TERJIMEHAL
Nirede bolsa-da, Ýehowa yhlasly gulluk edýäris
Men öň hiç haçan ýeke özüm wagyz etmeýärdim. Sebäbi hemişe köpçüligiň içinde bolanymda, aljyrap aýaklarym titrärdi. Adamlaryň biperwaýlygy bolsa, ýagdaýy has hem beterleşdir- ýärdi. Käbir adamlar gahar-gazaba münüp, urjak diýip haýbat atýardy. Pioner gullugymyň birinji aýynda ýekeje broşýura ýaýratdym! — Markus.
BU WAKA 60 ýyldan gowrak öň 1949-njy ýylda bolsa-da, meniň başdan geçiren zatlarym birnäçe ýyl öň başlady. Kakam Hendrik Niderlandiýanyň Drente welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän kiçijik obada ädikçi we bagban bolup işleýärdi. Men 1927-nji ýylda maşgalamda ýedi çaganyň dördünjisi bolup, dünýä indim. Biziň öýümiz obanyň asfalt geçirilmedik köçesinde ýerleşýärdi. Goňşularymyzyň köpüsi daýhandy, menem obada ýaşamagy gowy görýärdim. 1947-nji ýylda 19 ýaşym dolanda, goňşymyz Tonis Binden birinji gezek hakykaty eşitdim. Ilkinji gezek Tonisi görenimde, ony halamandygym ýadyma düşýär. Emma Ikinji Jahan urşundan soň ol Ýehowanyň Güwäçisi boldy we öňküsinden has mähirli bolupdy. Onuň häsiýetiniň üýtgänine haýran galyp, Hudaýyň ýer ýüzüni Jennet etjekdigi barada gürrüň berende, ony diňledim. Men derrew hakykaty kabul edip, ömürlik dost tapdyma.
Men 1948-nji ýylyň maý aýynda wagyz edip başladym we 20-nji iýunda Utreht şäherinde geçirilen kongresde suwda çokundyryldym. 1949-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda pioner bolup gulluk edip başladym we Niderlandiýanyň gündogarynda ýerleşýän Borkulo obadaky kiçijik ýygnaga bellenildim. Borkulo obasy 130 km aralykda ýerleşýärdi. Men ol ýere tigirli gitdim. Ol oba 6 sagatda bararyn öýtdüm, emma güýçli ýagyş ýagyp, garşydan ýel öwsüp duransoň, soňky 90 km otlyda gitsemde, 12 sagatda baryp ýetdim! Iň soňy giç agşam şol ýerde bir mesihçi maşgalanyň öýüne bardym. Men olaryňkyda şol ýerde pioner bolup gulluk eden wagtym ýaşadym.
Şol döwür uruş ýyllaryndan soň, adamlar garyp ýaşaýardy. Mende bary-ýogy ýekeje penjegim bardy, ol-da uludy we iki jalbarym, olar-da örän gysgady! Başda aýdyşym ýaly, Borkulo obasynda birinji aý gulluk etmek kyn boldy, ýöne Ýehowa birnäçe Mukaddes Ýazgylar okuwyny berip patalady. Meni dokuz aýdan Amsterdam şäherine iberdiler.
OBADAN ŞÄHERE GITDIM
Men obada önüp-ösüp, indi Niderlandiýanyň uly şäheri Amsterdama düşdüm. Wagyz edenimizde, köp adamlar gowy diňleýärdi. Birinji aý öňki 9 aýa garanyňda, has köp edebiýat ýaýratdym. Men azyndan sekiz sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdim. Meni ýygnakda gullukçy (häzirki ýaşululur maslahatynyň koordinatory) edip bellediler, şondan soň birinji gezek nutuk bilen çykyş eder ýaly ýumuş berdiler. Men gaty aljyradym, ýöne nutuk bilen çykyş edýänleriň spisogyna goşanlarynda, başga ýygnaga geçirdiler, şonda egnimden ýük aýrylan ýaly boldy. Şol wagt birnäçe ýyldan 5 müňden gowrak nutuk bilen çykyş ederin öýtmändim!
1950-nji ýylyň maý aýynda meni Harlem şäherine iberdiler. Aýlanýan gözegçi edip bellänlerinde, üç günläp ýatyp bilmedim. Bu işi başaryp bilmejekdigimi filialda gulluk edýän Robert Winklere aýdanymda, ol: «Anketany dolduraý. Öwrenersiň» diýdi. Soňra men bir aý okuw geçdim we aýlanýan gullukçy (gözegçi) bolup gulluk edip başladym. Bir ýygnaga baranymda, Ýanni Tatken atly ýaş uýa bilen tanyşdym. Ol Ýehowany örän söýýärdi we janyny aýaman pioner bolup gulluk edýärdi. Biz 1955 ýylda durmuş gurduk. Men durmuşym barada gürrüňimi dowam etmezden öň, Ýanni nädip pioner bolandygyny we tanşandygymyzy gürrüň berer.
ÄR-AÝAL BOLUP GULLUK EDÝÄRIS
Ýanni: 1945-nji ýylda 11 ýaşymdakam, ejem Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Ol üç çagasy bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň wajypdygyna derrew düşündi. Emma kakam garşy bolany üçin, ol öýde ýokka, ejem bize Hudaý barada öwredýärdi.
1950-nji ýylda men ilkinji gezek Gaaga şäherinde geçirilen kongrese bardym. Bir hepdeden soň Ascendaky (Drente) Patyşalyk zalynda geçirilýän ýygnak duşuşygyna ilkinji gezek bardym. Kakam gahar-gazaba münüp, meni öýden kowdy. Ejem maňa: «Sen nirede ýaşamalydygyny bilýärsiň» diýdi. Men onuň dogan-uýalar barada aýdýandygyna düşündim. Başda men golaýda ýaşaýan mesihçi maşgalanyň öýünde ýaşadym, ýöne kakam maňa azar berendigi sebäpli, 95 km aralykda ýerleşýän Dewenterdäki (Owereýssel) ýygnaga golaý ýere göçdüm. Emma kakam kämillik ýaşyma ýetmänsoň, öýden kowany üçin, hökümet ony gününe goýmady. Şol sebäpli ol meni ýene-de öýe çagyrdy. Kakam hakykaty kabul etmese-de, iň soňy maňa ýygnak duşuşyklaryna barmaga we wagza gitmäge rugsat berdi.
Öýe gelenime biraz wagt geçensoň, ejem agyr keselledi we ähli öý işlerini etmek başyma düşdi. Muňa garamazdan, men ruhy taýdan ösüp, 1951-nji ýylda 17 ýaşymda suwda çokundyryldym. 1952-nji ýylda ejem gutulansoň, men üç pioner uýa bilen bile iki aý kömekçi pioner bolup gulluk etdim. Biz Drente welaýatynyň iki şäherinde suwda ýüzýän öýde ýaşap, wagyz etdik. Men 1953-nji ýylda pioner boldum. Bir ýyldanam ýygnagymyza aýlanýan bir ýaş gözegçi geldi. Ol Markusdy. Biz är-aýal bolup Ýehowa gulluk etsek, has gowy bolar diýip, 1955-nji ýylyň maý aýynda toý etdik (Wag. 4:9—12).
Markus: Toýumyzdan soň bizi Wendama (Gronigen) pioner edip bellediler. Biz örän kiçi (ini iki uzynlygy üç metr) otagda ýaşaýardyk. Şonda-da, Ýanni otagy owadan edip bezedi. Her agşam, biz stolumyzy we iki kiçi oturgyjymyzy aýryp, diwara ýygnalyýan krowaty aşak düşürýärdik.
Bizi alty aýdan, Belgiýa aýlanýan gözegçi edip bellediler. 1955-nji ýylda Belgiýada bary-ýogy 4 müň wagyzçy bardy häzir bolsa, 24 müňden gowrak wagyzçy bar! Belgiýanyň demirgazygynda Flandriýada adamlar niderlandlaryň dilinde gürleýärdiler. Emma belgiýa dili golland dilinden düýbünden tapawutlanýardy, şol sebäpli biz başda dil öwrenmeli bolduk.
Ýanni: Aýlanýan gözegçilik işinde janyňy aýaman gulluk etmeli. Biz ýygnaklara tigirli gidip, ideýärdik we dogan-uýalaryňkyda ýaşaýardyk. Iki ýygnagy idän wagtymyz arasynda gidere ýerimiz bolmansoň, bir ýygnaga baranda, hepdäniň birinji gününe çenli bolýardyk, ikinji güni bolsa, irden başga ýygnaga gidýärdik. Emma biz hemişe gullugymyza Ýehowanyň berýän berekedi ýaly garaýardyk.
Markus: Başda biz ýygnaklardaky dogan-uýalaryň hiç haýsyny-da tanamaýardyk, ýöne olar örän mähirli we myhmansöýerdi (Ýew. 13:2). Birnäçe ýyldan biz Belgiýadaky golland ýygnaklaryň ählisini birnäçe gezek idedik. Bu bize köp bereketler berdi. Mysal üçin, biz golland ýygnaklardaky dogan-uýalaryň ählisi bilen diýen ýaly tanyşdyk we olary janymyzdan hem eý gördük. Biz ýüzlerçe ýaşlaryň ulalyp, ruhy taýdan ösüp, durmuşynda Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýşyny gördük. Olaryň köpüsiniň Ýehowa doly wagt wepaly gulluk edýändigini görüp guwanýarys (3 Ýahýa 4). Bu biri-birimizi ruhlandyryp, borjumyzy ak ýürekden ýerine ýetirmäge kömek edýär (Rim. 1:12).
AGYR SYNAG WE BEREKET
Markus: Biz Ýanni bilen durmuş guran günümizden başlap, ikimiz hem Gilead mekdebinde okamagy arzuw edýärdik. Biz her gün hiç bolmanda bir sagat iňlis dilini öwrenýärdik. Emma iňlis dilini kitapdan öwrenmek aňsat bolmandygy üçin, rugsat günleri iňlis dilinde wagyz edip, dil öwrener ýaly, Angliýa gidýärdik. 1963-nji ýylda Bruklindäki baş edaradan hat aldyk. Konwertdäki hatlaryň biri meniň üçindi, beýlekisi bolsa Ýanni üçindi. Hatda maňa ýörite on aýlyk Gilead mekdebine çakylyk bardy. Okuwyň esasy maksady doganlary guramaçylykly işlere öwretmekdi. Emma mekdebe çagyrylan 100 dogandan, 82-si bardy.
Ýanni: Alan hatymda, Markus Gilead mekdebini gutarýança, Belgiýada galmagymy we bu barada doga etmegimi haýyş edýärdiler. Dogrymy aýtsam, men ilki gynandym. Eden tagallamy Ýehowa ýalkamadyk ýaly bolup göründi. Şonda men Gilead mekdebiniň maksadynyň bütin dünýäde wagyz edýänlere kömek etmekdigini özüme ýatlatdym. Şonuň üçin men Belgiýadaky Gent şäherinde galyp, Anna we Mariýa atly tejribeli ýörite pionerler bilen bile ýörite pioner bolup gulluk etmäge razylaşdym.
Markus: Men iňlis dilini has gowy öwrenmelidim, şol sebäpli okuw başlamazdan bäş aý öň Brukline çagyrdylar. Men Ugratma we Gulluk bölüminde işledim. Bütindünýä baş edarada işlänimde Aziýa, Ýewropa we Günorta Amerika edebiýatlary ibermäge kömek edip, bütindünýä doganlygyna göz ýetirdim. Esasanam, A. H. Makmillan dogan hiç ýadymdan çykmaýar. Ol Rassel doganyň gulluk eden döwründe piligrim (aýlanýan gözegçi) bolup gulluk edýärdi. Ol şol wagt garrydy we gulagy-da kerdi, ýöne şonda-da, ýygnak duşuşyklarynyň ählisine yzygider barýardy. Bu maňa örän täsir etdi we men ondan ýygnak duşuşyklarymyzy hiç haçan sypdyrmazlygy öwrendim (Ýew. 10:24, 25).
Ýanni: Men Markus bilen hepdede birnäçe gezek hat alyşýardym. Biz biri-birimizi gaty göresimiz gelýärdi! Ýöne Markus Gilead mekdebinde höwes bilen okaýardy, men bolsa wagyz edip, şatlanýardym. Markus ABŞ-den öýe gelende, men 17 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdim! 15 aý aýralyk biziň üçin agyr synag boldy, ýöne janymyzy aýamandygymyz üçin Ýehowanyň ak patasyny gördüm. Markusyň öýe gelmeli güni, onuň uçary birnäçe sagat gijä galdy, ahyry ol gelende, gujaklaşyp aglaşdyk. Şondan soň biz hiç haçan aýra düşmedik.
HER BIR HORMATLY GULLUGYMYZA MINNETDAR
Markus: Men 1964-nji ýylyň dekabr aýynda Gilead mekdebinden gelensoň, bizi Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Biz şol wagt Beýtelde wagtlaýyn gulluk etjekdigimizi bilmeýärdik. Soňra üç aýdan bizi Flandriýa welaýat gözegçisi edip bellediler. Missioner är-aýal Alzen we Els Wekersma Belgiýa gelende, olary welaýat gözegçisi edip bellediler, bizi bolsa, ýene-de Beýtele çagyrdylar. Men Beýtelde Gulluk bölüminde işledim. 1968-nji ýyldan 1980-nji ýyla çenli gullugymyz birnäçe gezek çalşyp durdy, käte biz Beýtelde, käte aýlanýan gözegçi bolup, gulluk etdik. Ahyry, 1980-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli ýene-de welaýat gözegçisi bolup gulluk etdik.
Biziň gullugymyz üýtgäp dursa-da, bütin ýüregimiz bilen Ýehowa gulluk etmäge özümizi bagyş edendigimizi hiç haçan unutmadyk. Gullugymyzyň çalşyp durmagynyň Patyşalygyň işlerine ýardam edýändigine düşünip, her bir ynanylan gullugymyza begenýärdik.
Ýanni: Meniň üçin Markus bilen 1977-nji ýylda Brukline we 1997-nji ýylda Pattersona gitmek uly hormatdy. Markus ol ýerde filial komitetiniň agzalary üçin goşmaça okuw geçdi.
ÝEHOWA BIZE NÄME GEREKDIGINI BILÝÄR
Markus: 1982-nji ýylda Ýanni operasiýa boldy we soňra gutuldy. Üç ýyl geçensoň, Lýowendäki dogan-uýalar mähir bilen Patyşalyk zalynyň ýokarky etažynda ýaşamaga otag teklip etdiler. 30 ýylyň içinde birinji sapar biziň hem kiçijik öýümiz boldy. Her sişenbe güni ýygnagy idemek üçin zatlarymyzy ýygnanda, men 54 basgançakdan birnäçe gezek ýokary-aşak düşüp, goşumyzy daşaýardym. Bagtymyza, 2002-nji ýylda birinji etaždan bize otag edip berdiler. 78 ýaşymda, bizi Lokeren şäherine ýörite pioner edip bellediler. Biz şu wagta çenli ýörite pioner bolup gulluk edýändigimize örän begenýäris.
«Nirede we kim bolup gulluk edýändigimiz däl-de, eýsem kime gulluk edýändigimiz wajyp»
Ýanni: Biz bile jemi 120 ýyl doly wagt gulluk etdik! Biz Ýehowa wepaly gulluk etsek, onuň: «Seni hergiz terk etmerin», «hiç zada zar bolmarsyňyz» diýen wadasynyň hakdygyna öz durmuşymyzda göz ýetirdik (Ýew. 13:5; Kan. tag. 2:7).
Markus: Biz ýaşlykdan özümizi Ýehowa bagyş etdik. Biz hiç haçan özümize uly zat gözlemedik. Ikimiz hem teklip edilen ähli gullugy berjaý etmäge taýyndyk, sebäbi biz nirede we kim bolup gulluk edýändigimiz däl-de, eýsem, kime gulluk edýändigimiziň wajypdygyna berk ynanýarys.
a Birnäçe ýyldan kakam, ejem, uly gyz doganlarym we iki oglan jigilerim hem Ýehowanyň Güwäçisi boldy.