-
Hudaýyň Patyşalygy näme?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
31-NJI SAPAK
Hudaýyň Patyşalygy näme?
Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada köp gürrüň berilýär. Hudaý şol Patyşalygy arkaly ýerde-de niýetini amala aşyrar. Ýöne Hudaýyň Patyşalygy näme? Ol häzir höküm sürýärmi? Häzire çenli nämeler etdi? Nämeler eder? Şu we indiki sapaklarda şol soraglaryň jogabyny bileris.
1. Hudaýyň Patyşalygy näme? Patyşasy kim?
Hudaýyň Patyşalygy Ýehowa Hudaýyň gökde guran hökümeti. Patyşalygyň patyşasy Isa Mesih (Matta 4:17; Ýahýa 18:36). Mukaddes Kitapda Isanyň az wagtlyk däl-de, «ebedi patyşa boljakdygy» aýdylýar (Luka 1:32, 33). Ol bütin ýer ýüzüni dolandyrar.
2. Isa Mesihiň ýeke özi höküm sürermi?
Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, gökde Isa bilen 144 000 adam höküm sürer. Olar «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» (Ylham 5:9, 10; Ylham 14:1—4-nji aýatlary oka). Olar Isanyň ýerdäki şägirtleriniň arasyndan saýlanyp alynýar. Galan şägirtleri bolsa Patyşalygyň ýerdäki raýatlary bolup ýaşar (Zebur 37:29).
3. Hudaýyň Patyşalygy näme üçin ynsan hökümetlerinden has gowy?
Käbir ynsan hökümdarlar halkyny gowy ýaşatmak islese-de, köplenç güýji ýetmeýär. Iru-giç olara derek, başga biri hökümdar bolýar. Täze gelen hökümdar bolsa halkyň aladasyny etmeýär, diňe özüni bilip ýaşaýar. Ýöne Hudaýyň bellän Patyşasy Isa hiç wagt tagtdan düşmez, sebäbi Hudaýyň döreden Patyşalygy «hiç haçan ýok edilmez» (Danyýar 2:44). Isa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökümdarlyk eder. Ol hemmeleri deň tutar, sebäbi ol aladaçyl, mähirli, adalatly patyşa. Ol raýatlaryna hem adalatly, mähirli bolmagy, bir-biriniň aladasyny etmegi öwreder (Işaýa 11:9-y oka).
SÖHBETDEŞLIK
Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzündäki hökümetlerden müň esse gowy.
4. Bütin ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy höküm sürer
Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa islendik hökümdardan has güýçli. Matta 28:18-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa näme üçin iň güýçli patyşa?
Ynsan hökümetleri häli-şindi çalşyp durýar. Olaryň hökümdarlygy belli bir ýurduň çäginden çykmaýar. Hudaýyň Patyşalygy bolsa olardan tapawutlanýar. Danyýar 7:14-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaýyň Patyşalygy näçe wagtlap höküm sürer?
Onuň hökümdarlygynyň çägi barmy?
5. Indi adamlar höküm sürmez
Ýer ýüzünde näme üçin Hudaýyň Patyşalygy höküm sürmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adam höküm sürse nähili bolýar?
Nesihat 8:9-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ynsan hökümetlerine derek, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürse gowy bolarmy? Näme üçin?
6. Isa bilen höküm sürjekler adamlaryň aladasyny eder
Patyşamyz Isa ýerde ýaşap görensoň, biziň ýagdaýymyza gowy düşünýär (Ýewreýler 4:15). Isa bilen gökde höküm sürjek 144 000 hudaýhon erkekler we aýallar ýerden saýlanyp alyndy. Ýehowa olary «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» saýlady (Ylham 5:9).
Isanyň ýer ýüzünde ýaşanlygy we 144 000 adamyň ýer ýüzünden saýlanmagy näme üçin gowy bolar?
Ýehowa Isa bilen höküm sürjekleri her dürli milletden saýlady.
7. Patyşalygyň kanunlary adamlaryňkydan has gowy
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary üçin hem kanunlar berilýär. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Her bir adam Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşasa, dünýä nähili bolar?a
Ýehowa raýatlaryndan kanunlaryna gulak asmagy talap edip bilýärmi? Näme üçin?
Adamlar Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşap bilermi? (11-nji aýada serediň).
Her bir hökümet raýatlarynyň bähbidi üçin kanun çykarýar. Hudaý hem Patyşalygy arkaly raýatlary üçin iň gowy kanunlary berýär.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýyň Patyşalygy näme?»
Sen nähili düşündirerdiň?
ESASY PIKIRLER
Hudaýyň Patyşalygy — gökdäki hökümet. Ol bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer.
Gaýtalamak
Hudaýyň Patyşalygynda kimler höküm sürer?
Hudaýyň Patyşalygy näme üçin iň gowy hökümet?
Ýehowa raýatlaryndan näme talap edýär?
KÖPRÄK BILIŇ
Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň nirededigini aýtdy.
Ýehowanyň Şaýatlary ynsan hökümdarlaryna däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolýar.
Mukaddes Kitapda Isa bilen 144 000 adamyň höküm sürjekdigi aýdylýar.
Türmede oturan aýal ýer ýüzünde adalaty diňe Hudaýyň dikeltjekdigine düşünýär.
«Adalatyň dikeldiljekdigini bildim» («Oýanyň!» noýabr, 2011)
a Hudaýyň kada-kanunlary hakda 3-nji bölümde aýdylýar.
-
-
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
32-NJI SAPAK
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda gökde höküm sürüp başlady. Şol ýyldan bäri, ynsan hökümetleriniň hem höküm sürmeli wagty azalyp başlady. Munuň şeýledigini Mukaddes Kitapdaky pygamberlikden we ýer ýüzünde bolýan wakalardan bilýäris.
1. Mukaddes Kitapda nähili pygamberlik aýdylýar?
Danyýar pygamberiň aýtmagyna görä, Hudaýyň Patyşalygy «ýedi döwrüň» soňunda höküm sürüp başlar (Danyýar 4:16, 17). Birnäçe asyrdan soň Isa pygamber şol döwrüň, ýagny «milletlere berlen wagtyň» gutarmandygyny aýtdy (Luka 21:24). Şu sapakda ýedi döwrüň 1914-nji ýylda gutarandygyny bileris.
2. 1914-nji ýyldan bäri dünýäde nämeler bolýar?
Şägirtleri Isadan: «Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3). Isa gökde patyşa bolansoň, dünýäde uruşlaryň, açlygyň, ýertitremeleriň, betbagtçylyklaryň boljakdygyny aýtdy (Matta 24:7-ni oka). Şeýle-de «soňky günlerde» adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşmegi bilen, durmuş hem has kynlaşýar (2 Timoteos 3:1—5). Şol zatlar 1914-nji ýyldan bäri has köp bolýar.
3. Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlandan bäri erbetlik näme üçin hasam köpeldi?
Isa gökde patyşa bolan badyna, Şeýtan we onuň jynlary bilen söweşdi. Şonda Isa Şeýtany ýeňdi. Şeýtan «perişdeleri bilen ýere zyňyldy» (Ylham 12:9, 10, 12). Şeýtan hem özüniň ýok ediljegini bilip, gahar-gazaba mündi. Ol adamlaryň başyna betbagtçylyk inderip, ejir baryny çekdirýär. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär, ýöne Hudaýyň Patyşalygy şol kynçylyklaryň baryny aýrar.
SÖHBETDEŞLIK
Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda höküm sürüp başlady, muny her birimiz bilmeli.
4. 1914-nji ýyl barada pygamberlikden bilýäris
Hudaý Wawilon patyşasy Nawuhodonosora bir düýş görkezdi. Danyýar pygamber şol düýşi düşündirýär. Ol düýş Nawuhodonosor patyşanyň hökümdarlygy we Hudaýyň Patyşalygy barada pygamberlikdi (Danyýar 4:17-ni okaň)a.
Danyýar 4:20—26-njy aýatlary okap, suratlar arkaly aşakdaky soraglara jogap beriň.
A. Nawuhodonosor düýşünde näme görýär? (20, 21-nji aýatlara serediň).
B. Agaja näme bolmalydy? (23-nji aýada serediň).
Ç. «Ýedi döwrüň» soňunda näme bolýar? (26-njy aýada serediň).
Agaç baradaky düýşüň Hudaýyň Patyşalygy bilen baglanyşygy
PYGAMBERLIK Danyýar 4:20—36
Hökümdarlyk
A. Uly agaç
Hökümdarlyk ýykylýar
B. «Agaç kesilýär» we «ýedi döwür» geçýär
Hökümdarlyk dikeldilýär
Ç. «Patyşalygyň ýene-de gaýtarylyp berler»
Pygamberligiň birinji gezek ýerine ýetişi
D. Agaç kimi aňladýar? (22-nji aýada serediň).
E. Hökümdarlyk nädip ýykyldy? Danyýar 4:29—33-nji aýatlary okaň.
Ä. «Ýedi döwrüň» soňunda Nawuhodonosora näme bolýar? Danyýar 4:34—36-njy aýatlary okaň.
PYGAMBERLIGIŇ BIRINJI GEZEK ÝERINE ÝETIŞI
Hökümdarlyk
D. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor
Hökümdarlyk ýykylýar
E. B. e. öň 606-njy ýyldan soň, Nawuhodonosoryň akyly üýtgäp, ýedi ýyllap tagtda oturmaýar
Hökümdarlyk dikeldilýär
Ä. Soňra akyly ýerine gelip, ýene-de höküm sürüp başlaýar
Pygamberligiň ikinji gezek ýerine ýetişi
F. Agaç kimi aňladýar? 1 Taryh 29:23-i okaň.
G. Hökümdarlyk nädip ýykylýar? Isa ýerde ýaşanda, hökümdarlygyň entegem dikeldilmändigini nireden bilýäris? Luka 21:24-i okaň.
H. Patyşalyk haçan we nirede dikeldildi?
PYGAMBERLIGIŇ IKINJI GEZEK ÝERINE ÝETIŞI
Hökümdarlyk
F. Ysraýylda Hudaýyň bellän patyşalary
Hökümdarlyk ýykylýar
G. Iýerusalim weýran edilýär, Ysraýylyň şa neslinden hiç kim 2 520 ýyllap tagtda oturmaýar
Hökümdarlyk dikeldilýär
H. Isa gökde Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolýar
Ýedi döwür näçe wagty öz içine alýar?
Mukaddes Kitabyň käbir aýatlary beýleki aýatlara düşünmäge kömek edýär. Meselem, Ylham kitabynda üç ýarym döwrüň 1 260 güne deňdigi aýdylýar (Ylham 12:6, 14). Üç ýarym döwri hem ikä köpeltsek, ýedi döwür bolýar. Diýmek, ýedi döwür 2 520 güne deň bolýar. Käte Mukaddes Kitapda bir gün diýlende, bir ýyl göz öňüne tutulýar (Hyzkyl 4:6). Danyýar kitabyndaky ýedi döwür hem 2 520 ýyl bolýar.
5. 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýagdaýy erbetleşýär
Isa patyşa bolansoň, ýer ýüzünde ýagdaýyň erbetleşjekdigini aýtdy. Luka 21:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýer ýüzünde nähili betbagtçylyklar bolýar?
Pawlus resul soňky günlerde adamlaryň erbetleşjekdigini aýtdy. 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adamlarda şu aýatlarda agzalan haýsy häsiýetleri görýärsiň?
6. Patyşalygyň höküm sürmegi ruhlandyrýar
Matta 24:3, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigi nämeden görünýär?
Sen köpräk wagyz etmek üçin näme edip bilersiň?
Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürýär. Tizden ol bütin ýer ýüzünde-de höküm sürer. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
«Şol günüň golaýlaşýandygyny görüp», biz näme etmeli?
Aýdaly, sen bir gowy habar eşitdiň. Şol habaryň adamlara kömek etjekdigini bilseň, näme ederdiň?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin 1914-nji ýyly wajyp ýyl hasaplaýar?»
Sen nähili düşündirerdiň?
ESASY PIKIRLER
Mukaddes Kitapdaky pygamberlik we dünýäniň ýagdaýy Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini görkezýär. Biz wagyz edip, ýygnak duşuşyklaryna baryp, Patyşalygy goldaýarys.
Gaýtalamak
Danyýar kitabynda aýdylýan ýedi döwrüň soňunda näme boldy?
Sen Patyşalygyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyna näme üçin ynanýarsyň?
Patyşalygyň höküm sürmegi seni nämä höweslendirýär?
KÖPRÄK BILIŇ
Taryhçylar 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň erbetleşýändigini aýdýar.
Matta 24:14-däki pygamberlik bir adama güýçli täsir edýär.
«Durmuşymy beýsbolsuz göz öňüne getirmeýärdim» («Garawul diňi» No. 3, 2017)
Danyýar kitabynyň 4-nji babynda Hudaýyň Patyşalygy hakda pygamberlik edilýär.
«Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady?» (Gürrüňdeşlik) («Garawul diňi» 1 oktýabr, 2014)
Danyýar kitabynda aýdylýan «ýedi döwür» 1914-nji ýylda tamamlandy.
«Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady?» (Dowamy) («Garawul diňi» 1 noýabr, 2014)
a Şu sapagyň «Köpräk biliň» diýen bölümindäki soňky iki makalany okaň.
-
-
Hudaýyň Patyşalygy näme eder?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
33-NJI SAPAK
Hudaýyň Patyşalygy näme eder?
Hudaýyň Patyşalygy eýýäm gökde höküm sürýär. Ol tizden ýer ýüzünde köp zatlary üýtgeder. Geliň, Hudaýyň Patyşalyk arkaly etjek işlerini bileliň.
1. Ýer ýüzünde parahatlygy we adalaty nädip dikelder?
Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Armageddon söweşinde erbet adamlary we hökümetleri ýok eder (Ylham 16:14, 16). Şonda Mukaddes Kitapdaky: «Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar» diýen pygamberlik doly ýerine ýeter (Zebur 37:10). Isa Patyşalyk arkaly ýeriň ähli künjeginde adalaty dikelder, parahatlyk höküm sürer (Işaýa 11:4-i oka).
2. Ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, «dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29). Göz öňüne getir, şonda diňe gowy adamlar, Ýehowany we bir-birini söýýän adamlar ýaşar. Keselçilik hem ölüm bolmaz.
3. Patyşalyk erbetligi ýok edip, soňra nämeler eder?
Isa erbetligi ýok edip, soňra 1000 ýyllap patyşa bolar. Ol 144 000 saýlananlar bilen adamlary günäden arassalar, kämil bolmaga kömek eder. Müň ýylyň ahyrynda ýer ýüzi Jennet bolar, ähli adamlar Ýehowa gulak asyp, bagtly ýaşar. Iň soňunda, Isa Patyşalygy Atasy Ýehowa gaýtaryp berer. Şonda Ýehowanyň «ady mukaddes bolar» (Matta 6:9, 10). Hemmeler Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edýän iň gowy hökümdardygyna düşüner. Soňra Ýehowa Şeýtany, jynlary we hökümdarlygyna garşy çykýanlary ýok eder (Ylham 20:7—10). Hudaýyň Patyşalygy ebedilik höküm sürer, durmuş gülala-güllük bolar.
SÖHBETDEŞLIK
Hudaý Patyşalygy arkaly ähli wadalaryny ýerine ýetirer.
4. Hudaý ýerdäki hökümetleri ýok eder
«Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni» (Nesihat 8:9). Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň ýetiren zyýanyny aýrar.
Danyýar 2:44 we 2 Selanikliler 1:6—8-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa bilen Isa ýerdäki hökümetleri we olary goldaýanlary näme eder?
Ýehowa bilen Isanyň adalatly hem dogruçyl boljagyna näme üçin ynanyp bilersiň?
5. Isa — iň gowy patyşa
Isa adamlara köp ýagşylyk eder. WIDEONY görüň. Isa ýerde ýaşanda, adamlara kömek etmek isleýändigini we güýjüniň ýetýändigini görkezipdi.
Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Patyşalyk arkaly nämeleri etjekdigini görkezipdi. Sen Hudaýyň berjek bereketleriniň haýsysyny görmek isleýärsiň? Aýatlary okap, şol bereketler hakda köpräk biliň.
ISA ÝERDEKÄ...
ISA GÖKDEKÄ...
tebigata aýdanyny etdirdi (Markus 4:36—41).
ýer ýüzüne ýetirilen zyýany doly aýrar (Işaýa 35:1, 2).
gudrat bilen müňlerçe adamy doýurdy (Matta 14:17—21).
iýere zat köp bolar (Zebur 72:16).
dürli keselli adamlary sagaltdy (Luka 18:35—43).
adamlar sagdyn bolar (Işaýa 33:24).
ölüleri direltdi (Luka 8:49—55).
ölümi, ajy hasraty aýrar (Ylham 21:3, 4).
6. Ajaýyp durmuş bolar
Hudaý Patyşalygy arkaly başdaky niýetini amala aşyrar. Adamlar Jennetde ebedi ýaşar. WIDEONY görüp, Ýehowanyň Isa arkaly niýetini nädip amala aşyrjakdygyny biliň.
Zebur 145:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowanyň «her bir adamy we haýwany... doýurjakdygy» saňa nähili täsir edýär?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Agzybir bolsak, häzirem ähli kynçylyklary çözüp bileris».
Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň hiç haçan başarmajak haýsy kynçylyklaryny çözer?
ESASY PIKIRLER
Hudaý Patyşalygy arkaly etjek diýen zadyny hökman eder. Ol bütin ýer ýüzüni Jennet eder, gowy adamlar Ýehowa hemişe gulak asar.
Gaýtalamak
Hudaý Patyşalygy arkaly adyny nädip mukaddes eder?
Hudaýyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýarsyň?
Sen Hudaýyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşýarsyň?
KÖPRÄK BILIŇ
Armageddon barada köpräk öwreniň.
Agyr muşakgatda nämeler bolar? (Matta 24:21)
Maşgalaňyz bilen Jenneti göz öňüne getiriň.
Hökümete garşy çykan adam köp soraglaryna jogap tapýar.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2012)
-