Hödürleriň nusgasy
Maý aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
«Siziň pikiriňizçe, din söýmegi we parahatlygy öwredýärmi ýa-da ýigrenmegi hem-de zorlugy? (Jogap bersin). Bu babatda men siziň bilen pikir alyşjakdym». «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji maýda çykan sanynyň 16-njy sahypasyny açyp, birinji sözbaşydaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyň we hiç bolmanda bir aýady okaň. Žurnaly hödürläp, indiki soragy ara alyp maslahatlaşmak üçin ikilenç idege belleşiň.
«Garawul diňi», 1-nji maý
«Adamlaryň köpüsi din syýasata goşulsa gowy bolar öýdýärler, käbir adamlar bolsa, din syýasata goşulmaly däl diýýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Adamlar Isa pygamberi patyşa etjek bolanlarynda, onuň näme edendigine serediň (Ýahýa 6:15-i oka). Bu žurnalda Isanyň näme üçin şeýle edendigi we mesihçileriň jemgyýete nädip has gowy kömek edip biljekdigi seredilýär.
«Oýanyň!», maý
«Biz her bir adam bilen wagtal-wagtal adalatsyzlyga duşýandygymyz barada gürrüň edýäris. Siziň pikiriňizçe, adalatlyk bolarmyka? (Jogap bersin). Kimiň hökümdarlygynda adalatlygyň boljakdygy baradaky pygamberlige üns beriň (Zebur 72:11—14-nji aýatlary oka). Bu žurnalda ýakyn gelejekde Hudaýyň adalatlygy dikeltjekdigini wada berýändigi aýdylýar.