Wagyz mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2015-nji ýylyň 31-nji awgustyndan başlanýan hepdede Wagyz mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Ýaýdaky sene berlen soragyň haçan seredilendigini görkezýär.
Bize ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga näme päsgel berip biler? (1 Pat. 8:46) (Iýul 6, w13 15/3. sah. 4 abz. 4).
Dawudyň «sap ýüreklilik» bilen ýöremegi onuň göreldesine eýermäge bizi nädip höweslendirýär? (1 Pat. 9:4) (Iýul 13, w12 15/11 sah. 7, abz. 18, 19).
Ýehowanyň Ylýas pygamberi sarepatly dul aýalyň ýanyna ibermeginden nähili wajyp zady öwrenýäris? (1 Pat. 17:8—14) (Iýul 27, w14 15/2 sah. 14).
1 Patyşalar 17:10—16-njy aýatlardaky waka barada oýlansak, Ýehowa doly bil baglamaga nädip kömek eder? (Iýul 27, w14 15/2 sah. 13—15).
Ýehowa Ylýasy gymmat saýýandygyny nädip görkezdi we biz mundan näme öwrenýäris? (1 Pat. 19:5—8, 15—19) (Iýul 27, w14 15/3 sah. 15, abz. 15, 16).
Ýehowa Ylýas pygamberiň göwnüçökgün bolandygyny görende, näme etdi we biz söýgüden doly Hudaýyň göreldesine nädip eýerip bileris? (1 Pat. 19:7, 8) (Awg. 3, w14 15/6 sah. 27, abz. 15, 16).
Ahap patyşanyň nähili nädogry garaýşy bardy we şu günler mesihçiler şeýle nädogry garaýyşdan nädip gaça durup biler? (1 Pat. 21:20) (Awg. 10, lv s. 188, 189 çarçuwa).
Elýaşa näme üçin Ylýasyň yzyndan galmady we biz mundan näme öwrenip bileris? (2 Pat. 2:4—6) (Awg. 17, w13 15/8. sah. 29, abz. 3, 4).
2 Patyşalar 5:1—3-nji aýatlardaky ysraýylly kiçi gyzyň imanyndan we mertliginden ýaşlar nädip görelde alyp biler? (Awg. 24, w12 15/2 sah. 12, 13 abz. 11).
Şu soňky günlerde Ýehowanyň ähli gullukçylary Ýehunyň haýsy häsiýetlerine eýermeli? (2 Pat. 10:16) (Awg. 31, w11 15/11 sah. 5 abz. 4).