Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 16
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Ýahuda patyşasy Ahaz (1—6)

      • Ahazyň assiriýalylara sowgat⁠-⁠serpaýy (7—9)

      • Ahaz ýalan taňrynyň gurbanlyk ojagynyň nusgasyny alýar (10—18)

      • Ahazyň ölümi (19, 20)

2 Patyşalar 16:1

Parallel aýatlar

  • +Işa 1:1; 7:1; Hoş 1:1; Mik 1:1; Mat 1:9

2 Patyşalar 16:2

Parallel aýatlar

  • +2Tr 28:1—4

2 Patyşalar 16:3

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:28—30; 16:33
  • +5Ms 12:29—31
  • +3Ms 20:2, 3; 2Tr 33:1, 6; Ýer 7:31

2 Patyşalar 16:4

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:52
  • +5Ms 12:2

2 Patyşalar 16:5

Parallel aýatlar

  • +2Pa 15:37; 2Tr 28:5, 6

2 Patyşalar 16:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ýahudalary.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 14:21, 22

2 Patyşalar 16:7

Parallel aýatlar

  • +2Pa 15:29

2 Patyşalar 16:8

Parallel aýatlar

  • +1Pa 15:18, 19

2 Patyşalar 16:9

Parallel aýatlar

  • +Ams 1:4, 5
  • +Işa 9:11

2 Patyşalar 16:10

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 12:30

2 Patyşalar 16:11

Parallel aýatlar

  • +Işa 8:2
  • +Ýer 23:11; Hyz 22:26

2 Patyşalar 16:12

Parallel aýatlar

  • +2Tr 28:22, 23, 25

2 Patyşalar 16:14

Parallel aýatlar

  • +2Tr 4:1

2 Patyşalar 16:15

Parallel aýatlar

  • +Işa 8:2
  • +2Tr 28:23
  • +2Ms 29:39—41

2 Patyşalar 16:16

Parallel aýatlar

  • +2Pa 16:11

2 Patyşalar 16:17

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: deňzi.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 7:27, 28
  • +1Pa 7:38; 2Tr 4:6
  • +1Pa 7:23, 25
  • +2Tr 28:24; 29:19

2 Patyşalar 16:18

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: üsti ýapyk ýeri.

2 Patyşalar 16:19

Parallel aýatlar

  • +2Tr 28:26, 27

2 Patyşalar 16:20

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Ýehowa güýç⁠-⁠kuwwat berýär.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 18:1; 2Tr 29:1; Işa 1:1; Hoş 1:1; Mat 1:9

Umumy salgylar

2 Pat. 16:1Işa 1:1; 7:1; Hoş 1:1; Mik 1:1; Mat 1:9
2 Pat. 16:22Tr 28:1—4
2 Pat. 16:31Pa 12:28—30; 16:33
2 Pat. 16:35Ms 12:29—31
2 Pat. 16:33Ms 20:2, 3; 2Tr 33:1, 6; Ýer 7:31
2 Pat. 16:44Ms 33:52
2 Pat. 16:45Ms 12:2
2 Pat. 16:52Pa 15:37; 2Tr 28:5, 6
2 Pat. 16:62Pa 14:21, 22
2 Pat. 16:72Pa 15:29
2 Pat. 16:81Pa 15:18, 19
2 Pat. 16:9Ams 1:4, 5
2 Pat. 16:9Işa 9:11
2 Pat. 16:105Ms 12:30
2 Pat. 16:11Işa 8:2
2 Pat. 16:11Ýer 23:11; Hyz 22:26
2 Pat. 16:122Tr 28:22, 23, 25
2 Pat. 16:142Tr 4:1
2 Pat. 16:15Işa 8:2
2 Pat. 16:152Tr 28:23
2 Pat. 16:152Ms 29:39—41
2 Pat. 16:162Pa 16:11
2 Pat. 16:171Pa 7:27, 28
2 Pat. 16:171Pa 7:38; 2Tr 4:6
2 Pat. 16:171Pa 7:23, 25
2 Pat. 16:172Tr 28:24; 29:19
2 Pat. 16:192Tr 28:26, 27
2 Pat. 16:202Pa 18:1; 2Tr 29:1; Işa 1:1; Hoş 1:1; Mat 1:9
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
Mukaddes Kitap
2 Patyşalar 16:1—20

Ikinji Patyşalar

16 Remalyň ogly Pekasyň hökümdarlygynyň 17⁠-⁠nji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýotamyň ogly Ahaz+ patyşa boldy. 2 Ahaz 20 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýynyň öňünde dogry işleri etmedi+. 3 Gaýtam Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşdy+, hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi+. 4 Şeýle⁠-⁠de ol seždegählerde*+, baýyrlarda we her bir uly agajyň+ aşagynda gurbanlyk ýakýardy.

5 Şol wagtlar Siriýanyň patyşasy Resin we Ysraýylyň patyşasy Remal ogly Pekas Ahaz bilen söweşmek üçin Iýerusalimiň daşyny gabady+. Emma olar şäheri basyp alyp bilmediler. 6 Şonda Siriýa patyşasy Resin Elatda+ ýaşaýan ýehudylary* kowup, ony edomlylara gaýtaryp berdi. Edomlylar häzire çenli Elatda ýaşaýar. 7 Ahaz Assiriýa patyşasy Tiglatpilesere+: «Men seniň guluň, ogluň ýalydyryn. Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasy üstüme çozdy, gel⁠-⁠de, meni olardan halas et» diýip habar ýollady. 8 Soňra Ahaz Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky altyn⁠-⁠kümüşleri Assiriýa patyşasyna sowgat edip iberdi+. 9 Assiriýa patyşasy hem Ahazyň haýyşyny bitirip, Damasga çozdy⁠-⁠da, basyp aldy, ilatyny Hire ýesirlige äkitdi+. Resini bolsa öldürdi+.

10 Ahaz patyşa Assiriýa patyşasy Tiglatpileser bilen görüşmek üçin Damasga bardy. Ol Damaskdaky gurbanlyk ojagyny* görüp, gurluşyny we çyzgysyny Uryýah ruhana iberdi+. 11 Uryýah+ ruhany hem Ahaz patyşanyň Damaskdan ýollan çyzgylary boýunça gurbanlyk ojagyny gurdy+. Ahaz patyşa Damaskdan gelýänçä, ol gurbanlyk ojagyny doly gurup gutardy. 12 Patyşa Damaskdan gelip, gurbanlyk ojagynda gurban berdi+, 13 ýakma gurbanlyklary we galla sadakalary ýakdy. Soňra üstüne şerap sadakalaryny guýup, parahatlyk gurbanlyklaryň ganyny sepdi. 14 Ahaz Ýehowanyň huzurynda duran mis gurbanlyk ojagyny+ ybadathananyň öňünden aýyrdy. Mis gurbanlyk ojagy Ahazyň ýasadan gurbanlyk ojagy bilen Ýehowanyň öýüniň aralygynda durdy. Ahaz ony öz gurbanlyk ojagynyň demirgazygyna süýşürdi. 15 Ol Uryýah+ ruhana: «Irdenki ýakma gurbanlygyny+, agşamky galla sadakasyny+, patyşanyň ýakma gurbanlygy bilen galla sadakasyny, tutuş halkyň hem ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny we şerap sadakalaryny indi uly gurbanlyk ojagynda ýak. Ýakma gurbanlyklaryň we beýleki gurbanlyklaryň ganyny üstüne sep. Mis gurbanlyk ojagyny bolsa näme etmelidigini soň aýdaryn» diýdi. 16 Uryýah ruhany ähli zady Ahaz patyşanyň tabşyryşy ýaly etdi+.

17 Ahaz patyşa ybadathanadaky arabalary+ söküp, gapdallaryny bölekledi⁠-⁠de, üstündäki legenleri+ aýyrdy. Misden ýasalan öküzleriň üstündäki howzy*+ hem alyp, daş düşelen ýerde goýdy+. 18 Ol ybadathanada Sabat güni üçin gurlan bassyrmany* aýyrdy, Ýehowanyň öýüne barýan şa geçelgesini ýapdyrdy. Ahaz şol zatlary Assiriýa patyşasyndan gorkýandygy üçin edipdi.

19 Ahazyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr+. 20 Soňra Ahaz aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Hizkiýa*+ patyşa boldy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş