Ol Kaýafanyň garyndaşydy
Käwagt arheologik tapyndylar göni ýa gytaklaýyn Mukaddes Ýazgylarda ýazylan adamlaryň ýaşandygyny subut edýär. Mysal üçin, 2011-nji ýylda Ysraýylyň alymlary şeýle subutnamanyň, ýagny merhumyň süňkleri saklanylýan ýaşigiň tapylandygyny yglan etdiler. Bu tapylan owadan nagyşlanan ýaşige 2 müň ýyl mundan öň merhumyň jesedi çüýränsoň, süňkleri salnypdy.
Ýaşigiň ýüzünde: «Bes Immeriň neslinden bolan ruhany Magazýa, Kaýafanyň ogly Ýeşuwanyň gyzy Miriam» diýen ýazgy bar. Ysraýylyň baş ruhanysy Kaýafanyň ýolbaşçylygynda Isany gynadylar we ölüm jezasyny berdiler (Ýahýa 11:48—50). Taryhçy Iosif Flawiý: «Ýusuba Kaýafa hem diýýärdiler» diýipdi. Bu ýaşik onuň bir garyndaşynyňkydy. Mundan öň tapylan baş ruhanynyň ýaşiginde «Iýehosef bar Kaýafa» (Kaýafanyň ogly Ýusup) diýen ýazgy bardya. Diýmek, Miriam Kaýafanyň garyndaşy bolan bolmaly.
Ysraýylyň gadymy ýadygärlikler edarasynyň (YGÝAE) berýän maglumatyna görä, Miriamyň ýaşigini gadymy wagtda mazarlyklary talaýan ogry ogurlan bolmaly. Bu gadymy ýaşigi we ýazgysyny öwrenip, onuň asyl nusgasydygyna göz ýetirdiler.
Şeýle-de ýaşikden ýene-de bir zady bilýäris. Onuň ýüzündäki «Magazýa» diýen ýazgy Iýerusalimiň ybadathanasynda gezekleşip gulluk eden soňky ýigrimi dördünji toparyň adydy (1 Ýyl. 24:18). YGÝAE-nyň aýtmagyna görä, bu ýaşigiň ýüzündäki ýazgy «Kaýafanyň maşgalasy Magazýa toparyna degişlidigini» aňladýar.
Şol ýazgyda Bes Immeriň ady hem agzalýar. Muny YGÝAE iki hili düşündirýär. Birinjisi, Bes Immer Magazýa toparyna degişli Immeriň nesillerinden bolan ruhanylar maşgalasynyň ady bolmaly (Ezra 2:36, 37; Neh. 7:39—42). Ikinjisi, belki, (Bes Immer) merhum Miriamyň ýa-da onuň maşgalasynyň doglan ýeriniň adydyr. Her näme bolsa-da, Miriamyň ýaşigi Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan adamlaryň maşgalasynyň hakykatdan bolandygyny subut edýär.
a Kaýafanyň ýaşigi barada 2006-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 10—13-nji sahypalarynda «Isa ölüm jezasyny beren baş ruhany» diýen makalada aýdylýar.