Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2011-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan başlanýan hepdede, Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler.
1. Iýerusalim haýsy manyda «ýygjam şäher»? (Zeb. 122:3) (w06 1.09. sah. 2).
2. Näme üçin bu ýerde hyzmatkärleriň gözleri barada aýdylýar? (Zeb. 123:2) (w06 1.09. sah. 2).
3. Dawut haýsy manyda «janyny ejesiniň gujagynda süýtden kesilen çaga kimin köşeşdirýärdi»? (Zeb. 131:1) (w06 1.09. sah. 2).
4. Ýehowa nädip sözüni «her zatdan belent» eder? (Zeb. 138:2) (w06 1.09. sah. 2).
5. Ýehowa bizi näderejede tanaýar we bu bize nähili täsir edýär? (Zeb. 139:1—6, 15, 16) (w06 1.09. sah. 2).
6. Haýsy manyda Ýehowadan gorkmaklyk «bilimiň başlangyjydyr»? (Sül. tym. 1:7) (w06-U 15.09. sah. 17).
7. Kemçin aýala näme üçin «keseki aýal» diýilýär? (Sül. tym. 5:3) (w06-U 15.09. sah. 17).
8. «Meniň sözlerim» we «meniň tabşyryklarym» diýen jümleler nämäni aňladýar? (Sül. tym. 7:1, 2) (w06-U 15.09. sah. 17).
9. «Ökde ussa» (TD) kim? (Sül. tym. 8:30) (w06-U 15.09. sah. 17).
10. «Ogurlanan suw» näme we ol näme üçin «süýji»? (Sül. tym. 9:17) (w06-U 15.09. sah. 17).