Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 46
  • Iblis hakykatdan-da barmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iblis hakykatdan-da barmy?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Iblis baradaky ýalan düşünjeler
  • Şeýtana garşy duruň, ol sizden gaçar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Isa ýaly «Iblise garşy duruň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Iblise ýol bermäň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 46

Iblis hakykatdan-da barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Hawa, Iblis hakykatdan-da bar. Ol «dünýäniň hökümdary» we Hudaýa garşy pitne turzan zalym perişde (Ýahýa 14:30; Efesliler 6:11, 12). Mukaddes Kitapda Iblisiň kimdigi aýdylýar we ol şeýle suratlandyrylýar:

  • Şeýtan. Bu söz «duşman» diýmegi aňladýar (Eýýup 1:6).

  • Iblis. Bu söz «töhmetçi» diýmegi aňladýar (Ylham 12:9).

  • Ýylan. Bu söz Mukaddes Kitapda «ýalançy» diýmegi aňladýar (2 Korinfliler 11:3).

  • Synagçy (Matta 4:3).

  • Ýalançy (Ýahýa 8:44).

Ýöne bir ýamanlyk däl

Käbir adamlar Şeýtan Iblise — bu içimizde ýaşaýan ýöne bir ýamanlyk diýip düşünýärler. Emma Mukaddes Kitapda Hudaýyň Şeýtan bilen gepleşendigi aýdylýar. Hudaý kämil, şol sebäpli onuň öz içindäki ýamanlyk bilen gepleşmegi mümkin däl (5 Musa 32:4; Eýýup 2:1—6). Şeýle-de Şeýtanyň Isa pygamberi synandygy aýdylýar; Isa bolsa günäsizdi (Matta 4:8—10; 1 Ýahýa 3:5). Görşümiz ýaly, Mukaddes Kitapda Iblisiň ýöne bir ýamanlyk däl-de, hakykatdan-da bardygy aýdylýar.

Köp adamlaryň Iblisiň bardygyna ynanmaýandygy bizi geň galdyrmalymy? Ýok, sebäbi Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, Şeýtan maksadyna ýetmek üçin her hili ýalan hileleri ulanýar (2 Selanikliler 2:9, 10). Ol özüniň ýokdugyna ynandyrmak üçin ulanýan iň mekir usullarynyň biri — adamlaryň aň-düşünjesini küteltmek (2 Korinfliler 4:4).

Iblis baradaky ýalan düşünjeler

Toslama. Lýusifer—Iblisiň bir ady.

Hakykat. Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde ulanylan «lýusifer» diýen ýewreý sözi «parlak ýyldyz» diýmegi aňladýar (Işaýa 14:12). Aýadyň kontekstinden görnüşi ýaly, bu söz tekepbirlik edendigi üçin Hudaýyň gazabyna sezewar bolan Wawilon patyşalaryna degişli ulanylýar (Işaýa 14:4, 13—20). Mukaddes Kitapda «parlak ýyldyz» diýen jümle Wawilon patyşalarynyň soňunyň gelendigini we masgara edilendigini görkezmek üçin ulanylýar.

Ýalan düşünje: Şeýtan Hudaýa adamlary höküm etmäge kömek edýär.

Delil: Iblis Hudaýyň gullukçysy däl-de, duşmany. Şeýtan Iblis Hudaýa gulluk edýän adamlara garşy çykýar we töhmet atýar (1 Petrus 5:8; Ylham 12:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş