Ýehowanyň sözi diri
Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler.
ÝARADYJYMYZ Ýehowa Hudaýa öwgi aýdýan nagmalardan düzülen kitaba näme at berse bolar? Zebur ýa-da Mezmurlar ady has ýerlikli bolsa gerek. Mukaddes Ýazgylaryň iň uly kitaby şirin sözli nagmalardan ybarat. Şol aýdymlarda Hudaýyň häsiýetleri, gudratly işleri hem-de ençeme pygamberlikler barada aýdylýar. Mezmurlary ýazanlaryň köpüsi başdan geçiren agyr ýagdaýlaryny gürrüň berýärler. Bu kitap takmynan müň ýyly — Musa pygamberiň günlerinden başlap, tä ysraýyllylaryň ýesirlikden gelen döwrüne çenli — öz içine alýar. Ony Musa pygamber, Dawut patyşa we başgalar ýazypdyrlar. Ezra atly ruhany kitaby jemlän bolmaly.
Gadym wagtlardan bäri, Zebur kitabyny bäş bölüme, ýagny aýdymlar ýygyndysyna bölýärler: 1) Zebur 1—41; 2) Zebur 42—72; 3) Zebur 73—89; 4) Zebur 90—106 we 5) Zebur 107—150. Şu makalada biz birinji bölümine serederis. Şu bölüme degişli 1-nji, 10-njy we 33-nji mezmurlary kimiň ýazandygy belli däl, ýöne beýleki mezmurlaryň hemmesini Dawut patyşa ýazypdyr.
«HUDAÝYM, SYGYNÝAN GAÝAM»
Birinji mezmurda keýpi diňe Ýehowanyň kanunynda bolan adama bagtly diýilýär, ikinji mezmurda bolsa, esasan, Patyşalyk hakda gürrüň edilýära. Şu mezmurlarda Hudaýa köplenç haýyş bilen ýüzlenilýär. Meselem, Zeburyň 3—5, 7, 12, 13 we 17-nji mezmurlarda duşmanlardan halas etmegi haýyş edilýär. 8-nji mezmurda welin, Ýehowanyň beýikligi we adamyň ejizligi deňeşdirilýär.
Ýehowanyň öz halkyny goraýandygyny aýdyp, soňra Dawut: «Hudaýym, sygynýan gaýam» diýýär (Zebur 18:2). 19-njy mezmurda Ýehowa Ýaradyjy hem Kanun beriji, 20-nji mezmurda Halasgär we 21-nji mezmurda bolsa Patyşanyň Halasgäri hökmünde şöhratlandyrylýar. 23-nji mezmur Hudaýy Beýik Çopan hökmünde suratlandyrsa, 24-nji mezmur ony şöhratly Patyşa hökmünde beýgeldýär.
Sowallaryň jogaby:
2:1, 2 — Halklaryň pikir edýän «puç zatlary» näme? «Puç zatlar» ynsan hökümetleriniň häkimiýeti elinde hemişelik saklamak üçin edýän üznüksiz aladalaryny aňladýar. Muňa «puç», ýagny boş zat diýse bolar, sebäbi olaryň maksady hiç haçan başa barmaz. Eýsem, milletler «Rebbe garşy we Onuň Mesihine garşy» çykyp, heý-de üstünlik gazanyp bilermi?
2:7 — «Rebbiň permany» diýmek näme aňladýar? Şol perman Patyşalyk barada ähti aňladýar. Ýehowa şol ähti söýgüli Ogly Isa Mesih bilen baglaşypdy (Luka 22:28, 29).
2:12 — Milletleriň hökümdarlary haýsy manyda «Ogly öpmeli»? Mukaddes Ýazgylar ýazylan döwri birini öpmek dostlugy we wepadarlygy aňladýardy. Myhmanlary güler ýüz bilen öpüp garşy alýardylar. Dünýäniň patyşalaryna Ogly öpmäge, ýagny ony Mesihi Patyşa hökmünde garşy almaga buýruk berilýär.
3-nji mezmur. Käbir mezmurlaryň başynda näme üçin giriş sözleri berilýär? Şol giriş sözlerinde käwagt mezmury kimiň düzendigi aýdylýar hem-de nähili ýagdaýlarda düzülendigi hakda maglumat berilýär. Muny 3-nji mezmuryň mysalyndan görüp bolýar. Şeýle-de giriş sözleri şol nagmanyň maksadyny ýa-da ulanylyşyny (4-nji we 5-nji mezmur) düşündirýär hem-de çalynmaly saz guraly (6-njy mezmur) agzap geçýär.
3:2 — «Sela» sözi näme aňladýar? Bu söz ýöne nagma aýdyp durkaň ýa-da saz çalyp, nagma aýdyp durkaň, ümsüm oýlanmaga dyngy bermek üçin goýlupdyr. Ýaňy aýdylan pikiri ýa duýgyny has-da täsirli etmek üçin dyngy goýulýar. Zebur kitabyny köpçüligiň öňünde okanyňda, şol sözi okamak gerek däl.
11:3 — Haýsy binalar ýykylýar? Şol binalar adamzat jemgyýetiniň daýanýan zatlary — kanunlar, tertip-düzgün we adalatlylyk. Eger-de şol zatlarda tertip bolmasa, onda jemgyýetde bulam-bujarlyk başlaýar we hiç hili adalatlyk bolmaýar. Şeýle ýagdaýlarda «dogry adam» bütin ýüregi bilen Ýehowa bil baglamaly (Zebur 11:4—7).
21:3 — «Sap altyndan täjiň» manysy näme? Şu aýatda hakyky täç barada ýa-da Dawudyň köp ýeňişleri bilen gazanan şöhraty hakda aýdylýany, anyk belli däl. Ýöne şu aýat — pygamberlik. Ol Isanyň 1914-nji ýylda Ýehowadan alan patyşalyk täjini aňladýar. Şol täjiň sap altyndan bolmagy Mesihiň hökümdarlygynyň iň oňat hökümdarlyk boljakdygyny aňladýar.
22:1, 2 — Dawut näme üçin Ýehowa ony terk edendir öýdýär? Dawut duşmanlaryndan şeýle köp azar çekdi welin, «ýüregi içinde mum kimin ereýärdi» (Zebur 22:14). Hatda Ýehowa-da ony terk edendir öýtdi. Pürse çüýlenende, Isa-da özüni şeýle duýýardy (Matta 27:46). Dawudyň sözleri alaçsyz ýagdaýda adamlaryň özüni alyp barşyny oňat görkezýär. Ýöne Zebur 22:16—21-nji aýatlardaky sözler Dawudyň şonda-da Hudaýa bil baglandygyny görkezýär.
Biziň üçin sapaklar:
1:1. Ýehowany söýmeýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşmaly däl (1 Korintoslylar 15:33).
1:2. Biz ruhy zatlar hakda her gün oýlanmaly (Matta 4:4).
4:4. Gaharymyz gelse ýa-da ganymyz gyzsa, onda dilimizi saklasak, paýhasly bolardy. Sebäbi aýdan sözlerimize soňra ökünmegimiz mümkin (Efesliler 4:26).
4:5. Niýetimiz päk bolsa hem-de Ýehowanyň talaplary boýunça ýaşasak, diňe şonda biziň ruhy gurbanlarymyza «dogrulyk gurbanlary» diýip bolar.
6:5. Eýsem, biz nähili maksat bilen ýaşamaly? (Zebur 115:17).
9:12. Ýehowa ganhora temmi bermek üçin dökülen ganyň öjüni alsa-da, ol «horluk çekýänleriň perýadyny» hem ýada salýandyr.
15:2, 3; 24:3—5. Hudaýyň hakyky gullukçylary hakykaty aýdýarlar hem-de ýalandan kasam etmeýärler we töhmet atmaýarlar.
15:4. Beren sözümiz Mukaddes Ýazgylara garşy gelmeýän bolsa, onda näçe kyn bolaýanda-da, elimizden gelenini edip, sözümizde durmaly.
15:5. Ýehowa sežde edýän adamlar puluny peýda görmek üçin ulanmaýar.
17:14, 15. Bu dünýäniň adamlary baý ýaşamak, maşgala eklemek hem-de çagalaryna miras galdyrmak bilen başagaýdy. Ýöne Dawut Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanyp, Ýehowanyň «ýüzüni görmek», ýagny merhemetini gazanmak isleýärdi. Dawut Ýehowanyň wadalaryna we sözlerine «oýanyp», Onuň «didaryndan doýardy», ýagny Ýehowanyň öz ýanyndadygyna şatlanardy. Eýsem, Dawutdan görelde alyp, biz hem ruhy hazynanyň gymmatyny bilmeli dälmi, näme?
19:1—6. Dilsiz ýa düşünjesiz tebigat Ýehowany şöhratlandyrýan bolsa, onda pikirlenip, gürläp we sežde edip bilýän biziňem has-da köp şöhratlandyrasymyz gelmezmi? (Ylham 4:11).
19:7—11. Ýehowanyň kadalary bize peýdaly!
19:12, 13. Biz hatalardan we bilkastlaýyn günälerden ägä bolmaly.
19:14. Biz diňe näme edýändigimize däl-de, näme hakda gürleýändigimize we pikir edýändigimize hem üns bermeli.
«SEN MENI AÝYPSYZLYGYMDA BERKIDÝÄRSIŇ»
Şu toparyň ilkinji iki mezmurynda Dawut aýypsyzlygyny saklamak isleýändigini we muny ýüregine berk düwendigini aýdýar! «Emma men aýypsyzlykda gezerin» diýip, aýdym aýdýar (Zebur 26:11). Günäleriniň ötülmegi hakda doga edip: «Men dymanymda bütin gün iňňildimden süňklerim garrady» diýýär (Zebur 32:3). Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny bolsa Dawut şeýle ynandyrýar: «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» (Zebur 34:15).
Zeburyň 37-nji mezmurynda berlen maslahat ysraýyllylara uly kömek bolupdy. Şol maslahat biz üçin-de peýdaly, sebäbi biz häzirki zalym dünýäniň «soňky günlerinde» ýaşaýarys ahyryn! (2 Timoteos 3:1—5). Onsoňam, Zebur 40:7, 8-nji aýatlarda Isa Mesih hakda pygamberlik aýdylýar: «Ine, gelýärin; kitapda men barada ýazylgydyr. Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir». Şu ýygyndynyň soňky mezmurynda Dawut Batşeba bilen eden günäsinden soňky agyr ýyllarynda Ýehowadan kömek etmegi haýyş edýär. «Sen meni aýypsyzlygymda berkidýärsiň» diýip, aýdym aýdýar (Zebur 41:12).
Sowallaryň jogaby:
26:6 — Dawutdan görelde alyp, göçme manyda, bizem nädip Ýehowa gurbanlyk edilýän ýeriň daşyndan aýlanyp bileris? Gurbanlyk edilýän ýer Isa Mesihiň adamlaryň günäsini ýuwmak üçin beren töleg gurbanyny Ýehowanyň kabul edýändigini aňladýar (Ýewreýler 8:5; 10:5—10). Şol töleg gurbanyna iman edip, biz Ýehowanyň gurbanlyk edilýän ýeriniň daşyndan aýlanýarys.
29:3—9 — Ýehowanyň sesiniň eýmenç ýyldyryma meňzedilmegi bilen näme suratlandyrylýar? Diňe Ýehowanyň haýbatly güýjüni suratlandyrýar!
33:6 — Ýehowanyň «demi» diýmek näme aňladýar? Bu dem Ýehowanyň hereketdäki güýji, ýagny mukaddes ruhy. Ol mukaddes ruhy bilen göze görünýän gökleri ýaratdy (Barlyk 1:1, 2). Onuň deme meňzedilmeginiň sebäbi, käbir işleri etmek üçin uzakdan iberip bilýär.
35:19 — Dawudyň: «Meni ýigrenýänler biri-birine göz gypyşmasyn» diýen haýyşyna nähili düşünmeli? Duşmanlary biri-birine göz gypyşsa, diýmek, olaryň Dawuda garşy guran betniýetleriniň amala aşandygyny, indi bolsa heşelle kakýandygyny görkezerdi. Ýöne Dawut beýle zadyň bolmazlygyny haýyş edýär.
Biziň üçin sapaklar:
26:4. Biz Internetiň gybat otagynda özüniň kimligini gizleýän adamlar bilen, mekdepde ýa işde öz nebsi üçin dostsyraýanlar bilen hem-de özüni ak ýürekli görkezjek bolýan imandan dänenler we ikiýüzli ýaşaýanlar bilen gatnaşyk saklamasak paýhasly bolar.
26:7, 12; 35:18; 40:9. Biz Ýehowany ýygnagyň duşuşygynda şöhratlandyrmaly.
26:8; 27:4. Biz ýygnagyň duşuşyklaryna barmagy halaýarysmy?
26:11. Aýypsyzlygyny saklamagy ýüregine berk düwendigini aýtsa-da, Dawut halas etmegi hem haýyş etdi. Hawa, bikämilligimize garamazdan, bizem aýypsyzlygymyzy saklap bileris.
29:10. Ýehowanyň tupanyň ýa-da gökdäki deňziň üstünde oturmagy onuň uly güýje eýedigini we ony doly dolandyrýandygyny aňladýar.
30:5. Ýehowanyň esasy häsiýeti gahar-gazap däl-de, söýgi.
32:9. Ýehowa biziň diňe uýana ýa gamça baş berýän at ýa gatyr ýaly bolmagymyzy islänok. Tersine, ol biziň Hudaýyň islegine düşünip, oňa gulak asmagymyzy isleýär.
33:17—19. Adamlaryň döreden guramalary näçe güýçli bolsa-da, hiç hili gutulyş getirip bilmez. Biz Ýehowa we onuň Patyşalygyna bil baglamaly.
34:10. Şu sözler Patyşalygy durmuşynda birinji orunda goýýanlary ruhlandyrýan bolsa gerek!
39:1, 2. Erbet adam imandaşymyza ýamanlyk etmek üçin bizden bir zat sorasa, onda biz «dilimizi jylawlap», hiç zat aýtmasak, paýhasly bolar.
40:1, 2. Ýehowa umyt baglap, göwnüçökgünlige hötde gelip bileris, ýagny «heläkçilik çukuryndan, batgalyk laýyndan çykmaga» kömek eder.
40:5, 12. Ýehowanyň berýän bereketleriniň «sanardan köpdügini» ýatda saklasak, onda ýamanlyklar we günälerimiz näçe bolsa-da, biz olara hötde gelip bileris.
«Ysraýyl Hudaýy Reb... mübärekdir!»
Birinji bölümiň 41 mezmury, gör, nähili göwünlik berýär we ruhlandyrýar! Biz synaga düşsek-de, hapa wyjdan ezýet berse-de, Hudaýyň Sözüniň şu täsirli bölümi güýç berip, göwnümizi göterer (Ýewreýler 4:12). Şeýle-de şu mezmurlar durmuş üçin peýdaly maslahatlar berýär. Onsoňam, nähili kynçylyga duşsak-da, Ýehowanyň bizi terk etmejekdigi telim sapar aýdylýar.
Mezmurlaryň birinji bölümi şeýle sözler bilen jemlenýär: «Ysraýylyň Hudaýy Reb ezelden ebede çenli mübärekdir! Omyn we omyn» (Zebur 41:13). Şu mezmurlary okap, eýsem, Ýehowany şöhratlandyrasyň gelmezmi?
[Çykgyt]
a Zeburyň 2-nji mezmury birinji gezek Dawudyň günlerinde ýerine ýetdi.