Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/2 sah. 8—9
  • Olar Hudaýyň sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Olar Hudaýyň sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • «Mert bol, işe başla!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Batyr we mert boluň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Maňa batyrgaýlyk ber
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/2 sah. 8—9

Olar Hudaýyň sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler!

Mesihçiler hatda garşylyklara duş gelende-de, batyrgaý we mert boldular. Bu babatda «Hudaýyň Patyşalygy barada güwä geçýäris» (rus.) we «Ýehowanyň Güwäçileri—Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) diýen kitaplarda gürrüň berilýär. Biz hem I asyrasyrdaky mesihçiler ýaly, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Sözüni wagyz eder ýaly, Ýehowadan Mukaddes ruhy we kömegi dileýäris (Res. iş. 4:23—31).

Birinji Jahan urşy wagtynda wagyz işimiz hakynda bir dogan şeýle ýazdy: «Hudaýyň gullukçylary «Mukaddes Ýazgylary öwrenmek» kitabynyň «Gutarnykly syr» diýen 7-nji tomyny yhlasly ýaýratdylar. Bu tom ähli ýere ýaýradyldy. 1918-nji ýylda «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçanyň 1-nji sany çykdy. Soňra näme üçin hökümetiň «Gutarnykly syr» kitabyny gadagan edendigi düşündürilýän «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçanyň 2-nji sany çykdy. Ondan soň «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçanyň 3-nji sany çykdy. Wepaly mesh edilen mesihçiler bu edebiýatlary giňden ýaýratdylar. «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçany hödür etmek üçin iman we batyrgaýlyk gerekdi».

Şu günler Patyşalygyň wagyzçylaryna nähili wagyz etmelidigi öwredilýär, ýöne bu hemişe beýle däldi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşan bir polýak dogan 1922-nji ýylda birinji sapar wagza gidişini ýatlap, şeýle ýazýar: «Edebiýatlaryň nähili hödür edilýändigini, iňlis dilini hem asla bilmesem-de, saglygy bejeriş edarasynyň gapysyna baryp kakdym. Gapyny şepagat uýasy açdy. Men şeýle bir tolgundym we gorkdum welin, şol pursady hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Men sumkamy açanymda, ondaky hemme kitaplarym şepagat uýanyň aýagynyň aşagyna gaçdy. Näme diýenim ýadyma düşenok, ýöne oňa edebiýat berdim. Men gidenimde, özümi ynamly we Ýehowanyň pata berendigini duýdum. Şol gün köçäniň ugrundaky adamlaryň işleýän ýerlerinde kän kitapça ýaýratdym».

Bir uýa Kaliforniýanyň (ABŞ) daglyk ýerinde Ýehowanyň Güwäçisi bolan är-aýal bilen bile wagyz edendigini gürrüň berdi: «Takmynan 1933-nji ýylda doganlar Patyşalyk barada wagyz edende, üstünde sesi güýçlendirýän enjamly maşyny ulandylar». Uýa sözüni şeýle dowam edýär: «Dogan maşynynda daga çykdy, biz bolsa, aşakda şäherde galdyk. Haçanda ol dokladyň ýazgysyny çatanda, ses gökden gelýän ýaly boldy. Şäheriň ýaşaýjylary dogany gözlediler, emma ony tapmadylar. Ýazgy gutaranda, biz adamlaryň ýanyna baryp wagyz etdik. Men ýene-de iki gezek şeýle maşyn arkaly wagyz etdim. Adamlaryň köpüsi bizi diňlemek islemeýärdiler, ýöne olaryň öýüne-de ýazgynyň eşidilýändigi sebäpli, diňlemeli boldular. Biz Ýehowanyň gerekli wagtda gerekli usuly ulanmaga kömek edýändigine her sapar göz ýetirýärdik. Biz şeýle wagyz etmek üçin mert bolmalydyk, ýöne bu usul bilen hemişe maksada ýetýärdik we Ýehowanyň ady şöhratlanýardy».

1930-njy ýyllarda we 1940-njy ýyllaryň başynda patefon we Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklatlaryň ýazgylary arkaly wagyz edilýärdi. Bir uýa şeýle ýatlaýar: «Ýaş uýa öýden-öýe patefonly wagyz edýärdi. Ol bir öýüň gapysynyň agzynda ýazgyny çatanynda, öý eýesiniň gahary gelip, patefony bosagadan depip goýberdi. Plastinkanyň biri-de döwülmedi. Muny maşyn goýulýan ýerde maşynynda naharlanýan üç adam görüp, ýazgyny ýene-de aýtdyrmagy haýyş etdiler we uýadan edebiýat aldylar. Bu oňa ýene-de özüni ynamly duýmaga kömek etdi». Şeýle synaglara döz gelmek üçin batyrgaý bolmalydy.

Şol uýa sözüni dowam edýär: «Biz 1940-njy ýyllaryň başlarynda köçede žurnal teklip edip başlandygymyz ýadyma düşýär. Mundan öň, biz habar berilýän ýörüşde, ýagny dogan-uýalar köçede bir hatara düzülip, «Din — duzak we aldaw», «Hudaýa we Mesih Patyşa gulluk ediň» diýen ýazgyly plakatlary göterip ýöreýärdik. Şol wagt mugtuna kitapçalar berilýärdi. Şeýle wagyz eder ýaly batyrgaýlyk gerekdi, ýöne bu usullar arkaly adamlar Ýehowanyň ady we halky barada bildiler».

Başga bir uýa bolsa, şeýle diýdi: «Kiçijik şäherlerde žurnal bilen wagyz etmek aňsat däldi. Şol döwürde Ýehowanyň Güwäçileri güýçli garşylyklara duş gelýärdi. Köçäniň bir gyrasynda eli žurnally durup, gaty ses bilen okamagy teklip etmek üçin, hakykatdanam, batyrgaý bolmalydy. Muňa garamazdan, biz her şenbe güni şeýle wagyz edýärdik. Käte adamlar mähirli bolýardy, käte bolsa, gahar-gazaba münen adamlar ýygnanýardy, şonda biz olar topulmaz ýaly, çalt gitmeli bolýardyk».

Ikinji Jahan urşy wagtynda Ýehowanyň Güwäçileri yzarlamalara duş gelseler-de, mertlik bilen wagyz etmegini dowam etdiler. 1940-njy ýylyň 1-nji dekabryndan, 1941-nji ýylyň 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen 43 günlük kompaniýada ABŞ-da takmynan 50 000 wagyzçy sekiz milliona golaý kitapça ýaýratdylar. Şol döwür «mertlik bilen wagyz edilen döwür» diýip atlandyryldy.

Hudaýyň guramasynyň gartaşan gullukçylarynyň köpüsi kynçylyklarda batyrgaý bolandygyny ýatlaýarlar. Olaryň käbirleri mertlik bilen «soňuna çenli yhlasly wagyz edeliň!» diýen çagyryşy ençeme ýyllap kän gaýtalandyklaryny ýadyndan çykarmaýar. Şu dünýäniň soňuna çenli Hudaýyň hoş habaryny nähili usullar bilen wagyz etmelidigimizi wagt görkezer. Şol sebäpli mundan beýläk hem Hudaýyň kömegi arkaly Ýehowanyň sözüni iman we batyrgaýlyk bilen wagyz edeliň.

[9-njy sahypadaky sitata]

Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin hemişe batyrgaý bolmalydy

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş