Hödürleriň nusgasy
Dekabr aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Ýylyň şu wagtlary adamlaryň köpüsi Isa pygamber barada pikir edýärler. Siziň pikiriňizçe, Isa pygamber nähili iň uly iş etdikä?» (Jogap bersin). «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji dekabr aýynda çykan sanynyň 16-njy sahypasyndaky birinji sözbaşa esaslanan maglumata seredip, azyndan bir aýady okaň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
«Garawul diňi», 1-nji dekabr
«Şu günler Isa pygambere hormat goýýan adamlaryň köpüsi mähirli we şadyýan. Siziň pikiriňizçe, olar esasanam näme üçin begenýärkä? (Jogap berer ýaly, 3-nji sahypadaky sebäpleri görkez. Soňra şoňa degişli makalany tapyp, bir aýady oka). Bu žurnalda Isa pygamberi diňe bir Roždestwo günleri däl-de, ýylyň dowamynda ýatlamagyň peýdalygydygy aýdylýar».
«Oýanyň!», dekabr
«Biz köp adamlar göwnüçökgün bolany üçin, olar bilen gürrüňdeş bolýarys. Şu günler adamlar çalt gaharlanýar gerek? (Jogap bersin). Käbir adamlar kyn döwürde ýaşaýandygyna ynanýarlar. Bu barada 2 Timoteos 3:1-de aýdylýar (oka). Bu žurnalda näme üçin gaharlanmagyň zyýanlydygy düşündirilýär we köp sabyrly bolmak barada maslahat berilýär».