Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 116
  • Göge kim gider?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Göge kim gider?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ylham kitabynda gelejek hakda nähili pygamberlik aýdylýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • «Ilkinji direliş» eýýäm başlandy!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Isanyň ölüminiň saňa nähili peýdasy bar?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 116
144 müňler Isa Mesih bilen gökde höküm sürýärler

Göge kim gider?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Hudaý wepaly mesihçileriň arasyndan käbirini gökdäki ýaşaýyş üçin saýlaýar; olar aradan çykansoň, gökde direler (1 Petrus 1:3, 4). Olar saýlanandan soň hem gökdäki sylagyndan mahrum bolmaz ýaly, ömrüniň ahyryna çenli imanda berk durup, Hudaýyň kadalaryna görä ýaşamaly (Efesliler 5:5; Filipililer 3:12—14).

Göge gitjek adamlar ol ýerde näme eder?

Olar Isa pygamber bilen bile patyşalar we ruhanylar bolup 1 000 ýyl höküm sürerler (Ylham 5:9, 10; 20:6). Olar «täze ýeriň», ýagny adamzat jemgyýetiniň üstünden höküm sürjek «täze gökleri», başgaça aýdanyňda, gökdäki hökümeti düzerler. Gökde höküm sürjek ýolbaşçylar ýer ýüzünde dogrulygy we Hudaýyň ilkibaşdaky niýetine görä bolmaly şertleri dikelderler (Işaýa 65:17; 2 Petrus 3:13).

Gökdäki ýaşaýyş üçin näçe adam direler?

Mukaddes Kitaba görä, gökdäki ýaşaýyş üçin 144 müň adam direldiler (Ylham 7:4). Ylham 14:1—3-nji aýatlardaky görnüşe laýyklykda, Ýahýa resul «Sion dagynda Guzynyň we onuň ýanynda 144 müňleriň durandygyny» görýär. Görnüşde agzalýan «Guzy» direlen Isa Mesihi aňladýar (Ýahýa 1:29; 1 Petrus 1:19). «Sion dagy» Isanyň beýik derejesini we onuň bilen bile gökde höküm sürjek 144 müňleri aňladýar (Zebur 2:6; Ýewreýler 12:22).

Patyşalykda Mesih bilen höküm sürjek «Hudaýyň çagyranlaryna» we «saýlanlaryna» «kiçi süri» diýilýär (Ylham 17:14; Luka 12:32). Olaryň sany Isanyň «başga goýunlaryna» garanyňda gaty az (Ýahýa 10:16).

Göge gitjekler baradaky nädogry düşünjeler

Nädogry düşünje: Hemme gowy adamlar göge gidýär.

Delil: Hudaý gowy adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygyny wada berýär (Zebur 37:11, 29, 34).

  • Isa: «Göge hiç kim çykan däldir» diýdi (Ýahýa 3:13). Ol şeýle diýmek bilen, Ybraýym, Musa, Eýýup we Dawut ýaly özünden öň aradan çykan gowy adamlaryň göge gitmändigini aýan etdi (Resullar 2:29, 34). Dogrudan-da, olar ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýärdiler (Eýýup 14:13—15).

  • Gökdäki ýaşaýyş üçin direlenlere «birinji direlişe degişli bolanlar» diýilýär (Ylham 20:6). Bu başga bir direlişiň hem boljakdygyny görkezýär. Ol ýer ýüzünde bolar.

  • Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy astynda «ölümiň» gaýdyp bolmajakdygy aýdylýar (Ylham 21:3, 4). Bu wada ýer ýüzünde ýaşajak adamlara degişli. Sebäbi gökde ölüm hiç haçan bolmandy.

Nädogry düşünje: Gökde ýa-da ýerde ýaşamagy her kimiň özi saýlaýar.

Delil: «Sylagy, ýagny gökdäki ýaşaýşy almak» üçin wepaly mesihçileriň arasyndan kimi saýlajakdygyny Hudaýyň özi çözýär (Filipililer 3:14). Bu adamyň islegine ýa-da tagallasyna bagly däl (Matta 20:20—23).

Nädogry düşünje: Ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşa bolan umydyň känbir gymmaty ýok. Sebäbi ol gökde ýaşamaga mynasyp bolmadyk adamlara berilýär.

Delil: Hudaý ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlara «halkym», «saýlanlarym» we «Rebbiň ýalkan zürýatlary» diýýär (Işaýa 65:21—23). Olar Hudaýyň ilkibaşdaky adamzat babatdaky niýetini amala aşyrmak, ýagny bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmek hormatyna eýe bolarlar (1 Musa 1:28; Zebur 115:16; Işaýa 45:18).

Nädogry düşünje: Ylham kitabynda agzalýan 144 müň san göni däl-de, göçme manyda aýdylýar.

Delil: Ylham kitabynda göçme manyda agzalýan sanlar bolsa-da, olaryň käbiri göni manyda ulanylýar. Mysal üçin, onda: «12 sany daş bardy. Olarda Guzynyň 12 resulynyň atlary ýazylgydy» diýilýär (Ylham 21:14). Geliň, 144 müň sanyň göni manyda aýdylýandygynyň käbir sebäplerine seredeliň.

Ylham 7:4-de «möhürlenenleriň (gökde ýaşajaklaryň) 144 müň adamdan ybaratdygy» aýdylýar. Birnäçe aýatdan soň olara gapma-garşy bolan «hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesi» diýilýän ikinji topar barada agzalýar. Bu «uly märekäni-de» Hudaý halas eder (Ylham 7:9, 10). Eger 144 müň göçme manyda aýdylýan bolsa, onda hiç kimiň sanap bilmedik ikinji topary olara gapma-garşy goýmagyň peýdasy bolmazdya.

Şeýle-de 144 müňlere «ynsanlaryň arasyndan ilkinji miwe hökmünde... satyn alnanlar» diýilýär (Ylham 14:4). «Ilkinji miwe» diýen jümle az sanly saýlananlara degişlidigini görkezýär. Bu hiç kimiň sanap bilmejek raýatlaryň üstünden Mesih bilen bile gökde höküm sürjekleri aňladýar (Ylham 5:10).

a Pofessor Robert Tomas hem Ylham 7:4-de agzalýan 144 müňler barada şuňa meňzeş pikiri aýtdy: «Bu anyk san 7:9-da agzalýan näbelli sana gapma-garşy goýulýar. Eger ol göçme manyda ulanylýan bolsa, onda bu kitapda göni manyda ulanylýan san asla ýok» (Ylham 1—7; «An Exegetical Commentary» sah. 474).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş