Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/3 sah. 32
  • «Bizi surata düşürip bilersiňizmi?»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Bizi surata düşürip bilersiňizmi?»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/3 sah. 32

«Bizi surata düşürip bilersiňizmi?»

Welaýat kongresiniň ikinji gününden soň, Meksikanyň Beýtelinde gulluk edýän Hose atly dogan Keretaro şäherini görmäge gidýär. Kolumbiýadan syýahat etmäge gelen Hawýer we Maru atly är-aýal Hoseden surata düşürmegi haýyş edýär. Hoseniň we ýanyndaky Ýehowanyň Güwäçisi bolan dostlarynyň gowy geýnendigini we kongresiň plaketkasyny görüp, bu är-aýal olardan gutardyş ýa-da başga bir wajyp duşuşykdan gelýärsiňizmi diýip soraýar. Hose Ýehowanyň Güwäçileriniň welaýat kongresinde bolandygyny aýdýar we olary ýekşenbe güni kongrese çagyrýar.

Şol är-aýal beýle duşuşyga gitmäge çekinýändiklerini, çünki ýaraşykly eşikleriniň ýokdugyny aýtdylar. Şonda-da Hose olara adyny aýdyp, gulluk edýän filialynyň telefon nomerini goýdy.

Hose dört aýdan soň, Hawýer barada eşidip, geň galdy. Sebäbi bu är-aýalyň şol kongrese barandygyny we Ýehowanyň Güwäçileriniň Meksika, ýagny şol wagt ýaşaýan ýerine barmaga isleg bildirendigini eşidýär. Tizden Hawýer we Maru Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, ýygnaga gatnaşyp başladylar. On aý geçen soň olar wagyzçy boldular. Olar Kanadanyň Toronto şäherine göçmeli bolsalar-da, ruhy taýdan ösmegini dowam etdiler we suwda çokundyryldylar.

Soňra Hose Hawýerden hat aldy. Ol hatynda hakykaty kabul etmäge nämäniň höweslendirendigi barada şeýle ýazypdy: «Biz kongrese gitmezden öňürti aýalym bilen ruhy taýdan görkezme gerekdigi barada gürrüň edipdik. Sizi görenimizde, bu gowy geýnen adamlar bir wajyp duşuşykdan gelýändirler öýtdük. Kongrese gelen adamlaryň özüni alyp barşy, mähirlilik bilen bize ýer tapyp berişleri, programma wagty Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaga kömek edişleri bizde uly täsir galdyrdy. Olar üçin biziň syýahatçylar ýaly geýnişimiziň parhy ýokdy».

Hose akyldar Süleýman patyşanyň sözleriniň hakdygyna göz ýetirdi! Süleýman şeýle ýazypdy: «Irden tohumyňy ek we agşam elleriňe dynç berme, çünki sen onuň bu ýerde ýa-da ol ýerde, nirede gögerjegini bilmeýärsiň, belki olaryň ikisi-de gögerer» (Wag. 11:6). Sen hem boljak kongres ýa-da doklad barada adamlara aýdyp, tohum ekýärsiňmi? Ýehowa sen arkaly hem ruhy görkezmä suwsaýan adamlary özüne çekip biler (Iş. 55:1).

[32-nji sahypadaky surat]

Çepden saga: Alehandro Wogelin, Maru Pineda, Alehandro Pineda, Hawýer Pineda we Hose Ramires Meksikanyň filialynda

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş