Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2011-nji ýylyň 27-nji iýulyndan başlanýan hepdede Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2011-nji ýylyň 2-nji maýdan 27-nji iýul aralygynda geçilen maglumat boýunça 20 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalamaly.
1. Nädip «Gögerçiniň ganatlary kümşe, onuň ýelekleri sap altyna gaplanýar»? (Zeb. 68:13) (w06 1.06. sah. 2).
2. «Gamyşlykdaky wagşy haýwana... käýe» diýmek nämäni aňladýar? (Zeb. 68:30) (w06 1.06. sah. 2).
3. «Olaryň billerini üznüksiz bük» diýmek näme? (Zeb. 69:23) (w06 1.06. sah. 2).
4. Erbet adamlar nädip «agyzlaryny göge dikýärler, dilleri bolsa ýerde gezýär»? (Zeb. 73:9) (w06 15.07. sah. 1).
5. Ýehowa haçan «deňzi güýji bilen böldi, läheňleriň başlaryny suwda döwdi. Aždarhanyň başlaryny owratdy»? (Zeb. 74:13, 14) (w06 15.07. sah. 1).
6. «Şah» diýen söz nämäni aňladýar? (Zeb. 75:4, 5, 10) (w06 15.07. sah. 1).
7. «Ynsan gazaby» nädip Ýehowa sena getirip biler? (Zeb. 76:10) (w06 15.07. sah. 1).
8. Näme üçin manna «gökleriň gallasy» we «perişdeleriň çöregi» diýilýär? (Zeb. 78:24, 25) (w06 15.07. sah. 1).
9. «Beýigiň gizlin ýeri» nämäni aňladýar we biz ol ýerde nädip «mesgen tutup» bileris? (Zeb. 91:1, 2) (w06 15.07. sah. 2).
10. Näme üçin dogry adam «hurma agajy kimin gögerýär»? (Zeb. 92:12) (w06 15.07. sah. 2).