«Mön adam her söze ynanýandyr»
«Gazet okamaýan adam akmakdyr, ýöne gazetde ýazylan her bir söze ynanýan adam baryp ýatan akmakdyr» Nemes taryhçysy we žurnalisti Awgust Lýudwig Şlýoser (1735—1809).
IKI ÝÜZ ýyl mundan ozal gazetde ýazylan her bir zada ynanylmadyk bolsa, onda XXI asyryň Internet sahypasynda berilýän maglumatdan has-da seresap bolmaly. Şu günler täze tehnologiýa bize dogry ýa-da nädogry, peýdaly ýa-da peýdasyz, howply ýa-da howpsuz maglumatlary bolluk bilen hödürleýär. Biz özümizi gyzyklandyrýan zatlary örän seresaplyk bilen saýlamaly. Esasan-da, Interneti ýaňy ulanyp başlanlar nätanyş we geň maglumata ýa-da täzelige ynanýarlar. Sebäbi olar Internetdäki we dostundan gelen hatlara hakykatdyr öýdýärler. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň: «Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir» diýen maslahatyna gulak asmaly (Sül. tym. 14:15).
Biz Internetdäki aldawçylygy, toslamalary, kezzaplygy we ýalan maglumatlary saýgarmak üçin nädip paýhasly bolup bileris? Ilki bilen, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu maglumat resmi we ynama mynasyp web-saýtdan, blokdan geldimi ýa-da nätanyş saýtdan ugradyldy? Belki-de, bu maglumat aldawa garşy göreşýän web-saýtlarda çykandyr?»a. Soňra «düşgürlik» bilen oýlanyň (Sül. tym. 7:7). Megerem, maglumatlar toslama ýaly bolup görünýändir, aslynda ol toslama. Eger bir adam barada ýaramaz zatlary okasaňyz, bu kime peýda getirerkä ýa-da ony näme niýet bilen ýaýradýarka diýip oýlanyň.
SIZ HATY OÝLANMAN UGRADÝARSYŇYZMY?
Käbir adamlar hemişe özüne üns berilmegini isläp, täzelikleri birinji ýaýratmagyň küýüne düşýärler. Olar maglumatyň dogrudygy we onuň netijesi barada oýlanman tanyşlaryna ýollaýarlar (2 Şam. 13:28—33). Eger biz «paýhasly» bolsak, şübheli maglumatlaryň zyýan ýetirýändigine düşüneris. Sebäbi ol bir adamyň ýa-da guramanyň at-abraýyny gaçyryp biler.
Käbir adamlar maglumatyň dogrudygyny anyklamak üçin wagt we güýç sarp etmek islemeýärler. Olar ony alan adamyň özi barlar diýip pikir edýärler. Emma olaryň hem wagty gymmatly ahyryn! (Efes. 5:15, 16). Diýmek, biz maglumatyň dogrudygyny anyklaman ugratmagyň deregine, «Men muňa şübhelenýän bolsam, onda ony ýaýratman, düýbünden ýok edeýin» diýip pikir etsek, gowy bolardy.
Şeýle-de özüňize: «Menem oýlanman hat ugradýarynmy? Men tanyşlaryma nädogry ýa-da göz-görtele ýalan maglumaty iberenim üçin ötünç sorapmydym? Gaýdyp maňa şeýle hatlary ugratma diýen boldumy?» ýaly soraglary bermeli. Siz hat alyşýan adamlaryňyzyň hem Internet arkaly özlerini gyzyklandyrýan maglumaty tapyp bilýändigini unutmaň. Şonuň üçin degişmeleri, wideolary we suratlary olara ugradyp durmak hökman däl. Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklaryň nusgasyny we olaryň ýazgysyny ýaýratmak paýhassyzlyk bolardyb. Eger biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin makalalary, soraglaryň jogabyny ýa-da aýatlary dogan-uýalara ugratmasak, olar özbaşdak gözleg geçirip, hasda köp zatlary öwrenerler.
Men şu geň maglumaty ýaýratmalymy?
Siz Ýehowanyň guramasyna atylan töhmeti Internetde göreniňizde näme edersiňiz? Şeýle maglumatlary asla okamaly däl. Emma käbir adamlar töhmet babatda başgalaryň pikirini bilmek isleýärler. Şeýle etmek bilen olar muny has-da köp adamlara ýaýradýarlar. Eger Internetde gören zatlarymyz bizi biynjalyk edýän bolsa, onda Ýehowadan akyldarlyk diläň we ruhy taýdan ösen doganlar bilen gürrüňdeş boluň (Ýakup 1:5, 6; Ýahuda 22, 23). Isa şägirtleriniň yzarlanjakdygyny we olar hakda «nähak ýere her hili gybatlarynyň ediljekdigini» öňünden duýdurypdy. Sebäbi Isanyň özüne-de töhmet atyldy (Mat. 5:11; 11:19; Ýahýa 10:19—21). Eger biz «paýhasly» hem «düşünjeli» bolsak, «gönülik ýodalaryny taşlan» we «ýollary egri» adamlary saýgaryp bileris (Sül. tym. 2:10—16).
ADAMLARA HORMAT GOÝUŇ
Biz bir wakany ýa-da dogan-uýalar bilen bolan zatlary eşidenimizde, olary ýaýratmakdan seresap bolmaly. Hatda maglumat dogry bolaýanda-da, olary ýaýratmak nädogry we sylaşyksyz bolardy (Mat. 7:12). Meselem, biz biri hakyndaky çyn maglumaty gybat hökmünde ýaýratsak, ol ne ruhlandyryjy, ne-de ýakymly bolar (2 Sel. 3:11; 1 Tim. 5:13). Käbir adamlaryň gizlin maglumaty gerekli wagty we belli bir adam arkaly ýaýratmaga hukugynyň bardygyny bilýäris. Emma biz ony wagtyndan öň ýaýratsak, olara hormat goýmaýandygymyzy görkezeris we kimdir birine zyýan ýetirip bileris.
Şu günler dogry ýa-da nädogry, peýdaly ýa-da zyýanly, howply ýa-da howpsuz täzelikler örän çalt ýaýraýar. Megerem, siziň hatyňyzy alan adam göz açyp-ýumasy salymda ony bütin dünýä ýaýradap biler. Şol sebäpli tanyş-bilişleriňize oýlanman hat ugratmakdan seresap boluň. Söýgi ynamsyzlyk edýän däldir, «her zada ynanýandyr», ýöne biz «mön» bolup, her bir aýdylýan täzelige we geň galdyryjy gürrüňlere ynanmaly däl (1 Kor. 13:7). Biz Ýehowanyň guramasyny, dogan-uýalary garalaýan erbet we ýaýradylýan ýalan zatlara hiç haçan ynanmarys. Şeýle gürrüňleri «ýalanyň atasy» bolan Şeýtan Iblisiň ýaýradyp başlandygyny unutmalyň (Ýahýa 8:44). Şol sebäpli bize paýhaslylyk we düşgürlilik her gün köpelýän maglumatlary seresaply ulanmaga kömek eder. Mukaddes Ýazgylarda: «Mön adamlar akylsyzlygy miras alar; paýhaslylar bolsa bilim täjini geýer» diýilýär (Sül. tym. 14:18).
a Öňki ýaýradylan aldawçylyklaryň we toslamalaryň hakykat ýaly görünmegi üçin, olaryň häli-şindi çalaja üýtgedilip ýaýradylýandygyny unutmaň.
b «Hudaýa gullugymyzdaky» «Sowally bukja» serediň (km 04/10).