Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 17
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Ysraýyl patyşasy Hoseýa (1—4)

      • Ysraýylyň weýran edilmegi (5, 6)

      • Hudaýdan ýüz öwren ysraýyllar ýesirlikde (7—23)

      • Samariýanyň şäherlerinde ýaşan halklar (24—26)

      • Samariýalylaryň dinleri (27—41)

2 Patyşalar 17:1

Parallel aýatlar

  • +2Pa 15:30

2 Patyşalar 17:3

Parallel aýatlar

  • +2Pa 18:9; Işa 10:5, 6; Hoş 10:14, 15
  • +2Pa 18:14

2 Patyşalar 17:4

Parallel aýatlar

  • +Işa 31:1

2 Patyşalar 17:6

Parallel aýatlar

  • +Hoş 13:16
  • +3Ms 26:32, 33; 5Ms 4:27; 28:64; 1Pa 14:15
  • +1Tr 5:26
  • +2Pa 18:9—11

2 Patyşalar 17:7

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:2
  • +2Ms 20:5

2 Patyşalar 17:9

Çykgytlar

  • *

    Az adamly we köp ilatly ýerler göz öňünde tutulýar.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Hoş 12:11

2 Patyşalar 17:10

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 12:2; Işa 57:5
  • +2Ms 34:13; 5Ms 16:21, 22

2 Patyşalar 17:11

Parallel aýatlar

  • +3Ms 20:23

2 Patyşalar 17:12

Çykgytlar

  • *

    Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:3—5; 3Ms 26:1; 5Ms 4:23
  • +1Pa 12:28—30; 21:25, 26

2 Patyşalar 17:13

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 24:18, 19; 36:15, 16; Işa 55:7; Ýer 25:4

2 Patyşalar 17:14

Parallel aýatlar

  • +5Ms 1:32; 31:27

2 Patyşalar 17:15

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryny.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 5:2; 29:12
  • +Hoş 4:6
  • +5Ms 12:30
  • +5Ms 32:21; 1Şm 12:21
  • +Zb 115:4—8; Işa 44:9

2 Patyşalar 17:16

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryna.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:28—30
  • +1Pa 14:15; 16:33
  • +5Ms 4:19; Ýer 8:2
  • +1Pa 16:30, 31; 22:51, 53; 2Pa 10:21; 23:4, 5

2 Patyşalar 17:17

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: özlerini satyp.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 16:1, 3
  • +5Ms 18:10; Mik 5:12

2 Patyşalar 17:18

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 23:12, 13; Işa 42:24

2 Patyşalar 17:19

Parallel aýatlar

  • +1Pa 14:22; Ýer 3:8
  • +Hyz 23:4, 11

2 Patyşalar 17:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: huzuryndan kowdy.

2 Patyşalar 17:21

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:20

2 Patyşalar 17:22

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:28—30

2 Patyşalar 17:23

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:45, 63; 1Pa 14:16; Hoş 1:4; Ams 5:27; Mik 1:6
  • +2Pa 18:11

2 Patyşalar 17:24

Parallel aýatlar

  • +2Pa 19:11, 13

2 Patyşalar 17:25

Parallel aýatlar

  • +2Ms 23:29

2 Patyşalar 17:26

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: dini däp⁠-⁠dessurlaryny.

2 Patyşalar 17:28

Parallel aýatlar

  • +1Ms 28:18, 19; Ýuş 16:1; 1Pa 12:28, 29
  • +Ýah 4:20—22

2 Patyşalar 17:30

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:24

2 Patyşalar 17:31

Parallel aýatlar

  • +2Pa 18:34

2 Patyşalar 17:32

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:31, 32; 13:33

2 Patyşalar 17:33

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:24, 41

2 Patyşalar 17:34

Parallel aýatlar

  • +1Ms 32:28

2 Patyşalar 17:35

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: gorkmaň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 19:5; 24:7; 5Ms 29:1
  • +2Ms 20:3—5; 23:24; 34:14; 5Ms 5:9

2 Patyşalar 17:36

Parallel aýatlar

  • +2Ms 6:6; 5Ms 6:12, 13

2 Patyşalar 17:37

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: gorkmaň.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 31:9

2 Patyşalar 17:38

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:23

2 Patyşalar 17:40

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:34

2 Patyşalar 17:41

Parallel aýatlar

  • +Hyd 4:1, 2

Umumy salgylar

2 Pat. 17:12Pa 15:30
2 Pat. 17:32Pa 18:9; Işa 10:5, 6; Hoş 10:14, 15
2 Pat. 17:32Pa 18:14
2 Pat. 17:4Işa 31:1
2 Pat. 17:6Hoş 13:16
2 Pat. 17:63Ms 26:32, 33; 5Ms 4:27; 28:64; 1Pa 14:15
2 Pat. 17:61Tr 5:26
2 Pat. 17:62Pa 18:9—11
2 Pat. 17:72Ms 20:2
2 Pat. 17:72Ms 20:5
2 Pat. 17:9Hoş 12:11
2 Pat. 17:105Ms 12:2; Işa 57:5
2 Pat. 17:102Ms 34:13; 5Ms 16:21, 22
2 Pat. 17:113Ms 20:23
2 Pat. 17:122Ms 20:3—5; 3Ms 26:1; 5Ms 4:23
2 Pat. 17:121Pa 12:28—30; 21:25, 26
2 Pat. 17:132Tr 24:18, 19; 36:15, 16; Işa 55:7; Ýer 25:4
2 Pat. 17:145Ms 1:32; 31:27
2 Pat. 17:155Ms 5:2; 29:12
2 Pat. 17:15Hoş 4:6
2 Pat. 17:155Ms 12:30
2 Pat. 17:155Ms 32:21; 1Şm 12:21
2 Pat. 17:15Zb 115:4—8; Işa 44:9
2 Pat. 17:161Pa 12:28—30
2 Pat. 17:161Pa 14:15; 16:33
2 Pat. 17:165Ms 4:19; Ýer 8:2
2 Pat. 17:161Pa 16:30, 31; 22:51, 53; 2Pa 10:21; 23:4, 5
2 Pat. 17:172Pa 16:1, 3
2 Pat. 17:175Ms 18:10; Mik 5:12
2 Pat. 17:18Ýuş 23:12, 13; Işa 42:24
2 Pat. 17:191Pa 14:22; Ýer 3:8
2 Pat. 17:19Hyz 23:4, 11
2 Pat. 17:211Pa 12:20
2 Pat. 17:221Pa 12:28—30
2 Pat. 17:235Ms 28:45, 63; 1Pa 14:16; Hoş 1:4; Ams 5:27; Mik 1:6
2 Pat. 17:232Pa 18:11
2 Pat. 17:242Pa 19:11, 13
2 Pat. 17:252Ms 23:29
2 Pat. 17:281Ms 28:18, 19; Ýuş 16:1; 1Pa 12:28, 29
2 Pat. 17:28Ýah 4:20—22
2 Pat. 17:302Pa 17:24
2 Pat. 17:312Pa 18:34
2 Pat. 17:321Pa 12:31, 32; 13:33
2 Pat. 17:332Pa 17:24, 41
2 Pat. 17:341Ms 32:28
2 Pat. 17:352Ms 19:5; 24:7; 5Ms 29:1
2 Pat. 17:352Ms 20:3—5; 23:24; 34:14; 5Ms 5:9
2 Pat. 17:362Ms 6:6; 5Ms 6:12, 13
2 Pat. 17:375Ms 31:9
2 Pat. 17:385Ms 4:23
2 Pat. 17:402Pa 17:34
2 Pat. 17:41Hyd 4:1, 2
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
Mukaddes Kitap
2 Patyşalar 17:1—41

Ikinji Patyşalar

17 Ýahuda patyşasy Ahazyň hökümdarlygynyň 12⁠-⁠nji ýylynda, Elahyň ogly Hoseýa+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, dokuz ýyl höküm sürdi. 2 Hoseýa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi, ýöne öňki Ysraýyl patyşalary ýaly öte geçmändi. 3 Assiriýa patyşasy Şalmaneser üstüne çozup+, Hoseýany tabyn etdi. Hoseýa Şalmanesere salgyt töläp başlady+. 4 Soňabaka ol Assiriýa patyşasyna öňküsi ýaly salgyt tölemegini goýdy, sebäbi Hoseýa Müsür faraony Soguň ýanyna wekil ýollap, dil düwşüpdi+. Assiriýa patyşasy muny bilip, Hoseýany zyndana taşlady.

5 Assiriýa patyşasy Ysraýyl ýurduna çozdy. Ol Samariýany üç ýyllap gabawda saklady. 6 Hoseýanyň hökümdarlygynyň dokuzynjy ýylynda, Assiriýa patyşasy Samariýany basyp aldy+. Ol ysraýyllary Assiriýa ýesirlige äkidip+, Halahda, Gozan derýasynyň boýundaky Haborda+ we midiýalylaryň şäherlerinde ýaşatdy+.

7 Ysraýyl halky Ýehowa Hudaýa garşy günä edeni üçin şeýle güne düşdi. Hudaý olary faraonyň elinden azat edip, Müsür ýurdundan çykarypdy+. Olar bolsa başga taňrylara sežde edip+, 8 Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň we Ysraýyl patyşalarynyň girizen däp⁠-⁠dessurlaryna eýerdiler.

9 Ysraýyllar Ýehowa Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýärdiler. Olar garawul diňinden tä gala çenli* ähli şäherlerde seždegähleri* gurýardylar+. 10 Her baýyrda, uly agajyň+ aşagynda keramatly sütünleri we keramatly pürsleri* dikýärdiler+. 11 Olar Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklary ýaly, her bir seždegähde gurbanlyk ýakýardylar+. Erbet işleri edip, Ýehowanyň göwnüne degýärdiler.

12 Ýehowa: «Butlara sežde etmäň!»+ diýip tabşyrsa⁠-⁠da, ýigrenji butlara* çokunýardylar+. 13 Ýehowa pygamberleri we görgürleri* arkaly Ysraýyl bilen Ýahuda halkyna: «Ýaman ýoluňyzy goýuň! Pygamberlerim arkaly ata⁠-⁠babalaryňyza we size beren tabşyryklarymy, permanlarymy, tutuş kanunymy berjaý ediň» diýip duýdurýardy+. 14 Ýöne olar gulak asmadylar, Ýehowa Hudaýa iman etmedik ata⁠-⁠babalary ýaly, boýnuýogynlyk etdiler+. 15 Hudaýyň kanunlaryny, ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtini+, öwüt⁠-⁠ündewlerini* äsgermezlik etdiler+. Ýehowa goňşy halklara meňzemäň diýse⁠-⁠de+, şol halklaryň yzyna eýerdiler. Dereksiz butlara sežde edip+, özleri⁠-⁠de dereksiz boldular+.

16 Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryny bozup, iki göläniň butuny ýasadylar+, keramatly pürs* dikdiler+, asman jisimlerine* tagzym etdiler+ we Bagala sežde etdiler+. 17 Hatda ogul⁠-⁠gyzlaryny hem otda ýakyp gurban berdiler+, palçylyk edip+, täleýe garadylar. Ýehowanyň ýigrenýän işlerine bütin ýüregi bilen berlip*, Hudaýyň göwnüne degdiler.

18 Şol sebäpli Ýehowanyň Ysraýyla gahary gelip, olary huzuryndan ýok etdi+, diňe ýahuda taýpasyny galdyrdy.

19 Emma ýahudalar hem Ýehowanyň tabşyryklaryny bozdular+. Olar hem ysraýyllaryň däp⁠-⁠dessurlaryna eýerdiler+. 20 Şonda Ýehowa bütin Ysraýyl neslinden ýüz öwürdi. Olary kemsidip, talaňçylaryň eline berdi, bütinleý ýok etdi*. 21 Hudaý Ysraýyly Dawudyň öýünden sogrup aldy. Ysraýyllar Nebatyň ogly Ýerobgamy patyşa bellediler+. Ýerobgam bolsa halky ýoldan çykardy, Ýehowadan daşlaşdyryp, agyr günä etdirdi. 22 Ysraýyllar Ýerobgamyň erbet işlerine baş goşup, olardan el çekmedi+. 23 Ahyry Ýehowa pygamberleri arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyllary huzuryndan kowdy+. Ysraýyllar Assiriýa ýesirlige äkidildi+, olar häzirem şol ýerde ýaşaýar.

24 Soňra Assiriýa patyşasy ysraýyllara derek Samariýanyň şäherlerine Wawilondan, Kutahdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan+ adamlary getirdi. Olar Samariýany eýeläp, şäherlerinde ýaşap başladylar. 25 Göçüp gelen halklar başda Ýehowadan gorkmaýardy. Ýehowa olaryň üstüne ýolbarslary iberip+, adamlary öldürtdi. 26 Şonda Assiriýa patyşasyna: «Ýesir alyp, Samariýanyň şäherlerine göçüren halklaryň ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini* bilmeýän eken. Hudaý hem ýolbarslary iberip, olary birýandan gyryp otyr, sebäbi hiç kim ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini bilenok» diýip habar berdiler.

27 Şonda Assiriýa patyşasy: «Ýesir düşen ruhanylaryň birini yzyna iberiň. Goý, ol adamlara ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini öwretsin» diýip buýruk berdi. 28 Şeýlelikde, Samariýadan ýesir alnan ruhanylaryň biri yzyna gidip, Beýtelde+ ýaşap başlady we şol halklara Ýehowadan gorkmagy öwretdi+.

29 Emma olar haýsy şäherde ýaşasalar⁠-⁠da, öz taňrylaryny ýasadylar, samariýalylaryň depelerde guran seždegählerinde butlaryny goýdular. 30 Wawilonlylar Sukot⁠-⁠benot butuny, kutlylar Nergal butuny, hamatlylar+ Aşyma butuny, 31 awalylar bolsa Nephaz bilen Tartag butuny ýasadylar. Separwaýymlylar Adrammälik we Anamälik taňrylary üçin ogullaryny⁠-⁠da otda ýakýardylar+. 32 Olar Ýehowadan gorksalar⁠-⁠da, ýönekeý halkdan ruhanylary belleýärdiler, olar bolsa depelerdäki seždegählerde hyzmat edýärdiler+. 33 Şol halklar Ýehowadan gorksalar⁠-⁠da, watanyndaky dini däp⁠-⁠dessurlara eýerip, öz taňrylaryna çokunýardylar+.

34 Olar häzire çenli öňki dinlerine uýýarlar. Hiç biri Ýehowa sežde etmeýär, Ýehowanyň Ýakubyň ogullaryna beren düzgünlerini, hökümlerini, kanunlaryny we tabşyryklaryny ýerine ýetirmeýär. Hudaý Ýakubyň adyna Ysraýyl goýupdy+. 35 Ýehowa olar bilen äht baglaşanda+: «Başga taňrylara sežde etmäň*, tagzym etmäň, sygynmaň we gurbanlyk bermäň+. 36 Güýç⁠-⁠kuwwatly goly bilen sizi Müsür ýurdundan çykaran Ýehowa sežde ediň, diňe oňa tagzym edip, gurbanlyk beriň+. 37 Hudaýyň size ýazyp beren düzgünlerini, hökümlerini, kanunlaryny we tabşyryklaryny birkemsiz berjaý ediň+, başga taňrylara sežde etmäň*. 38 Siz bilen baglaşan ähtimi ýatdan çykarmaň+, başga taňrylara sežde etmäň. 39 Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkuň, sizi ähli duşmanlaryňyzdan diňe ol halas eder» diýipdi.

40 Emma halklar gulak asmadylar, öňki dinlerine uýdular+. 41 Olar Ýehowadan gorkýardylar+, ýöne öz butlaryna⁠-⁠da çokunýardylar. Çagalary, agtyklary hem häzire çenli ata⁠-⁠babalarynyň edenini gaýtalaýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş