Zebur
2 Milletler näme üçin gaharlanýar?
Halklar näme üçin biderek zatlar hakda oýlanýar?+
3 Olar: «Bize salnan gandaly döweliň,
Ýüpüni üzüp taşlalyň!» diýýärler.
4 Göklerde oturan olaryň üstünden güler.
Ýehowa olary ýaňsylar.
5 Olar bilen gazaply gepleşer,
Gazap ody bilen gorkuzar.
6 Ol: «Mukaddes dagym Sionda+
Patyşamy belledim»+ diýer.
7 Men Ýehowanyň permanyny yglan edeýin.
Hudaý maňa şeýle diýdi: «Sen meniň oglum+,
Şu gün seniň ataň boldum+.
8 Isleseň, milletleri miras goýaýyn,
Ýer ýüzüni ygtyýaryňa bereýin+.
10 Indi bolsa, eý patyşalar, akylyňyza aýlanyň!
Eý ýer ýüzüniň kazylary, terbiýäni kabul ediň!
11 Ýehowadan gorkuň, oňa gulluk ediň,
Çuňňur hormat goýuň, şatlanyň.
12 Ogluny hormatlaň*+, ýogsam Alla gazaplanar,
Ýoluňyzda heläk bolarsyňyz+.
Sebäbi Allanyň gahary tiz tutaşýandyr.
Hudaýy pena edinen bagtlydyr!