«Surata serediň!»
Sen «Garawul diňi» žurnalynyň täze sanyny alanyňda, özüňe ýa-da birine näçe gezek şu sözleri aýdypdyň? Erjellik bilen çekilen hem-de alnan owadan suratlar bir maksat bilen edilýär. Olar oýlandyrýar hem-de bizde haýsydyr bir duýgyny döredýär. Suratlar, esasanam, bize «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlyk görmäge we gatnaşmaga kömek edýär.
Mysal üçin, öwrenilýän makalanyň başyndaky surat hakynda biraz oýlanyp gör. Suratda näme görkezilen? Suratyň esasy aýat we makalanyň ady bilen näme baglanyşygy bar? Beýleki suratlaryň tema we durmuşyň bilen näme baglanyşygy bardygy hakynda hem oýlan.
«Garawul diňi» duşuşygyny alyp barýan dogan ýygnakda dogan-uýalaryň her bir surat hakynda pikirini aýtmagyny, ondan nähili sapak edinip bolýandygyny we durmuşyna nähili täsir edýändigini gürrüň bermegini isleýär. Käwagt suratlarda aýratyn bir abzasdan alnan sözlem bolýar. Käwagt bolsa, «Garawul diňi» duşuşygyny alyp barýan dogan haýsy abzasda haýsy surata seretseň, gowy boljakdygyny özi çözýär. Şeýdip, okyja Hudaýyň Sözündäki wakalary göz öňüne getirer ýaly kömek edilse, hemmelere örän peýdaly bolar.
Bir dogan: «Gyzykly ýazylan makalany okanyňdan soň, suratlar ony has-da gyzykly edýär» diýýär.