Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Mart sah. 2—7
  • Suwa çümdürilmäge ýaýdanmaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Suwa çümdürilmäge ýaýdanmaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SAMARIÝALYLARYŇ GÖRELDESI
  • SAWULYŇ GÖRELDESI
  • KORNELIÝIŇ GÖRELDESI
  • KORINFLILERIŇ GÖRELDESI
  • IMAN BILEN «BAŞARMAJAK ZADYŇYZ BOLMAZ»
  • Suwa çümdürilenden soň Isa pygamberiň «yzyna eýeriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş etmäge taýynmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Mart sah. 2—7

9-NJY MAKALA

51-NJI AÝDYM Biz ömrümizi Hudaýa bagyş etdik

Suwa çümdürilmäge ýaýdanmaň

«Indi nämä otyrsyň? Tur, suwa çümdüril!» (Res. 22:16).

ESASY PIKIR

Samariýalylaryň, tarsusly Sawulyň, Korneliýiň we korinflileriň göreldesi ýaýdanman suwa çümdürilmäge kömek eder.

1. Suwa çümdürilen adamlar nähili bereket alýar?

BIZ Ýehowa Hudaýymyzy ýürekden söýýäris. Sebäbi Ol ýaşaýşyň Gözbaşy. Ol biziň durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyz üçin her gün köp ýagşylyk edýär. Biz Ýehowa nädip minnetdar bolup bileris? Munuň üçin özümizi Ýehowa bagyş etmeli we suwa çümdürilmeli. Şu wajyp ädimi ädip, biz Ýehowanyň ogul-gyzy bolarys. Ýehowa atamyz hökmünde biziň aladamyzy eder, dostumyz hökmünde hemişe goldar (Zeb. 73:24; Işa. 43:1, 2). Biz özümizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilsek, ebedi ýaşaýşa umyt edip ýaşarys (1 Pet. 3:21).

2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Siz suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Köp dogan-uýalar şu wajyp ädimi ätmäge çekindiler. Ýöne olar suwa çümdürilmek üçin durmuşyny, garaýşyny we häsiýetlerini üýtgedip bildiler. Olar suwa çümdürilip häzir Ýehowa şadyýan gulluk edýärler. I asyrdaky mesihçilerem özüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmek üçin käbir kynçylyklary ýeňip geçmeli boldular. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň.

SAMARIÝALYLARYŇ GÖRELDESI

3. Samariýalylara suwa çümdürilmek näme üçin aňsat bolan däldir?

3 Isanyň ýaşan döwründe samariýalylar Ýahudanyň demirgazygynda ýerleşýän Şekem we Samariýa şäherleriniň töwereginde ýaşaýardylar. Olaryň dini garaýşy ýehudylaryňkydan tapawutlanýardy. Olar diňe Musanyň bäş kitabyny (belki-de, Ýuşa kitabyny hem) Hudaýyň Sözi hasaplaýardylar. Ýöne olar Mesihiň gelmegine-de garaşýardylar. Sebäbi olar 5 Musa 18:18, 19-njy aýatlardaky Hudaýyň wadasyna ynanýardylar (Ýah. 4:25). Samariýalylar özüni Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilmek üçin Hudaý barada dogry bilim almalydylar we Isany Mesih hökmünde kabul etmelidiler. Samariýalylaryň köpüsi şeýle-de etdi (Ýah. 4:39). Emma samariýalylaryň käbiri şeýle wajyp ädimi ätmek üçin ýehudylara bolan garaýşyny üýtgetmeli bolandyr (Luka 9:52—54).

4. Samariýalylar Filipusyň habaryna nähili seslendiler? (Resullar 8:5, 6, 14).

4 Samariýalylar suwa çümdürilýär. Hoş habarçy Filipus samariýalylara Mesih hakda wagyz edýär. Şonda olaryň köpüsi Hudaýyň Sözüni kabul edýärler. Filipus ýehudy bolsa-da, samariýalylar ony ünsli diňledi. Sebäbi olar Töwrat kitabyny okansoň, Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyny bilýärdi (5 Mus. 10:17—19). Olar Filipusyň Mesih hakda aýdýanlaryna iman etdiler (Resullar 8:5, 6, 14-nji aýatlary okaň). Samariýalylar Filipusy Hudaýyň goldaýandygyny gözi bilen gördüler, sebäbi Filipus köp gudratlary görkezýärdi. Ol syrkawlary sagaldýardy, adamlaryň içinden jynlary çykarýardy (Res. 8:7).

5. Biz samariýalylardan näme öwrenýäris?

5 Samariýalylar Filipusy ýehudy bolandygy we Mesih hakda wagyz edýändigi üçin diňlemän bilerdi. Emma olar beýle etmediler. Samariýalylar Filipusyň dogry zady öwredýändigine göz ýetirensoň, derrew suwa çümdürildiler. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Filipus Hudaýyň Patyşalygy hakda hoş habary gürrüň berende we Isa Mesihiň ady hakda wagyz edende, adamlar iman etdiler. Şonda aýallar hem erkekler suwa çümdürildiler» (Res. 8:12). Siz Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna, Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri-birini ýürekden söýýändigine we Isa pygamberiň hakyky şägirtleridigine ynanýarsyňyzmy? Onda ýaýdanyp durmaň, suwa çümdürilmek üçin aýgytly ädimleri ädiň (Ýah. 13:35). Ýehowa siziň tagallaňyza ak patasyny berer.

6. Ruben bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

6 Germaniýada ýaşaýan Ruben Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda önüp ösýär. Ýöne ol ýetginjek wagty hak Hudaýyň bardygyna şübhelenip başlaýar. Ruben şübhesini nädip aýyrýar? Ol gol gowşuryp oturmaýar, özüni biynjalyk edýän soraglaryň jogabyny gözläp başlaýar. Ruben: «Şahsy okuwymda ewolýusiýa hakdaky makalalary köp okadym» diýýär. Ol «Biziň aladamyzy edýän Ýaradyjy barmy?» (rus.) diýen kitaby okaýar. Kitap onuň hak Hudaýa imanyny berkidýär. Ruben: «Bäh, Ýehowa Hudaý hakykatdan hem bar eken!» diýýär. Soňra ol Baş edara syýahat edýär. Ruben Ýehowanyň Şaýatlarynyň bir-birini söýýän we agzybir halkdygyna ýene bir gezek göz ýetirýär. Ol Germaniýa dolanyp gelýär we 17 ýaşynda suwa çümdürilýär. Dogan-uýalar, eger sizem öwrenýän zatlaryňyza şübhelenýän bolsaňyz, onda edebiýatlardan gözleg-barlag geçiriň. Şübhäni dogry bilim arkaly aýryp bolýar (Efes. 4:13, 14). Şeýle-de bütin ýer ýüzünde ýaşaýan agzybir, biri-birini söýýän Ýehowanyň Şaýatlarynyň wakalaryny okaň. Öz ýygnagyňyzda hem şeýle söýgini we agzybirligi görjek boluň. Şonda Ýehowanyň guramasyna ynamyňyz has-da artar.

SAWULYŇ GÖRELDESI

7. Sawul haýsy garaýşyny üýtgetmelidi?

7 Geliň, tarsusly Sawul hakda gürrüň edeliň. Ol ýehudylaryň ýokary bilimini alypdy, il içinde atly-abraýly adamdy (Gal. 1:13, 14; Flp. 3:5). Şol döwür ýehudylar Isa Mesihiň şägirtlerini imandan dänen hasaplaýardy. Sawul hem olary gahar-gazap bilen yzarlaýardy. Ol şeýtmek bilen, Hudaýy razy edýändirin öýdýärdi (Res. 8:3; 9:1, 2; 26:9—11). Soňra Sawul Isa Mesihe iman edýär we suwa çümdürilip mesihçi bolýar. Ol özüniňem yzarlanjakdygyny bilse-de, şu wajyp ädimi ädýär.

8. a) Sawula suwa çümdürilmäge näme kömek etdi? b) Ananýas Sawula nädip kömek etdi? (Resullar 22:12—16; surata serediň).

8 Sawul suwa çümdürilýär. Bir güni şan-şöhrata beslenen Isa Mesih Sawula görünýär. Şonda daş-töweregi ýagtylyk gurşap alyp, Sawulyň gözleri kör bolýar (Res. 9:3—9). Sawul üç günläp hiç zat iýip içmeýär. Şonda ol başdan geçiren wakasy hakda oýlanandyr. Hawa, Sawul Isanyň wada edilen Mesihdigine, şägirtleriniň bolsa hakykaty öwredýändigine göz ýetirýär. Elbetde, Stefanusyň ölümini goldandygy hakda oýlananda Sawulyň ynsaby ezýet berendir (Res. 22:20). Üç günden soň Ananýas atly şägirt Sawulyň ýanyna gelýär. Ol Sawulyň gözüni açýar, ruhlandyrýar we suwa çümdürilmäge höweslendirýär (Resullar 22:12—16-njy aýatlary okaň). Sawul hem Ananýasyň maslahatyny pesgöwünlilik bilen kabul edýär we suwa çümdürilýär (Res. 9:17, 18).

Sawul suwa çümdüriljek bolýar, dogan-uýalar begenip seredýär.

Siz Sawulyň göreldesine eýerip suwa çümdürilersiňizmi? (8-nji abzasa serediň).


9. Biz Sawuldan näme öwrenýäris?

9 Biz Sawuldan köp zatlary öwrenýäris. Ol tekepbirligiň, adamdan gorkynyň duzagyna düşmedi. Isa Mesihe iman edip, pesgöwünlilik bilen durmuşyny üýtgetdi (Res. 26:14, 19). Sawul yzarlanjakdygyny bilse-de, mesihçi boldy (Res. 9:15, 16; 20:22, 23). Ol suwa çümdürilensoň, Ýehowanyň kömegi bilen ençeme kynçylyklara döz geldi (2 Kor. 4:7—10). Sizem suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolanyňyzdan soň köp kynçylyklara we synaglara duş gelmegiňiz mümkin. Emma gorkmaň, alada etmäň, hak Hudaý Ýehowa we Isa Mesih size ähli kynçylyklardan baş alyp çykmaga kömek eder (Flp. 4:13).

10. Annanyň başdan geçiren wakasyndan näme öwrenýärsiňiz?

10 Anna Gündogar Ýewropada kürtleriň maşgalasynda önüp-ösýär. Anna ejesi, kakasy we dogan-garyndaşlary bilen bir öýde ýaşaýardy. Annanyň ejesi suwa çümdürilýär, şonda Anna dokuz ýaşlaryndady. Ol kakasynyň razylygy bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Emma dogan-garyndaşlary Annanyň okuw geçýändigini halamaýarlar. Olaryň pikiriçe, ata-babasynyň dininden çykýan adam maşgalasynyň adyna ysnat getirýärdi. Anna 12 ýaşynda kakasyna suwa çümdürilmek isleýändigini aýdýar. Şonda kakasy: «Gyzym, sen öz islegiň bilenmi ýa-da biri üçin suwa çümdüriljek bolýaňmy?» diýip soraýar. Anna-da: «Men Ýehowany söýýändigim üçin suwa çümdürilmek isleýän» diýip jogap berýär. Kakasy gyzynyň suwa çümdürilmegine rugsat berýär. Şonda dogan-garyndaşlary Annany has-da kemsidip, üstünden gülüp başlaýar. Hatda garyndaşlarynyň biri: «Ýehowanyň Şaýady bolanyňdan, ahlaksyz ýa çilimkeş bolan bolsaň gowy bolardy» diýýär. Anna şeýle kyn ýagdaýlara döz gelmäge näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Ýehowa maňa batyrgaý bolmaga kömek etdi. Ejem bilen kakam hem meni hemişe goldaýardy». Anna Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryny bir depdere ýazýar. Wagtal-wagtal depderini açyp, Ýehowanyň eden kömekleri hakda okaýar we ruhlanýar. Mähriban dogan-uýalar, eger size-de garşy çykýan bolsalar, Ýehowanyň goldajakdygyna, kömek etjekdigine doly ynamly bolup bilersiňiz (Ýew. 13:6).

KORNELIÝIŇ GÖRELDESI

11. Korneliýe suwa çümdürilmäge näme päsgel berip bilerdi?

11 Biz Korneliýden hem köp zatlary öwrenip bilýäris. Ol Rim goşunynyň ýüzbaşysydy (Res. 10:1). Korneliý wezipeli adamdy, il içinde-de uly abraýy bardy, ol garyplara kömek ederdi (Res. 10:2). Ýehowa Petrus resuly Korneliýiň ýanyna hoş habary wagyz etmek üçin iberýär. Korneliý abraýdan düşerin öýdüp suwa çümdürilmäge ýaýdandymy?

12. Korneliý näme üçin derrew suwa çümdürildi?

12 Korneliý suwa çümdürilýär. Korneliý we tutuş maşgalasy hudaýhon adamlardy. Korneliý Hudaýa elmydama doga-dileg ederdi (Res. 10:2). Petrus hoş habary wagyz edende Korneliý we tutuş maşgalasy Isa Mesihe iman etdi we derrew suwa çümdürildi (Res. 10:47, 48). Ol maşgalasy bilen Ýehowa sežde etmek üçin islendik zatdan geçmäge we özgerişlik etmäge taýyndy (Ýuşa 24:15; Res. 10:24, 33).

13. Biz Korneliýden näme öwrenýäris?

13 Edil Sawul ýaly, Korneliýe hem suwa çümdürilmäge wezipesi päsgel berip bilerdi. Ýöne ol muňa ýol bermedi. Mähriban dogan-uýalar, belki, siz hem suwa çümdürilmek üçin durmuşyňyzda uly özgerişlik etmeli bolýansyňyz. Eger şeýle bolsa, Ýehowa size hökman kömek eder. Ol siziň Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşamak üçin edýän tagallaňyza hökman ak pata berer.

14. Suýoşi bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

14 Ýaponiýada ýaşaýan Suýoşi suwa çümdürilmek üçin käbir zatlary üýtgetmeli bolýar. Ol Ikenobo mekdebiniň başlygynyň kömekçisidi. Ol mekdep ýas çäreleri üçin gül taýýarlaýardy. Käte başlygy ýas çäresini geçirmek üçin öz ýerine Suýoşini iberýärdi. Şonda ol buddistleriň dini däp-dessurlaryny berjaý etmeli bolýardy (2 Kor. 6:15, 16). Emma Suýoşi ölen adamlar hakda hakykaty bilensoň, däp-dessurlary berjaý etse suwa çümdürilip bilmejekdigine düşünýär. Ol buddistleriň dini däp-dessurlaryny berjaý etmezligi ýüregine düwýär we bu hakda başlygyna-da aýdýar. Başlygy Suýoşiniň garaýşyna hormat goýýar we däp-dessurlary berjaý etmän işläp biljekdigini aýdýar. Okuw geçip başlanyna bir ýyl geçensoň, Suýoşi suwa çümdürilýära. Dogan-uýalar, eger siz hem Ýehowany razy etmek üçin işiňizde käbir zatlary üýtgetmeli bolsaňyz ýaýdanmaň. Ýehowa size we maşgalaňyza gerek zatlary ýetirer (Zeb. 127:2; Mat. 6:33).

KORINFLILERIŇ GÖRELDESI

15. Korinflilere suwa çümdürilmäge näme päsgel berýärdi?

15 Gadymy Korinf şäherinde ýaşaýan adamlar baýlygyň yzynda hars urýardy, ahlaksyz ýaşaýardy we Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýärdi. Şonuň üçin olara hoş habary kabul etmek aňsat düşmeýärdi. Ýöne Pawlus Korinf şäherine barýar we Isa Mesih hakda hoş habary wagyz edýär. Şonda «korinflileriň köpüsi hoş habary eşidip, iman etdiler we suwa çümdürildiler» (Res. 18:7—11). Soňra Halypamyz Isa Mesih görnüşde Pawlusa: «Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» diýdi. Şeýlelikde, Pawlus Korinf şäherinde bir ýarym ýyllap wagyz edýär.

16. Korinflilere suwa çümdürilmäge näme kömek etdi? (2 Korinfliler 10:4, 5).

16 Korinfliler suwa çümdürilýär (2 Korinfliler 10:4, 5-nji aýatlary okaň). Olar Hudaýyň Sözi we mukaddes ruhuň kömegi arkaly durmuşyny bütinleý üýtgetdi (Ýew. 4:12). Korinf şäherinde ýaşaýan arakhorlar, ogrular, hatda azgyn erkekler Mesih hakdaky hoş habary kabul etdiler we erbet endiklerini taşladylar (1 Kor. 6:9—11)b.

17. Biz korinflilerden näme öwrenýäris?

17 Korinflilere ganyna siňen erbet endiklerini taşlamak aňsat bolan däldir. Emma olar gol gowşuryp oturmady, ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan ýöremek üçin elinde baryny etdi (Mat. 7:13, 14). Dogan-uýalar, belki, size-de erbet endikleriňiz ýa-da gylyk-häsiýetleriňiz suwa çümdürilmäge päsgel berýändir. Ýan bermäň, göreşmegiňizi bes etmäň. Erbet höwesleri ýeňer ýaly Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň.

18. Biz Monikadan näme öwrenýäris?

18 Gruziýada ýaşaýan Monika hapa sözleri aýdýardy, erbet filmleri görýärdi we aýdymlary diňleýärdi. Ol erbet endiklerini taşlamak we suwa çümdürilmek üçin köp tagalla etmeli boldy. Monika şeýle diýýär: «Men Ýehowadan güýç sorap doga etdim. Ýehowa meniň gowy zatlar etmek isleýändigimi bilýärdi we maňa hemişe kömek edýärdi». Monika 16 ýaşynda suwa çümdürilýär. Dogan-uýalar, sizem Hudaýy razy edip ýaşar ýaly käbir häsiýetleriňizi ýa-da endikleriňizi düzetmelimi? Eger şeýle bolsa, Ýehowa doga edip güýç soraň. Ol size jomartlyk bilen mukaddes ruhuny berer (Ýah. 3:34).

IMAN BILEN «BAŞARMAJAK ZADYŇYZ BOLMAZ»

19. Dag ýaly kynçylyklary ýeňip geçmäge näme kömek edýär? (Surata serediň).

19 Dogan-uýalar, Ýehowa sizi gowy görýär we ogly-gyzy hökmünde kabul etmek isleýär. Elbetde, siz hem suwa çümdürilmek üçin köp kynçylyklary ýeňip geçensiňiz. Isa pygamber şägirtlerine: «Eger gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu daga: „Bärden başga ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Siziň başarmajak zadyňyz bolmaz» diýdi (Mat. 17:20). Şägirtler Isa pygamberden bary-ýogy birnäçe ýyl tälim alypdy. Olar imanyny has-da berkitmelidi. Emma Isa olary berk imanly mesihçi boljakdygyna, dag ýaly kynçylyklary ýeňip geçjekdigine ynandyrdy. Dogan-uýalar, Ýehowa I asyrdaky mesihçilere kömek eden bolsa, size-de hökman kömek eder.

Dogan-uýalar kongresde suwa çümdürilenleri el çarpyp gutlaýar.

Ýehowa sizi gowy görýär we ogly-gyzy hökmünde kabul etmek isleýär (19-njy abzasa serediň)c.


20. I asyrdaky we biziň günlerimizdäki mesihçileriň wakasy näme etmäge höweslendirýär?

20 Eger size suwa çümdürilmäge päsgel berýän zat bar bolsa, ony derrew aýryň, gol gowşuryp oturmaň. I asyrdaky we biziň günlerimizdäki mesihçileriň göreldesine eýeriň. Goý, olaryň wakasy sizi ruhlandyrsyn, göwünlik bersin, özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmäge höweslendirsin. Suwa çümdürilmek ömrüňizde geljek iň wajyp kararlaryňyzyň biridir.

SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE PÄSGEL BERÝÄN KYNÇYLYKLARY... NÄDIP ÝEŇDI?

  •  samariýalylar

  •  Sawul bilen Korneliý

  •  korinfliler

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer

a Suýoşi Fuji doganyň terjimehalyny «Oýanyň!» žurnalyndan okap bilersiňiz (g05-U 8/8 sah. 20—23).

b JW.ORG saýtyndan «Näme üçin suwa çümdürilmegi soňa goýýarsyňyz?» diýen wideony görüň.

c SURATYŇ BEÝANY: dogan-uýalar kongresde suwa çümdürilenleri el çarpyp gutlaýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş