Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w16 Oktýabr sah. 31—sah. 32 abz. 3
  • Siz şuny bilýärdiňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz şuny bilýärdiňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Meňzeş maglumat
  • Bugdaý we haşal ot baradaky mysal
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • «Dogry adamlar... gün kimin parlar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • «Gulak asyň! Men size bolan zatlary düşündireýin»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Döwlet işgärleriniň öňünde hoş habary goraýarys
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
w16 Oktýabr sah. 31—sah. 32 abz. 3
Bir adam başga biriniň ekin meýdanyna haşal ot ekýär

Şuny bilýärdiňizmi?

Gadymy döwürde başga biriniň ekin meýdanyna haşal ot ekilýärdimi?

Hökümdar Ýustiniýanyň 1468⁠-⁠nji ýylda çykaran ýygyndysy

Hökümdar Ýustiniýanyň b. e. 1468-nji ýylynda çykaran ýygyndysy. Onda gadymy döwürde bolan dawalar beýan edilýär

MATTA 13:24—26-njy aýatlarda Isa pygamber şeýle diýýär: «Gökdäki Patyşalygy ekin meýdanynda gowy tohum eken adama meňzetse bolar. Adamlar ýatyrka, duşman gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal otlary ekip gidýär. Bugdaý ösüp baş çykaranda, haşal otlar hem ösüp başlady». Käbir ýazyjylar bu wakanyň, hakykatdanam, şeýle bolandygyna şübhelenýärler. Emma Rimiň gadymdan galan resminamalary munuň dogrudygyny tassyklaýar.

Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde şeýle bellenilip geçilýär: «Ar almak üçin başga biriniň ekin meýdanyna haşal ot eken adam... Rim kanunyna görä jenaýat jogapkärçiligine çekilýärdi. Aslyýetinde, bu kanunyň bolmagy şeýle ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan bolandygyny görkezýär». Kanuny öwrenýän alym Alaster Kerr b. e. 533-nji ýylynda Rim hökümdary Ýustiniýanyň Rim kanunlarynyň ýygyndysyny we tanymal ýuristleriň ýazan ýazgylarynyň käbir böleklerini çap edendigini aýdýar (takmynan b. e. 100—250-nji ýyllary). Şol ýazgylara laýyklykda, Ulpian atly ýurist II asyrda Rim hökümetiniň işgäri Çelsiň sereden işi barada aýdýar. Ulpianyň aýtmagyna görä, bir adamyň ekin meýdanyna ekilen haşal ot hasyla zyýan ýetiripdir. Şol ýygyndyda aýdylyşy ýaly, ýer eýesi ýa-da ýeri kireýine alan daýhan bilgeşleýin ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy kanun boýunça talap edip bilýärdi.

Rim imperiýasynda bolup geçen şeýle jenaýat işleri Isanyň aýdan mysalynyň dogrudygyny subut edýär.

I asyrda Rim imperiýasy ýehudy ýolbaşçylaryna nähili ygtyýar berýärdi?

I ASYRDA Ýahuda Rimiň gol astyndady. Rimliler Ýahudany dolandyrmak üçin bir häkim belläp, oňa goşun hem beripdirler. Ol, esasan, Rimiň gaznasy üçin salgyt ýygnap, ýurtda parahatlygy saklamalydy we tertip-düzgüni ýola goýmalydy. Rimliler kanuna garşy edilýän işleriň üstüni açyp, tertip-düzgüni bozan adamy jogapkärçilige çekýärdiler. Emma olar gündelik durmuşda ýüze çykýan meseleleri Ýahudanyň ýerli häkimiýetlerine çözmäge rugsat berýärdi.

Ýehudylaryň mejlisi

Ýehudylaryň mejlisi

Ýehudylaryň mejlisi Ýokary kazyýet hökmünde hyzmat edipdir we ýehudylaryň kanuny bilen bagly meseleleri çözüpdir. Ýurduň içinde başga-da kazyýetler bardy. Belki, bu kazyýetler adamlaryň arasyndaky dawa-jenjellere we jenaýatçylyk işlerine seredendir. Şeýle meselelere Rim häkimiýeti goşulmandyr. Emma Ýehudylaryň kazyýeti ölüm jezasyny berip bilmeýärdi. Muňa diňe Rim häkimiýetiniň ygtyýary bolsa-da, Mejlisiň agzalary Stefanusy daşlap öldürmek barada karar çykardylar (Res. iş. 6:8—15; 7:54—60).

Umuman, Mejlisiň köp zatda ygtyýary bardy. Taryhçy Emil Şürer şeýle belleýär: «Rim häkimiýeti syýasata garşy hereket edilendir öýtse, islendik wagty meseläni çözmäge gönüden-göni goşulýardy. Bu bolsa käte uly kynçylyk döredýärdi». Meselem, munuň şeýledigi goşun serkerdesi Klawdiý Lisiý Rimiň raýaty bolan Pawlus resuly tussag edende, has-da aýdyň boldy (Res. iş. 23:26—30).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş