Hiç zat sizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn
«Şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň». ÝEŞ. 24:15
1—3. a) Ýeşuwa dogry ýol saýlamakda nähili gowy görelde görkezdi? b) Biz karara gelmeli bolanda nämäni göz öňünde tutmaly?
«SAÝLAMAK» — bu örän täsirli söz. Saýlamaga haky bolan adamyň öz pikir bolýar we ol durmuş ýoluna belli bir derejede gözegçilik edip bilýär. Bir mysala seredeliň. Ýöräp barýan adamyň ýoly birdenkä ikä bölünýär. Ol haýsy ýoly saýlar? Eger ol barmaly ýerini göz öňünde tutsa, maksadyna tiz ýetmäge kömek etjek ýoly saýlar, beýleki ýol bolsa yzda galar.
2 Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýagdaýa düşen ençeme adamlaryň mysallary getirilýär. Meselem, Kabyl ýa gaharyna ýol bermelidi, ýa-da oňa erk etmelidi (Gel. çyk. 4:6, 7). Ýeşuwa bolsa, ýa hak Hudaýa, ýa-da ýalan taňrylara sežde etmegi saýlamalydy (Ýeş. 24:15). Ýeşuwanyň maksady Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny saklamakdy, şol sebäpli ol Hudaýa ýakynlaşdyrýan ýoly saýlady. Kabylyň maksady ondan tapawutlanýardy, şoňa görä-de, ol Ýehowadan daşlaşdyrýan ýoly saýlady.
3 Göçme manyda aýdanyňda, bizem käte iki ýoluň çatrygynda durup, ýörejek ýolumyzy saýlamaly bolýarys. Eger sen hem şeýle ýagdaýda bolsaň, onda seniň maksadyň — ähli edýän işleriň bilen Ýehowany şöhratlandyryp, Ondan daşlaşdyrýan zatlardan gaça durmaly (Ýewreýler 3:12-ni okaň). Biz şu we indiki makalada Ýehowadan daşlaşdyryp biljek ýedi zada serederis.
IŞ WE WEZIPÄ KOWALAŞMAK
4. Eklenmek üçin näme wajyp?
4 Mesihçiler özüni we maşgalasyny eklemäge borçly. Mukaddes Ýazgylarda öz ýakynlarynyň aladasyny etmeýän adamyň imansyzdan beter bolandygy barada aýdylýar (2 Sel. 3:10; 1 Tim. 5:8). Hawa, ýaşamak üçin işlemek gerek. Emma biz seresap bolmaly, çünki iş we wezipä kowalaşmak Ýehowadan daşlaşdyryp biler. Nädip?
5. Iş teklip edenlerinde nämeleri göz öňünde tutmaly?
5 Aýdaly, sen iş gözleýärsiň. Eger ýaşaýan ýeriňde iş tapmak kyn bolsa, onda seniň islendik işde işlemäge razylaşmagyň mümkin. Ol iş Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän bolsa näme? Eger iş sagadyň ýa-da ýola sarp edýän wagtyň ruhy işleriňe päsgel berip, ýa-da maşgala agzalaryňdan daşlaşdyrsa näme? Işsiz oturanymdan islendik işde işlänim gowudyr diýmek dogrumy? Ýadyňda bolsun, nädogry saýlanan ýol Ýehowadan daşlaşdyryp biler (Ýew. 2:1). Sen iş gözleseň-de, işleýän işiň barada oýlansaň-da nädip dogry karara gelip bilersiň?
6, 7. a) Adam iş babatda nähili maksatlar goýup biler? b) Haýsy maksat seni Ýehowa ýakynlaşdyrar we näme üçin?
6 Ýokarda aýdylyşy ýaly, barmaly ýeriňi unutmaly däl. Özüňize şeýle sorag beriň: «Meniň nirede işläsim gelýär ýa-da näme gazanmak isleýärin?» Eger sen Ýehowa gulluk etmek üçin özümi we maşgala agzalarymy eklemeli diýip, işe dogry garaýyşda bolsaň, onda Ýehowa seniň edýän tagallaňa ak pata berer (Mat. 6:33). Sen işsiz galanyňda-da, ykdysady ýagdaý pese düşende-de, Ýehowa seni çöreksiz goýmaz (Iş. 59:1). Ol «hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini... bilýär» (2 Pet. 2:9).
7 Eger sen baýamak isleýän bolsaň näme? Belki-de, sen üstünlik gazanarsyň. Ýöne bu «üstünlik» sebäpli köp zatdan mahrum boljagyňy unutma (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň). Baýamak we wezipä kowalaşmak Ýehowadan daşlaşdyrar.
8, 9. Ata-eneler işe bolan garaýşy barada pikirlenende nämäni göz öňünde tutmaly? Düşündiriň.
8 Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, olara göreldäňiz bilen nähili täsir etjekdigiňiz hakynda oýlanyň. Olar sizde nämäni görýärler: wezipä kowalaşýandygyňyzymy ýa-da Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyňyzy wajyp saýýandygyňyzy? Eger siz at-abraý gazanmagy we baýlygy birinji orunda goýmagy wajyp saýsaňyz, olar-da siziň ýaly ölüme eltýän ýoly saýlamazmy?! Şonda siziň ata-ene hökmündäki abraýyňyz gaçmazmy? Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Men kakam barada oýlananymda, onuň hemişe iş bilen başagaýdygy ýadyma düşýär. Şonda biz kakam maşgalasyny iň gowy zatlar bilen üpjün etmek üçin agyr zähmet çekýändir öýtdük. Ol biziň gowy ýaşamagymyzyň aladasyny edýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý üýtgedi. Ol gije-gündiz işläp, gerekli zatlardan başga-da artykmaç zatlary getirip başlady. Netijede, biz ruhy taýdan ösmäge kömek edýän däl-de, baý maşgala hökmünde tanaldyk. Men bolsa, kakamyň puluna däl-de, onuň ruhy goldawyna mätäçdim».
9 Ata-eneler, siz wezipä kowalaşyp, Ýehowadan daşlaşmaň! Öz göreldäňiz bilen çagalaryňyza hakyky baýlygyň maddy zatlarda däl-de, ruhy zatlardadygyny görmäge kömek ediň (Mat. 5:3).
10. Wezipe gazanmak isleýän ýaşlar näme barada oýlanmaly?
10 Aýdaly, sen ýaşsyň we wezipeli bolasyň gelýär. Şonda sen nädip dogry ýoly saýlap bilersiň? Ýokarda aýdylyşy ýaly, sen gelejekde nämäniň garaşýandygyny bilmeli. Seniň aljak bilimiň we işiň Patyşalyk işlerini birinji ýerde goýmaga ýol berermi ýa-da Ýehowadan daşlaşdyrar? (2 Tim. 4:10). Käbir adamlar puly köp bolsa, özlerini bagtly, az bolsa-da bagtsyz duýýarlar. Sen hem şeýle adamlara meňzemek isleýärmiň? Ýa-da sen Dawut ýaly ynamly bolup bilermiň? Dawut şeýle diýdi: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek dilänini görmedim» (Zeb. 37:25). Sen bir ýoluň Ýehowadan daşlaşdyrjakdygyny, beýleki ýoluň ajaýyp ýaşaýşa eltjekdigini unutma (Süleýmanyň tymsallary 10:22; Malaky 3:10-y okaň). Sen bu ýollaryň haýsysyny saýlarsyň?a
DYNÇ ALMAK WE GÖWÜN AÇMAK
11. Mukaddes Ýazgylarda dynç almak we göwün açmak barada näme diýilýär, ýöne nämäni unutmaly däl?
11 Mukaddes Ýazgylar gülüşmegi, dynç almagy we göwün açmagy ýazgarmaýar. Pawlus resul Timoteosa: «Beden maşkynyň peýdasy azdyr» diýip ýazdy (1 Tim. 4:8). Hatda Mukaddes Ýazgylarda «gülmegiň öz wagtynyň» hem-de «tans etmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar. Hawa, bularyň ählisi gowy dynç almaga ýardam edýär (Wag. 3:4; 4:6). Emma seresap bolmasak, dynç almak we göwün açmak Ýehowadan daşlaşdyryp biler. Şol sebäpli olaryň iki howply tarapyna seredeliň: nädip dynç almaly we oňa näçe wagt sarp etmeli.
12. Sen saýlan göwün açmaň ýa-da dynç alşyň babatda nämeleri göz öňüne tutmaly?
12 Geliň, ilki bilen, nädip dynç almalydygyna seredeliň. Sen göwün açmanyň ýa-da dynç almagyň peýdaly boljak, ýa-da bolmajakdygyna üns bermeli. Gynansak-da, olaryň köpüsi Hudaýyň ýigrenýän işlerini, ýagny zorlugy, spiritizmi we ahlaksyzlygy şöhratlandyrýar. Şonuň üçin olary örän ünsli saýlamaly. Saýlan göwün açmaň ýa-da dynç alşyň saňa nähili täsir edýär? Olar seni zorluga, bäsdeşlige ýa-da milletparazlyga iterýärmi? (Sül. tym. 3:31). Olara köp pul harç edýärmiň? Başgalary büdredýärmi? (Rim. 14:21). Sen nähili adamlar bilen göwün açyp, dynç alýarsyň? (Sül. tym. 13:20). Olar seni erbet işleri etmäge höweslendirýärmi? (Ýakup 1:14, 15).
13, 14. Göwün açmaga wagt sarp edeniňde nämäni göz öňüne tutmaly?
13 Indi dynç almaga we göwün açmaga näçe wagt sarp etmelidigine seredeliň. Özüňe şeýle sorag ber: «Men dynç almaga köp wagt, ruhy işlere az wagt sarp edýärinmi?» Eger dynç almaga we göwün açmaga köp wagt sarp etseň, munuň saňa peýdasy bolmaz. Aslynda, öz wagtynda dynç alýan we göwün açýan adamlar has köp şatlyk tapýarlar. Näme üçin? Sebäbi olar iň «möhüm zatlary» birinji orunda goýýandygyna düşünýärler we olaryň ynsaby ezýet bermeýär (Filipililer 1:10, 11-nji aýatlary okaň).
14 Göwün açmaga köp wagt sarp etmek lezzetli ýaly bolup görünse-de, ol Ýehowadan daşlaşdyryp biler. 20 ýaşyndaky Kim atly uýa muny öz başyndan geçirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ähli oturyşyklara gatnaşýardym. Hepdäniň her anna, şenbe we ýekşenbe günleri hezil bolýardy. Indi bolsa men has wajyp zatlaryň bardygyna düşündim. Men häzir pioner bolup gulluk edýärin we wagza gitmek üçin irden sagat 6:00-da turýaryn. Şol sebäpli men gije sagat bir-ikä çenli oturyşyklarda oturyp bilmeýärin. Men ähli oturyşyklaryň erbet däldigine düşünýärin. Ýöne olar örän erbet täsir edip biler. Şol sebäpli her zadyň öz wagtynyň bolşy ýaly, dynç almagyň hem öz wagty bolmaly».
15. Ata-eneler çagalarynyň peýdaly dynç almagyna nädip kömek edip bilerler?
15 Ata-eneler özleriniň we çagalarynyň maddy, ruhy hem-de duýgy taýdan aladasyny etmäge borçly. Muňa dynç almak hem degişli. Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, onda ähli göwün açmalar erbet diýip, olara iňňirdemäň. Ýöne şonda-da olaryň erbet täsirinden seresap bolmaly (1 Kor. 5:6). Öňünden paýhasly oýlansaňyz, maşgalaňyz üçin peýdaly boljak dynç alşy we göwün açmany saýlap bilersiňizb. Şeýdip, siz özüňize we çagalaryňyza Ýehowa ýakynlaşdyryp biljek ýoly saýlarsyňyz.
MAŞGALA GATNAŞYKLARY
16, 17. Nähili gynançly ýagdaý ata-eneleriň köpüsine täsir edýär we olaryň duýgusyna Ýehowanyň düşünýändigini biz nireden bilýäris?
16 Ata-ene bilen çaganyň arasyndaky gatnaşyk örän güýçli bolýar. Ýehowa bu meňzetmäni öz halkyna bolan söýgüsini görkezmek üçin ulanypdy (Iş. 49:15). Şol sebäpli dogan-garyndaşlaryňdan biri Ýehowany terk etse, munuň agyr hasrat çekdirýändigi geň galdyrmaýar. Gyzy ýygnak gatnaşygyndan kesilen bir uýa şeýle diýýär: «Men juda tapdan düşdüm. „Ol näme üçin Ýehowany terk etdikä?“ diýip, özüme sorag berýärdim. Men özümi günäkär duýup, öz-özüme käýeýärdim».
17 Ýehowa siziň çekýän derdiňize düşünýär. Ilkinji ynsan maşgalasy Ýehowany terk edende we Tupandan öň ýaşan adamlaryň köpüsi pitne turzanda, Hudaý muňa «ýürekden gynandy» (Gel. çyk. 6:5, 6). Şeýle ýagdaýy başdan geçirmedik adama muňa düşünmek kyn bolup biler. Emma ýygnak gatnaşygyndan kesilen maşgala agzaňyz zerarly, Ýehowadan daşlaşmaklyk akylsyzlyk bolardy. Onda dogan-garyndaşymyzdan biri Ýehowany terk edende döreýän hasraty nädip ýeňip bolýar?
18. Çagasy Ýehowany terk eden ata-eneler näme üçin özüni günäkärlemeli däl?
18 Bolan iş üçin özüňizi günäkärlemäň. Ýehowa adamlara saýlamak mümkinçiligini berdi. Özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylan her bir adam «öz ýüküni özi götermelidir» (Gal. 6:5). Şol sebäpli siz däl-de, günä eden adamyň özi Ýehowanyň öňünde jogap berer (Ezek. 18:20). Başgalary-da günäkärlemäň. Ýehowanyň berýän temmisine hormat goýuň. Ýygnagy goraýan ýaşululara däl-de, Iblise garşy duruň (1 Pet. 5:8, 9).
19, 20. a)Çagalary gatnaşykdan kesilen ata-eneler agyr duýgusyna nädip hötde gelip bilerler? b) Ata-eneler nämä umyt edip biler?
19 Eger siz Ýehowadan nägile bolsaňyz, Ondan daşlaşyp bilersiňiz. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam siziň Ýehowany her zatdan, hatda maşgala gatnaşygyndan-da ileri tutýandygyňyza düşünmeli. Bu ýagdaýa hötde gelmek üçin ruhy taýdan berk bolmaga jan ediň. Özüňizi wepaly dogan-uýalardan çetde tutmaň (Sül. tym. 18:1). Ýehowa doga edip, Oňa duýgularyňyzy aýdyň (Zeb. 62:7, 8). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen maşgala agzaňyz bilen telefon ýa-da elektron poçtasy arkaly gepleşmek üçin bahana gözlemäň (1 Kor. 5:11). Ruhy işlere yhlasly ýapyşyň (1 Kor. 15:58). Ýokarda agzalan uýa şeýle gürrüň berýär: «Gyzym Ýehowanyň ýoluna dolanyp gelende, oňa kömek edip biler ýaly, men Ýehowa yhlasly gulluk edip, ruhy taýdan berk bolmalydygyma düşünýärdim».
20 Injilde söýginiň «her zada umyt baglaýandygy» barada aýdylýar (1 Kor. 13:4, 7). Gatnaşykdan kesilen adamyň hakykata dolanyp geljekdigine umyt etmek nädogry däl. Her ýyl şeýle adamlaryň ençemesi toba edip, Ýehowanyň guramasyna dolanýarlar. Ýehowa olary ýazgarman, gaýtam, höwes bilen bagyşlaýar (Zeb. 86:5).
PAÝHASLY KARARA GELIŇ
21, 22. Erkinligi ulanmaly bolanymyzda näme etmegi ýüregimize düwmeli?
21 Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy (Kanun taglymaty 30:19, 20-nji aýatlary okaň). Ýöne erkinlik adamy jogapkär edýär. Her bir mesihçi özüne şeýle sorag bermeli: «Men haýsy ýoldan ýörärin? Men iş, wezipä kowalaşmak, dynç almak, göwün açmak ýa-da dogan-garyndaşlarymdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilendigi sebäpli Ýehowadan daşlaşarynmy?
22 Ýehowanyň öz halkyna bolan söýgüsi hiç haçan sowamaz. Emma biz erbet ýoly saýlasak Ýehowadan daşlaşarys (Rim. 8:38, 39). Ýöne muňa ýol bermäň! Hiç bir zada Ýehowadan daşlaşdyrmaga ýol bermäň. Indiki makalada şeýle karara gelendigiňizi görkezýän dört zada serederis.
a Wezipä kowalaşmak barada «Ýaşlaryň sowallary» (II tom, rus.) atly kitabyň 38-nji babyna serediň.
b Maslahat üçin 2011-nji ýylyň noýabrynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 17—19-njy sahypalaryna serediň.