Nähili ýagdaýda bolmaly?
Biz şeýle soragy wagyzda ulanýan edebiýatlarymyz babatda bersek gowy bolar. Eger olaryň sahypalary eplenen, reňki solan, hapa ýa-da ýyrtylan bolsa, bu biziň guramamyza ysnat getirip, adamlaryň ünsüni halas ediji hoş habardan sowup biler.
Biz edebiýatlarymyzy arassa we aýawly saklamak üçin näme edip bileris? Köp wagyzçylar wagza taýýarlyk görenlerinde, edebiýatlary torbasyna tertipleşdirip salýarlar. Meselem, kitaplary, žurnallary, broşýuralary hem-de kitapçalary aýry-aýry ýerleşdirýärler. Şeýle-de olar her adama wagyz edensoň, Mukaddes Ýazgylary we başga edebiýatlary torbasyna salanda, olaryň eplenip ýyrtylmazlygynyň aladasyny edýärler. Käbir wagyzçylar edebiýatlary ýörite papka ýa-da torba salýarlar. Biz bu maslahatlaryň haýsysyny ulansak-da, gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, edebiýatlarymyzy arassa we aýawly saklamak isleýäris (2 Kor. 6:3).