Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigi nämeden görünýär?
«Bütin bu zatlary göreňizde, Ynsan Oglunyň... gapynyň agzyndadygyny biliň». MAT. 24:33
1, 2. a) Biz näme üçin köplenç bir zady doly ýadymyza salyp bilmeýäris? b) Biz Hudaýyň Patyşalygy babatda nämä ynamly bolup bileris?
BELKI-DE, siz köplenç adamlaryň bir wakany gözi bilen görseler-de, ony jikme-jik ýadyna salyp bilmeýändiklerine üns berensiňiz. Şonuň ýaly-da, eger lukman kimdir biriniň keselini anyklap, soňra bejergi babatda görkezme berse, köplenç syrkaw adam onuň aýdan sözlerini doly ýadyna düşürip bilmeýär. Käte bolsa, adam gözüniň öňünde duran açary ýa-da äýnegi görmeýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, adam bir zat bilen başagaý bolanda, ol käbir zatlara üns bermeýär ýa-da ýatdan çykarýar. Görşümiz ýaly, ynsan beýnisi diňe bir zada doly üns berip bilýär.
2 Şu günler hem köp adamlar dünýäde bolup geçýän möhüm wakalara üns bermeýärler. Olar 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň özgerendigi bilen ylalaşsalar-da, bu wakalaryň näme üçin bolýandygyna düşünmeýärler. Biz Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, 1914-nji ýylda Isa tagta çykanda, gökde Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar bolandygyny bilýäris. Emma biz «Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» diýen sözleriň doly ýerine ýetmändigine düşünýäris (Mat. 6:10). Bu sözler Şeýtanyň zalym dünýäsi ýok edilende doly berjaý bolar. Şonda Hudaýyň islegi gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşar.
3. Biz Hudaýyň Sözünden nämeleri bildik?
3 Biz Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenip, soňky günler baradaky pygamberligiň şu wagt ýerine ýetýändigini görýäris. Ýehowanyň gullukçylary bu dünýäniň adamlaryndan, gör, nähili tapawutlanýarlar! Adamlar öz aladalary we islegleri bilen şeýle başagaý welin, olar Isanyň 1914-nji ýyldan bäri höküm sürýändigine hem-de tizden Hudaýyň hökümini amala aşyrjakdygyna üns bermeýärler. Biz özümize şeýle soragy bersek gowy bolardy: «Men dünýäniň soňunyň has golaýlandygyna we muny ýer ýüzündäki wakalaryň tassyklaýandygyna henizem ynanýarynmy?» Hatda siz ýaňy-ýakynda Ýehowanyň gullukçysy bolan bolsaňyz-da, ünsüňizi nämä gönükdirýärsiňiz? Ýehowanyň mesh eden Patyşasy tizden Hudaýyň islegini ýer ýüzünde amala aşyrar. Geliň, häzir muny tassyklaýan üç wajyp sebäbe seredeliň.
ATLYLARYŇ GELMEGI
4, 5. a) Isa 1914-nji ýyldan bäri näme edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Üç atlynyň gelmegi nämäni aňladýar we olar näme etdiler?
4 1914-nji ýylda Isa Mesih gökde Patyşa boldy. Mukaddes Ýazgylarda onuň «ak atyň üstünde oturandygy» we «oňa bir täç berlendigi» aýdylýar. Isa tagta çykyp, zalym dünýäni ýok etmäge girişdi (Ylham 6:1, 2-nji aýatlary okaň). Ylham kitabynyň 6-njy babyna görä, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlandan soň, dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Bütin dünýäde uruşlar, açlyk, gyrgynçylyk we başga-da heläkçilikler bolýar. Bu zatlar Isa Mesihiň yzyndan gelýän üç atlynyň peýda bolandygyny aýan edýär (Ylh. 6:3—8).
5 Köp halklaryň bile hyzmatdaşlyk etjekdigini we parahatlygy saklajakdygyny wada berendigine garamazdan, pygamberlikde aýdylyşy ýaly, «dünýäden parahatçylyk aýryldy». Birinji Jahan urşy dünýädäki elhenç uruşlaryň başlangyjy boldy. Ykdysadyýetiň we ylmyň ösendigine garamazdan, 1914-nji ýyldan bäri dünýäde açlyk höküm sürýär. Şeýle-de gyrgynçylyklaryň, tebigy betbagtçylyklaryň we başga-da «mergileriň» her ýyl millionlarça adamy heläk edýändigini kim inkär edip biler? Bu wakalaryň möçberi, ýygy-ýygylygy we gazaplylygy adamzat taryhynda görlüp eşidilen däldir. Siz bu wakalaryň nämäni aňladýandygyna düşünýärmisiňiz?
Dört atlynyň gelmegi bilen dünýäniň ýagdaýy erbetleşýär (4, 5-nji abzaslara serediň)
6. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige kimler üns berdiler we onuň ýerine ýetendigini görenlerinde näme etdiler?
6 Birinji Jahan urşy we Ispan dümewi köp adamlary howsala düşürdi. Emma mesh edilen mesihçiler 1914-nji ýylda «milletler möwritiniň dolmagyna», ýagny onuň tamamlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar (Luka 21:24). Olar köp zatlara doly düşünmeseler-de, 1914-nji ýylda Hudaýyň hökümdarlygy bilen bagly wajyp wakalaryň bolmalydygyny bilýärdiler. Olar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň berjaý bolandygyna göz ýetirenlerinde, Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilendigi hakda adamlara batyrgaý wagyz edip başladylar. Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýän mesihçileriň köpüsi ençeme ýurtlarda güýçli yzarlamalara sezewar boldular. Bu ýagdaý hem Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetýändigini görkezýärdi. Şondan soň Patyşalygyň duşmanlary «kanunyň adyndan ýamanlyk edip», doganlarymyza zalymlyk bilen daraşdylar, olary türmä basdylar, jezalandyrdylar, käbirini atdylar we başyny kesdiler (Zeb. 94:20; Ylh. 12:15).
7. Näme üçin köp adamlar dünýädäki wakalaryň asyl manysyna düşünmeýärler?
7 Eger gökde Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilendigi babatda ençeme subutnamalar bar bolsa, onda näme üçin köp adamlar muny görmeýärler? Dünýädäki wakalar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetýändigini görkezýär. Hudaýyň halky bu hakda ençeme ýyldan bäri wagyz etse-de, adamlar näme üçin muňa düşünmeýärler? Belki-de, olar görmek isleýän zatlaryna üns berýändir? (2 Kor. 5:7). Ýa-da olar öz aladalary we islegleri bilen başagaý bolup, Hudaýyň edýän işlerini görýän däldirler? (Mat. 24:37—39). Mümkin, olar Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerine aldanýandyrlar? (2 Kor. 4:4). Hudaýyň Patyşalygynyň edýän işlerini görmek üçin imanyňy we ruhy düşünjäňi ösdürmeli. Biz bolýan wakalaryň asyl manysyna düşünýändigimize diýseň begenýäris!
ERBETLIK GITDIGIÇE KÖPELÝÄR
8—10. a) 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär? b) Näme üçin erbetlik ilerleýär diýse bolar?
8 Hudaýyň Patyşalygynyň gökde höküm sürýändigini ýene-de bir zat subut edýär: zalym adamlar erbetlikde ilerleýärler. 2 Timoteos 3:1— 5-nji aýatlardaky pygamberligiň ýerine ýetýändigine ýüz ýyl bolup gelýär. Bu aýatlarda agzalýan erbet häsiýetler gitdigiçe lowlap möwç urýar. Siz pygamberligiň ýerine ýetýändigini duýýarmysyňyz? Geliň, häzir muny tassyklaýan käbir mysallara seredeliň (2 Timoteos 3:1, 13-nji aýatlary okaň).
9 1940-njy we 1950-nji ýyllarda adamlaryň erbet hasaplaýan zatlaryny şu günler işde, göwün açmak üçin ýygnanyşýan ýerlerde, sport we moda dünýäsinde bolýan zatlar bilen deňeşdirip görüň. Zorluk we ahlaksyzlyk hemme ýere ýaýrady. Adamlar zalymlykda, ahlaksyzlykda we rehimsizlikde biri-birinden galmajak bolýarlar. 1950-nji ýyllarda telegepleşiklerde we filmlerde ýaramaz hasaplanan zatlara şu günler adaty zat hökmünde garaýarlar. Köp adamlar gomoseksuallaryň ýaşaýşynyň göwnaçmalara, adamlaryň geýnişine we özüni alyp barşyna güýçli täsir edýändigine üns berýärler. Bu babatda Hudaýyň garaýşyny bilmek nähili gowy! (Ýahuda 14, 15-nji aýatlary okaň).
