriň gözleg geçirmek üçin taýýarlaýan edebiýatlaryndan doly peýdalanmaly. Bu size diňe bir aýatlara dogry düşünmäge däl, eýsem, olary durmuşda nädip ulanmalydygyny düşündireniňizde, paýhasly we düşgür bolmaga-da kömek eder. Eger siz nutuk bilen çykyş edeniňizde, «sagdyn sözleriň nusgasyna» eýerip, aýatlary düşündirmek we olaryň ulanyşyny görkezmek üçin Ýehowanyň berýän gollanmalaryny ulansaňyz, aýdýan maglumatyňyz dogry bolar.

Maglumatyň dogrulygyny barlaň. Aýdyň mysal getirmek ýa-da bir pikiri aýtmak isleseňiz, onda gündelik durmuşda bolýan wakalary, ýa-da kimdir biriniň sözlerini ulanyp bilersiňiz. Olaryň dogrudygyny nädip anyklasa bolar? Munuň bir ýoly — maglumaty ygtybarly çeşmelerden almak. Ýöne maglumatyň könelmändigini barlamagy unutmaň. Sebäbi hasabatlar çalt könelýär; täze-täze ylmy açyşlar edilýär; adamlaryň ulanyşdan galan dilleri öwrenmek düşünjesi we taryha bolan garaýşy gitdigiçe giňeýär, şonuň üçin olar öňki gelen netijelerine täzeden seredýärler. Eger siz gazetden, telewizordan, radiodan, elektron poçtasyndan ýa-da Internetden bir maglumat almak isleseňiz, örän seresap bolmaly. Süleýmanyň tymsallary 14:15-de şeýle maslahat berilýär: «Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir». Özüňize şeýle soraglar beriň: «Bu maglumat ygtybarly çeşmeden alnanmy? Onuň dogrulygyny barlap bolýarmy?» Eger şübhelenýän bolsaňyz, ony almaň.

Maglumatyňyzyň ygtybarlydygyny barlanyňyzdan soňra, ony nädip ulanjakdygyňyz barada-da oýlanyň. Alnan sözleri we hasabatlary olaryň kontekstine görä ulanýandygyňyza göz ýetiriň. Bir pikiri nygtamak üçin «käbir adamlar» «köp adamlara», «köpüsi» «her bir adama», «käte» sözi «hemişe» sözüne öwrüp aýtmakdan ägä boluň. Bir zady ulaldyp, sanlary artdyryp, wakanyň ähmiýetini çişirip aýtsaňyz, siziň dogruçyl hem-de ynamlydygyňyza şübhe dörär.

Eger hemişe dogruçyl bolsaňyz, onda sizi hakykata hormat goýýan adam hökmünde tanarlar. Bu bolsa Ýehowanyň Şaýatlarynyň abraýyny artdyrar, esasan-da, «hakykat Hudaýy» Ýehowany şöhratlandyrar (Zeb. 31:5).

DOGRY MAGLUMAT BERMEK ÜÇIN

  • Soragyň jogabyny aýtmagy talap etseler-de, ony anyk bilmeseňiz aýtmaň.

  • Mukaddes Ýazgylardaky «sagdyn sözleriň nusgasyna» görä jogap beriň.

  • Temaňyz barada gözleg geçiriň.

  • Hasabatyň, sanlaryň we wakalaryň dogrulygyny barlaň; olary ulaltmaň. Jikme-jiklikleri ýatdan çykaran bolsaňyz, çak edip aýtmaň.

GÖNÜKME Siz aşakdaky soraglary düşündireniňizde, olary öz sözüňiz bilen aýdýandygyňyzy we dogry maglumat berýändigiňizi ruhy taýdan ösen mesihçiden barlamagy haýyş ediň. 1) Ýehowa nähili şahsyýet we biz muny nireden bilýäris? 2) Isa näme üçin öz janyny gurban etdi we onuň bize nähili peýdasy bar? 3) Isa Mesih Patyşa bolanyndan bäri näme edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş