25-NJI SAPAK
Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?
Mukaddes Kitapda adamyň «ömrüniň gysgadygy, jebir-jepadan doludygy» aýdylýar (Eýýup 14:1). Hudaý adamlary kösenip ýaşamagy üçin ýaratdymy? Ýok, ol bizi bagtly ýaşatmak üçin ýaratdy. Ýöne şol durmuş haçan bolar? Geliň, Mukaddes Kitapdan bileliň.
1. Ýehowa adamlaryň nähili ýaşamagyny isleýär?
Hudaý her bir adamyň gowy ýaşamagyny isleýär. Ol Adam ata bilen How enäni ýaradyp, olary Erem bagy diýen owadan ýere eltdi. Soňra olara: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň» diýdi (1 Musa 1:28). Ýehowa olara çaga dünýä indirmegi, bütin ýer ýüzüni Erem bagy ýaly jennete öwürmegi we haýwanlaryň aladasyny etmegi tabşyrypdy. Ol ähli adamlaryň tut ýaly sagdyn bolup, ebedi ýaşamagyny isleýär.
Şu wagt adamlar gowy durmuşda ýaşamasalar-daa, Hudaý olary başdaky ýaly eşretli durmuşa hökman ýetirer (Işaýa 46:10, 11). Ýehowa wepaly adamlaryň gülala-güllükde ebedi ýaşamagyny isleýär (Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka).
2. Biz häzirden nädip bagtly ýaşap bileris?
Ýehowa adamlaryň ýüregine Hudaýy tanamak we sežde etmek islegini guýdy (Matta 5:3—6-njy aýatlary oka). Ýehowa biziň bilen dostlaşmak isleýär. Ol seniň hak ýoldan ýöräp, Allatagala bütin ýüregiň bilen gulluk etmegiňi we söýmegiňi isleýär (5 Musa 10:12; Zebur 25:14). Eger Ýehowa gulak asyp ýaşasak, kynçylyklara garamazdan, bagtly bolarys, durmuşymyz manyly bolar.
SÖHBETDEŞLIK
Ýehowa ýer ýüzüni adamlary söýýändigi üçin ýaradypdyr. Mukaddes Kitapdan durmuşyň manysy hakda öwreneliň.
3. Ýehowa adamlary gowy ýaşatmak üçin ýaratdy
WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaý näme üçin owadan Ýer şaryny ýaratdy?
Nesihat 3:11-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaý bizi näme niýet bilen ýaradypdyr?
4. Ýehowanyň niýeti hökman ýerine ýeter
Zebur 37:11, 29 we Işaýa 55:11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa niýetini näme üçin hökman ýerine ýetirer?
Köne öýi bejerip bolýar. Adamlar ýer ýüzüni zaýalasa-da, Hudaý bagy-bossanlyga öwrer.
5. Ýehowa gulak assak, bagtly ýaşarys
Hudaýyň bizi gowy durmuşda ýaşatmak üçin ýaradandygyny bilmek bagtly edýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adamlaryň näme üçin ýaradylandygyny bilende, Teruminiň durmuşy nähili boldy?
Nesihat 12:13-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaýyň eden ýagşylyklaryna nädip minnetdar bolup bileris?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Durmuşyň manysy näme?»
Sen nähili düşündirerdiň?
ESASY PIKIRLER
Ýehowa adamlary ýer ýüzünde gowy şertlerde ebedi ýaşatmak isleýär. Biz Ýehowa gulak asyp ýaşasak, häzirden bagtly bolup bileris.
Gaýtalamak
Ýehowa Adam ata bilen How enäni näme üçin ýaratdy?
Hudaýyň başdaky niýeti näme üçin hökman ýerine ýeter?
Sen häzirden nädip bagtly bolup bilersiň?
KÖPRÄK BILIŇ
Erem bagy hakykatdanam ýer ýüzünde bolupdyr.
«Erem bagy dogrudanam bolupdyrmy?» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2011)
Ýer şary hiç haçan ýok bolmaz.
Mukaddes Kitapdan durmuşyň manysy hakda öwreniň.
Bir adam durmuşynda ýetmeýän zadyny tapýar.
a Adamlaryň eşretli durmuşda näme üçin ýaşamaýandygy hakda indiki sapakda gürrüň ederis.