10 Şeýle-de şu günki ýaşlaryň 1950-nji ýyllardaky özdiýenli we pitneçi ýaşlardan örän tapawutlanýandygy barada oýlanyp görüň. Şol döwürde ata-eneler çagalarynyň çilim çekýändiklerine, spirtli içgileri içýändiklerine we gelşiksiz tans edýändiklerine biynjalyk bolýardylar. Emma bu zatlar häzir geň galdyrmaýar. Biz köplenç täzeliklerde şuňa meňzeş wakalary eşidýäris: 15 ýaşly okuwçy synpdaşlaryny atypdyr, olaryň 2-si ölýär, 13-si ýaralanýar. Içgili ýetginjekler 9 ýaşly gyzjagazy rehimsiz öldüripdirler, onuň kakasyny we doganyny bolsa, wagşylyk bilen ýenjipdirler. Aziýa ýurtlarynyň birinde soňky on ýylyň içinde edilen jenaýat işleriniň ýarysyny ýetginjekler edipdir. Eýsem, erbetlikleriň gitdigiçe ilerleýändigini kim inkär edip biler?
11. Näme üçin köp adamlar erbetligiň köpelýändigine üns bermeýärler?
11 Petrus resul şeýle diýdi: «Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip: „Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur“ diýer» (2 Pet. 3:3, 4). Adamlaryň şeýle garaýşyny nädip düşündirse bolar? Adatça, adam gözüniň öwrenişen zadyna köp üns bermeýär. Eger ýakyn dostuňyň özüni alyp barşy birden özgerse, munuň bize erbet täsir etmegi mümkin. Ýöne adamzat jemgyýetiniň ahlak kadalary kem-kemden pese düşse, biz muňa onçakly üns bermeýäris. Emma şeýle zatlara kembaha garamaly däl, çünki bu örän howply bolup biler.
12, 13. a) Biz näme üçin erbetligiň köpelýändigine ruhdan düşmeli däl? b) Bize «kyn pursatlaryň» hötdesinden gelmäge näme kömek eder?
12 Pawlus resul: «Şuny bil, soňky günlerde kyn pursatlar bolar» diýdi (2 Tim. 3:1). Ýöne ruhdan düşmäň, çünki kynçylyklaryň hötdesinden gelse bolýar. Bize Ýehowanyň mukaddes ruhy we ýygnak duşuşyklary lapykeçligi hem-de gorkyny ýeňmäge kömek eder. Hawa, biz özümiziň däl-de, Hudaýa degişli «iň üstün gudratyň» kömegi bilen wepaly galyp bileris (2 Kor. 4:7—10).
13 Üns beren bolsaňyz, Pawlus soňky günler baradaky pygamberligi «şuny bil» diýen sözler bilen başlady. Bu jümle pygamberligiň hökman ýerine ýetjekdigini tassyklaýar. Dogrudan-da, Ýehowa bu dünýäni ýok edýänçä, hudaýsyz adamlar erbetlikde ilerlärler. Taryhdan görnüşi ýaly, ahlak kadalary pese düşüp başlanda, ynsan jemgyýeti azýar we soňra dargaýar. Şu günler ahlak kadalarynyň şeýle pes derejä düşendigini biz hiç haçan gören däldiris. Adamlaryň köpüsi muny inkär etseler-de, 1914-nji ýyldan bäri bolýan wakalar Hudaýyň Patyşalygynyň tizden erbetligiň soňuna çykjakdygyny aýdyň görkezýär.
BU NESIL DÜNÝÄDEN ÖTMEZ
14—16. Hudaýyň Patyşalygynyň «gelmegine» az wagtyň galandygyny ýene näme görkezýär?
14 Dünýäniň soňunyň golaýlaýandygyny görkezýän üçünji sebäbi: Hudaýyň halkynyň taryhy. Meselem, Hudaýyň Patyşalygy heniz gökde berkarar bolmanka, mesh edilen mesihçiler Hudaýa yhlasly gulluk edýärdiler. 1914-nji ýylda olaryň umyt edýän käbir zatlary amala aşmady. Şonda olar näme etdiler? Olaryň köpüsi synaglarda we yzarlamalarda aýypsyz galyp, Ýehowa gullugyny dowam etdiler. Birnäçe ýyldan soň, mesh edilen mesihçileriň köpüsi ölüminiň ahyryna çenli wepaly galyp, gökdäki sylagyny aldylar.
15 Isa dünýäniň ahyry baradaky pygamberlikde şeýle diýdi: «Bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez» (Matta 24:33—35-nji aýatlary okaň). Isa «bu nesil» diýende, mesh edilen mesihçileriň iki toparyny göz öňüne tutdy. Birinji topar 1914-nji ýylda Mesihiň gökde Patyşa bolandygyna düşündiler. Olar 1914-nji ýylda soňky günleriň başlandygynyň şaýady boldular we şol ýyly ýa-da ondan öň mukaddes ruh bilen mesh edildiler (Rim. 8:14—17).
16 «Bu nesle» degişli ikinji topar birinji toparyň döwürdeşleridir. Olar diňe bir birinji toparyň döwründe ýaşaman, eýsem, şol döwürde mukaddes ruh bilen mesh edildiler. Diýmek, şu günler mesh edilen mesihçileriň ählisi Isanyň aýdan «bu nesline» degişli däldir. Ikinji topara degişli mesihçileriň ýaşy bir çene ýetdi. Emma biz «bu nesle» degişli mesihçileriň käbiriniň uly muşakgat başlamanka «dünýäden ötmejekdigine» ynamly bolup bileris. Bu bizi Hudaýyň bellän Patyşasynyň tizden zalym dünýäni ýok edip, dogrulyk höküm sürýän täze dünýäni berjekdigine ynandyrýar (2 Pet. 3:13).
MESIH TIZDEN ÝEŇIŞ GAZANAR
17. Şu makalada seredilen zatlar nähili netijä gelmäge kömek edýär?
17 Şu makalada seredilen Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň biziň günlerimizde ýerine ýetýändigini duýýarysmy? Isa: «Ol güni we ol sagady... hiç kim bilýän däldir» diýdi (Mat. 24:36; 25:13). Emma biz Pawlusyň agzap geçen «häzirki zamanyň», ýagny soňky günleriň haçan başlandygyny bilýäris (Rimliler 13:11-i okaň). Häzir biz şol «zamanda» ýaşaýarys. Eger biz Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige we Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesihiň nämeleri edýändigine doly üns bersek, bu zalym dünýäniň soňunyň golaýlandygyny inkär edip bilmeris.
18. Hudaýyň Patyşalygyny inkär edýän adamlara näme bolar?
18 Ak ata çykan Ýeňiji Isa Mesihe uly ygtyýar berlendigini inkär edýän adamlar tizden ýalňyşandygyna göz ýetirerler. Emma olara çykalga bolmaz. Şonda köp adamlar gorkudan ýaňa: «Onuň öňünde kim durup biler?» diýip aglaşarlar (Ylh. 6:15—17). Ylham kitabynyň ýedinji babyna görä, şol güni mesh edilen mesihçileriň galyndysy we ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar Hudaýyň razylygyny gazanyp, Onuň öňünde «durup bilerler». Uly muşakgatda başga goýunlaryň «uly märekesi» diri galar (Ylh. 7:9, 13—15).
19. Siz nämä umyt edýärsiňiz?
19 Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetýändigine üns bermek örän wajyp. Bu Şeýtanyň dünýäsinde bolýan zatlaryň asyl manysyna düşünmäge we biynjalyk bolmazlyga kömek edýär. Tizden Mesih adalatly Armageddon urşunda hudaýsyz adamlary ýok edip, ýeňiş gazanar (Ylh. 19:11, 19—21). Şonda biziň begenjimiziň çägi bolmaz! (Ylh. 20:1—3, 6; 21:3, 4).