«Antona hat ýazyň!»
● Russiýada Stawropol ülkesiniň Şelkan obasynda ýaşaýan Anton atly Ýehowanyň ýaş Güwäçisi ruhdan düşýär. Näme üçin? Anton entek çagaka, onda Dýuşeniň miopatiýasy diýen bejerip bolmaýan kesel tapyldy. Köplenç şeýle kesel bilen keselleýän adamlaryň myşsasy kem-kemden gowşaýar we 20 ýaşy dolmanka ölýär. Anton eýýäm dokuz ýaşynda, ýöräp we düşeginden galyp bilmeýärdi.
Ýewgeniý aýaly Diana bilen Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklarynyň birine baranda, Anton bilen tanyşdylar. Diana şeýle gürrüň berýär: «Antonyň saglygy örän gowşak bolsa-da, ol ruhy taýdan berkdi. Onuň uly dogany şol keselden 19 ýaşynda aýrylandygy üçin, Anton hem wagtynyň az galandygyny bilýärdi. Muňa garamazdan, ol şadyýandy we gelejege umyt edýärdi».
Diana bilen Ýewgeniý Antony daş ýerde ýerleşýän obalardaky adamlara hat ýazyp, Hudaýa köpräk gulluk etmäge höweslendirdi. 2005-nji ýylda ol goňşy obalardaky adamlara 500-e golaý hat ýazyp iberdi. Emma hiç hili jogap almandygy üçin gynandy. Anton gynansa-da, hat ýazmagyny dowam etdi we ýagdaýyna görä, edýän wagzynyň netijeli bolmagy barada doga edýärdi.
Bir sapar Anton gazetde syrkaw, tesellä mätäç bir aýalyň hatyny okady. Ol şol aýala hat ýazdy we hatynyň bir bölegi gazetde çap edildi. Anton şeýle ýazypdy: «Meniň keselimi bejirip bolmasa-da, maňa Mukaddes Ýazgylar gelejege umyt bilen garamaga kömek edýär. Men hat almagy gowy görýärin we hemişe jogaba garaşýaryn».
Aýala bu sözler örän täsir etdi we ol ýene-de gazete hat ýazdy. Onuň haty «Antona hat ýazyň!» atly makalada çap edildi. Şol aýal ruhy taýdan goldandygy üçin Antona minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ol okyjylara: «Geliň, Antona kömek edeliň! Oňa hat ýazyň. Ýaş oglan ýagşy sözlere örän mätäç!» diýip ýüzlendi. Gazetde Antonyň adresi berlipdi.
Şondan soň Antonyň ýaşaýan obasyndaky kiçi poçta bölümine günde 30-a golaý hat gelip başlady! Russiýanyň ähli künjeginden, Pribaltikadan, Germaniýadan hatda Fransiýadan hem hat gelýärdi. Anton gazetiň okyjylaryndan ýüzlerçe hat aldy. Diana şeýle gürrüň berýär: «Anton muňa örän begenipdi! Indi, onuň şol adamlara Mukaddes Ýazgylara esaslanan imany barada hat ýazmaga mümkinçiligi bardy».
Anton bir ýyldan gowrak şol adamlar bilen hat alşyp, Mukaddes Ýazgylardaky hakykat barada gürrüň berýärdi. Soňabaka onuň elleri kem-kemden gowşap, haty birine ýazdyrýar. Anton 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda 20 ýaşynda aradan çykdy. Antonyň saglygy örän gowşak bolsa-da, ol imany we Hudaýa hem adamlara bolan söýgüsi bilen akgöwünli ýüzlerçe adamlaryň ýüregine täsir etdi.