Hödürleriň nusgasy
Oktýabr aýynda çykan žurnallaryň esasynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
«Biziň ömrümiz örän gysga. Siz munuň bilen ylalaşsaňyz gerek. Siziň pikiriňizçe, haçan-da bolsa bir güni keselçiligiň soňuna çykyp, uzak ýaşap bilerismi? (Jogap bersin). Şu žurnalda näme diýilýändigine üns beriň». Söhbetdeşiňiz bilen «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji oktýabrynda çykan sanynyň 16-njy sahypasyndaky birinji sözbaşa esaslanan maglumata serediň we iň bolmanda bir aýady okaň. Žurnaly hödürläň we indik soragy ara alyp maslahatlaşmak üçin ikilenç idege belleşiň.
«Garawul diňi», 1-nji oktýabr
«Hökümet başlyklarynyň telekeçilik toparlarynyň arasynda parahorlugyň ösýändigi köp adamlary alada goýýar. Siziň pikiriňçe, bu kynçylygy çözüp bolarmy? (Jogap bersin). Isanyň parahorlukdan zyýan çekenlere näme etjekdigine üns beriň (Zebur 72:12—14-nji aýatlary oka). Bu žurnalda parahorlugyň nädip soňuna çykyljakdygy barada aýdylýar».
«Oýanyň!», oktýabr
«Ata-eneleriň köpüsi çagalarynyň gowy bilim almagyny isleýärler. Biziň çagalarymyz mekdebi tamamlansoň öz-özüni dolandyryp bilerlermi? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylaryň bilim we akyldarlyk almagyň örän wajypdygyny nygtap geçýändigine üns beriň (Wagyzçy 7:12-ni oka). Şu žurnalda çagalara alan biliminden nädip peýdalynyp biljekdikleri barada bäş sany maslahat berilýär».