Wagyz mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2015-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan başlanýan hepdede Wagyz mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler.
2 Patyşalar 13:18, 19-njy aýatlardaky waka Hudaýa ak ýürekden we yhlasly gulluk etmegiň wajypdygyny nädip görkezýär? (Sent. 7, w10 15/4 sah. 26, abz. 11).
Biz direlişiň boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris? (2 Pat. 13:20, 21). (Sent. 7, w14 15/11 sah. 4, abz. 3, 4).
Ahaz patyşa Hudaýyň sözüne ynanmaýandygyny nädip görkezdi we biz wajyp kararlara gelenimizde özümize nähili soragy bermeli? (2 Pat. 16:7). (Sent. 14, w13 15/11 sah. 17, abz. 5).
Şu günler Hudaýyň halkynyň duşmanlary Rabşak ýaly nähili usul ulanýar we olara garşy durmaga näme kömek eder? (2 Pat. 18:22, 25). (Sent. 14, w10 15/7 sah. 13, abz. 3, 4).
Hizkiýa bilen bolan waka bize nähili teselli berýär? (2 Pat. 20:1—5). (Sent. 21, w12 15/9 sah. 10, abz. 11, 12).
Biz Ýoşyýanyň göreldesine nädip eýerip bileris? (2 Pat. 23:23—25). (Sent. 28, w14 15/12 sah. 28, abz. 5).
Dawut näme üçin ogullarynyň biriniň adyna Natan dakdy? (1 Ýyl. 3:5) (Okt. 5, w12 15/2 sah. 24, abz. 5, 6).
Ýehowa halkyna ýolbaşçylyk etmäge kimi saýlady? (1 Ýyl. 7:26, 27) (Okt. 12, w11 15/12 sah. 19, abz. 10).
Dawuda Ýehowanyň gan baradaky kanunyna düşünmäge, hormat goýmaga näme kömek etdi we onuň göreldesi bizi nämä höweslendirýär? (1 Ýyl. 11:17—19). (Okt. 19, w12 15/11 sah. 6, 7 abz. 12—14).
Dawudyň döwründe näme üçin saza köp üns berlipdir? (1 Ýyl. 15:16). (Okt. 26, w10 15/12 sah. 7 abz. 4—6).