Hödürleriň nusgasy
Oktýabr aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
◼ «Salam. Biz şu günler adamlar bilen gysgaça gürrüň edýäris. Adamlaryň köpüsi: «Dogan-garyndaşlarymyzyň ölüminden başga hasratly zat ýokdur» diýýärler. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?» (Jogap bersin). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 7-nji babyndaky 4—9-njy abzaslaryna we getirilen aýatlaryň azyndan birine serediň. 7-nji babyň indiki sözbaşyna seretmek üçin, ikilenç idege gürleşiň.
◼ «Salam. Men bir sorag barada siziň pikiriňizi bilesim gelýär. Biziň köp zadymyz bolmasa-da, bagtly bolup bilerismi?» (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme diýilýändigine serediň (1 Timoteos 6:8-i oka). Mukaddes Ýazgylarda maşgalany nädip bagtly etmelidigi aýdylýar. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 14-nji babynyň 1—4-nji abzaslaryna we getirilen aýatlaryň azyndan birine serediň.