1-NJI BÖLÜM
(1—41-nji aýdymlar)
1 Erbetleriň maslahatyna eýermeýän,
Günäkärleriň ýolundan ýöremeýän+,
Ýaňsylaýjylar bilen oturmaýan+ adam bagtlydyr.
 2 Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär+.
Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar+.
 3 Ol akar suwuň ýakasynda ekilen,
Miwesini möwsüminde berýän,
Ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar.
Ähli işinde üstünlik gazanar+.
 4 Erbetleriň ýagdaýy beýle däldir.
Olar ýele sowrulan saman kimindir.
 5 Erbetler jezadan gaçyp bilmez+,
Günäkärler dogruçyllaryň arasynda bolmaz+.
 6 Ýehowa dogruçyl adamyň ýoluny bilýär+,
Erbediň ýoluny bolsa ýok eder+.