Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp20 No. 2 sah. 4—5
  • Hudaýyň Patyşalygy bize nädip kömek eder?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Patyşalygy bize nädip kömek eder?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • YNSAN HÖKÜMDARLYGY
  • AÝGYTLY ÄDIM ÄTMEGIŇ WAGTY GELDI!
  • Ýehowa iň gowy Hökümdar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaý erbetlige we horluklara näme üçin ýol berýär?
    Hudaýyň hoş habary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
wp20 No. 2 sah. 4—5
Adam ata bilen How ene Jennet bagynda şaglawuga seredip durlar.

Hudaýyň hökümdarlygynda adamlar agzybir we parahat ýaşaýardylar

Hudaýyň Patyşalygy bize nädip kömek eder?

Adamzat taryhynyň başynda ýeke-täk hökümdar bardy. Ol älem-jahany ýaradan ýeke-täk hak Hudaý. Onuň ady Ýehowa. Ol mähir we söýgi bilen hökümdarlyk edýärdi. Ýehowa Hudaý adamlaryň ýer ýüzünde ýaşamaklary üçin Jennet bagyny ýaratdy. Allatagala olara her dürli ir-iýmişleri berdi. Olara gyzykly iş tabşyrdy (1 Musa 1:28, 29; 2:8, 15). Eger adamlar Hökümdar Hudaýa gulak asan bolsadylar, onda biz hem parahat durmuşda ýaşardyk.

How ene Adam ata gadagan edilen miwäni berýär.

Adam ata bilen How ene Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykdylar

Mukaddes Kitapda bir gozgalaňçy perişde hakda aýdylýar. Soňra oňa Şeýtan Iblis diýildi. Ol: «Hudaýyň adamlaryň üstünden höküm sürmäge haky ýok» diýýär. Şeýtan adamlara Hudaýa gulak asmasaňyz, bagtly bolarsyňyz diýýär. Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Şeýtana gulak asyp, Hudaýa garşy çykdylar (1 Musa 3:1—6; Ylham 12:9).

Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asan bolsadylar, hiç haçan kesellemän, Jennet bagynda ebedi ýaşardylar. Ýöne olar Jennetden kowuldylar (1 Musa 3:17—19). Olaryň goýberen ýalňyşlygy çagalaryna, ähli adamzada zyýan ýetirdi. Mukaddes Kitapda: «Adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy» diýilýär (Rimliler 5:12). Adam atanyň eden günäsi şeýle ajy hakykaty mälim etdi: «Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanlydyr» (Nesihat 8:9). Başgaça aýdanyňda, adam hökümdarlyk etse, kynçylykdan gözüň açylmaz.

YNSAN HÖKÜMDARLYGY

Nemrut gomparyp dur. Adamlar bolsa, diň gurýarlar.

Nemrut Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolmady

Mukaddes Kitapda Nemrudyň ilkinji hökümdar bolandygy aýdylýar. Ol Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolmaýar. «Gün — güýçliniňki, gowurga — dişliniňki» diýişleri ýaly, Nemrudyň günlerinden bäri hökümdarlyk edýänler halky ezýärler. Takmynan 3 000 ýyl mundan öň ýaşap geçen Süleýman pygamber: «Ezilýänleriň gözýaşyny gördüm, olara hiç kim göwünlik bermeýärdi. Ezýänleriň elinde erk-ygtyýar bardy» diýýär (Nesihat 4:1).

Häzir hem ýagdaý öwerlikli däl. Birleşen Milletler Guramasynyň 2009-njy ýylda çap eden edebiýatynda şeýle diýilýär: «Döwletiň erbet dolandyrylýandygy üçin kynçylyklar gitdigiçe köpelýär».

AÝGYTLY ÄDIM ÄTMEGIŇ WAGTY GELDI!

Adamlara gowy hökümdar we hökümet gerek. Älem-jahany ýaradan Allatagala gowy hökümdary we hökümeti wada berýär.

Suratlar: ynsan hökümetleriniň adamlara ýetiren zyýany. 1. Aziýaly aýal aglaýan çagasyny göterip, hapa köçede otyr. 2. Agyr keselli garry adam keselhanada ýatyr. 3. Esgerler duşmanlaryny atýarlar. 4. Gahar-gazaply gozgalaňçylar eli plakatly gygyryşýarlar. 5. Ejeli gyz döwlen gapysyna seredip dur. 6. Şäherdäki zawod-fabriklerden ýaňa howa hapalandy.

Paýhasly hökümdar hem adamzat kynçylyklaryny çözüp bilmeýär

Hudaý gökde bir Patyşalygy, ýagny hökümdarlygy döretdi. Şol Patyşalyk ýerdäki ähli hökümetleri ýok eder, «özi bolsa ebedi durar» (Danyýar 2:44). Millionlarça adamlar Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi hakda dileg edýärler (Matta 6:9, 10). Ýöne şol Patyşalygyň Patyşasy Hudaý däl. Hudaý ýer ýüzünde ýaşan bir adamy Patyşa edip belledi. Ol kimkä?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş