Wagyz üçin teklip
◼ «Biz adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edýäris. Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylar ylmy taýdan dogry gelmeýär diýýär. Siz Hudaýyň Sözüne ynanýarsyňyzmy? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda bu barada şeýle diýilýär (2 Petrus 1:20, 21-nji aýatlary oka). Bu kitapda Mukaddes Ýazgylaryň ylmy taýdan dogry gelýändigi düşündirilýär». Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 2-nji babynyň 6—9-njy abzaslaryna esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam et.
◼ «Köp adamlaryň keselleýändigi üçin biz Mukaddes Ýazgylardan ruhlandyryjy aýatlary okap berýäris. (Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka). Adamlar kesellemese ýaşaýyş gowulaşarmyka? (Jogap bersin). Bu pygamberlik berjaý bolýança, şu kitapda käbir zatlaryň häzirden durmuşymyzy gowulandyryp biljekdigi düşündirilýär». Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 13-nji babynyň 3—9-njy abzaslaryna esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam et.