Isa patyşa wepaly gulluk edýäris
«Hemme halklar, milletler we diller gulluk eder ýaly, oňa hökümdarlyk, mertebe hem patyşalyk berildi» (DANIÝEL 7:14).
1, 2. B. e. 33-nji ýylynda Patyşalyk häkimiýetiniň Isanyň eline doly geçmändigini nireden bilýäris?
HAÝSY hökümdar raýatlary üçin janyny berdi we soňra direlip, olar patyşalyk etdi? Haýsy patyşa ýer ýüzünde ýaşap, raýatlarynyň ynamyna girdi we olaryň wepaly bolmagyny gazandy, soňra bolsa gökden höküm sürdi? Muny diňe Isa Mesih başardy (Luka 1:32, 33). Isa öldi, direldi, soňra göge galdy. B. e. 33-nji ýylynda Pentikost güni bolsa, Hudaý «ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi» (Efesliler 1:20—22; Resullaryň işleri 2:32—36). Isa şol wagt höküm sürüp başlasa-da, häkimiýeti eline doly almandy. Isanyň ilkinji raýatlary mesh edilen mesihçilerdi. Ruhy Ysraýyl, ýagny «Hudaýyň Ysraýyly» bolsa şol mesihçilerden ybarat (Galatýalylar 6:16; Koloseliler 1:13).
2 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden takmynan 30 ýyl geçipdi. Pawlus resul mesihçilere Hudaýyň Patyşalygynyň häkimiýeti Isanyň eline doly geçmese-de, «Hudaýyň sagynda oturdy. Şondan bäri hem duşmanlarynyň Öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşýar» diýip ýazdy (Ýewreýler 10:12, 13). Soňra I asyryň aýagynda Ýahýa resula görnüş berildi. Şol görnüşde ol Älemiň Hökümdary Ýehowanyň gökdäki täze Patyşalygyň tagtyna Isa Mesihi çykaryşyny gördi (Ylham 11:15; 12:1—5). 1914-nji ýylda Isanyň patyşalyk tagtyna çykandygyny taryh hem subut edýär.a
3. a) Patyşalyk baradaky hoş habar 1914-nji ýyldan başlap, nädip täzeçe wagyz edilip başlandy? b) Biz özümize nähili soraglar bermeli?
3 Hawa, 1914-nji ýyldan başlap, Patyşalyk baradaky hoş habar täzeçe wagyz edilip başlandy. Sebäbi Isa gökdäki patyşalygynyň Patyşasy hökmünde «[öz] duşmanlarynyň ortasynda» aýgytly höküm sürüp başlady (Zebur 110:1, 2; Matta 24:14; Ylham 12:7—12). Galyberse-de, bütin ýer ýüzünde Isanyň wepaly raýatlary onuň häkimiýetine tabyn bolup, bütin dünýäde Mukaddes Ýazgylary öwretmek boýunça uly iş geçirýärler. Bu iş adamzat taryhynda şeýle möçberde hiç haçan geçirilmändi (Daniýel 7:13, 14; Matta 28:18). Onsoňam, mesh edilen mesihçiler, ýagny «Patyşalygyň ogullary» «Mesihiň ilçileri» hökmünde gulluk edýärler. Isanyň ençeme «başga goýunlary» bolsa Hudaýyň Patyşalygynyň wekilleri hökmünde mesh edilen mesihçilere köp kömek edýärler (Matta 13:38; 2 Korintoslylar 5:20; Ýahýa 10:16). Muňa garamazdan, Isanyň häkimiýetini ýürekden ykrar edýändigimiz barada oýlanmaly. Biz oňa hemişe wepalymy? Gökde höküm sürýän Patyşa wepadarlygymyzy nädip görkezip bileris? Geliň, ilki bilen, Isa wepaly bolmaga nähili sebäpleriň bardygyna seredeliň.
Wepaly bolmaga isleg döredýän Patyşa
4. Isa geljekki patyşa hökmünde ýer ýüzünde gulluk edende, nämeler etdi?
4 Biz Isanyň häsiýetlerine we eden gowy işlerine minnetdar. Şonuň üçinem biz oňa wepaly (1 Petrus 1:8). Isa patyşalyk häkimiýetini doly ele alanda, uly möçberde nämeler etjekdigini ýer ýüzünde gulluk eden wagty görkezdi. Ol aç adamlary doýurdy, kesel adamlary, körleri, çolaklary, kerleri we lallary sagaltdy. Isa hatda ölen adamlary direldip, güýjüni görkezdi (Matta 15:30, 31; Luka 7:11—16; Ýahýa 6:5—13). Şeýle-de, Isanyň ýerdäki ýaşaýşy barada bilim alyp, ýeriň üstünden höküm sürjek hökümdaryň häsiýetlerini, esasanam, janaýamaýan söýgüsini bilýäris (Markus 1:40—45). Bu babatda Banapart Napaleon: «Aleksandr, Sezar, Beýik Karl we men dünýä imperiýasyny döretdik; ýöne biz muňa nädip ýetdik? Zorluk bilen ýetdik. Isa bolsa, öz patyşalygyny söýgi bilen berkarar etdi, şonuň üçin şu günler millionlarça adamlar Onuň üçin ölmäge taýyn» diýipmiş.
5. Näme üçin Isanyň häsiýeti adamlary özüne çekýärdi?
5 Isa mylaýym hem pes göwünlidi. Şol sebäpli sütem-horlukdan hem kynçylyklardan ýaňa ýadan adamlar Isanyň taglymatyny diňläp, dynçlyk tapýardy, onuň mähirli häsiýeti bolsa özüne çekýärdi (Matta 11:28—30). Çagalar onuň ýanynda özüni arkaýyn duýýardy. Pes göwünli hem düşünjeli adamlar şägirdi bolmak isleýärdiler (Matta 4:18—22; Markus 10:13—16). Ol özüni ünsli we mähirli alyp baryp, Hudaýdan gorkýan aýallaryň wepadarlygyny gazandy. Isa gulluk edip biler ýaly, birtopar aýallar oňa emlägi bilen gulluk edip, wagtyny, güýjüni sarp edýärdi (Luka 8:1—3).
6. Lazaryň ölümi hakda eşidip, Isa näme etdi?
6 Lazar atly dostunyň ölendigini eşidip, Isa bozuldy. Ol Merýem bilen Martanyň aglaýanyny görüp, saklanyp bilmän, ruhda gynanyp, «aglady». Ol Lazary tizden baryp direltjegini bilse-de, agydan ýaňa, onuň «ýüregi gyýyldy». Soňra Isa söýgi hem duýgudaşlyk bilen Hudaýyň beren güýjüni ulanyp, Lazary direltdi (Ýahýa 11:11—15, 33—35, 38—44).
7. Isa näme üçin wepadarlyga mynasyp? (Çarçuwa seret).
7 Isanyň dogrulygy söýşi hem-de ikiýüzlüligi we erbetligi ýigrenişi hakda okap, oňa hormatymyz has-da artýar. Isa iki gezek ybadathanany arassalamak üçin betnebis söwdegärleri aýgytly kowdy (Matta 21:12, 13; Ýahýa 2:14—17). Onsoňam, ýer ýüzünde ýaşap, Isa dürli synaglary başdan geçirdi, şol sebäpli-de, biziň görýän sütemlerimize we duşýan kynçylyklarymyza gowy düşünýär (Ýewreýler 5:7—9). Şeýle-de Isa ýigrenilmegiň we adalatsyzlygyň nämedigini gowy bilýärdi (Ýahýa 5:15—18; 11:53, 54; 18:38—19:16). Soňra raýatlaryna ebedi ýaşaýşy bermek üçin Atasynyň islegini ýerine ýetirip, wagşylarça öldürilmäge razy boldy (Ýahýa 3:16). Eýsem, Isanyň şeýle häsiýetleri üçin oňa wepaly gulluk edesiňiz gelenokmy? (Ýewreýler 13:8; Ylham 5:6—10). Ýöne Isa Patyşa raýatlaryndan näme talap edýärkä?
Raýatlar üçin talap
8. Isanyň raýatlaryndan näme talap edilýär?
8 Şu meňzetme barada oýlanyp gör: bir ýurduň raýaty bolmak üçin aýratyn talaplara laýyk gelmeli. Mümkin, gelejekki raýat abraýly we sagdyn adam bolmalydyr. Şonuň ýaly Isanyň raýatlary ahlak taýdan arassa we ruhy taýdan sagdyn bolmaly (1 Korintoslylar 6:9—11; Galatýalylar 5:19—23).
9. Biz Isa wepadarlygymyzy nädip görkezip bileris?
9 Isa Mesihiň hem raýatlaryndan özüne we Patyşalygyna wepaly bolmagy talap etmäge haky bar. Meselem, olar Patyşa Isanyň ýer ýüzünde öwreden zatlary boýunça ýaşamaly. Patyşalygy we Hudaýyň islegini maddy baýlykdan birinji orna goýmaly (Matta 6:31—34). Olar hatda iň kyn ýagdaýlarda-da özüni Isa ýaly alyp barmaga çalyşýarlar (1 Petrus 2:21—23). Galyberse-de, raýatlar Isanyň göreldesine eýerip, adamlara ýagşylyk edýärler (Matta 7:12; Ýahýa 13:3—17).
10. Isa wepalydygymyzy a) maşgalada we b) ýygnakda nädip görkezip bileris?
10 Isanyň şägirtleri maşgalasynda-da ondan görelde alyp, oňa wepalydygyny görkezýärler. Mysal üçin, ärler aýaly we çagalary bilen özüni Isa ýaly alyp barsa, gökdäki Patyşasyna wepalydygyny görkezýär (Efesliler 5:25, 28—30; 6:4; 1 Petrus 3:7). Aýallar bolsa Isa wepalydygyny päk edim-gylym, «ýumşak, ýuwaş ruh» bilen görkezýär (1 Petrus 3:1—4; Efesliler 5:22—24). Çagalaram Isadan görelde alyp, öz ene-atasyna gulak assalar, onda oňa wepalydygyny görezýärler. Sebäbi ene-atasy bikämil bolsa-da, Isa olara gulak asýardy (Luka 2:51, 52; Efesliler 6:1). Isanyň raýatlary onuň «dertdeş, dogan söýer, rehimdar» häsiýetlerine birkemsiz eýermäge çalyşýarlar. Olar Isa ýaly «kiçigöwünli bolup, ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermejek» bolýarlar (1 Petrus 3:8, 9; 1 Korintoslylar 11:1).
Kanuny berjaý edýän raýatlar
11. Isanyň raýatlary haýsy kanunlara tabyn bolmaly?
11 Geljekki raýatdan ýurduň kanunyny berjaý etmegi talap etmek dogry bolardy. Isanyňam raýatlary onuň öwredişi we tabşyryşy boýunça ýaşap, «Mesihiň kanunyny» berjaý edýärler (Galatýalylar 6:2). Aýratynam, olar «Patyşalyk kanuny», ýagny söýgi boýunça wepaly ýaşaýarlar (Ýakup 2:8). Bu kanunlar nämä borçly edýär?
12, 13. Biz «Mesihiň kanunyny» nädip wepaly berjaý edýäris?
12 Elbetde, Isanyň raýatlary hem bikämilligi sebäpli ýalňyşýarlar (Rimliler 3:23). Şonuň üçin olar «birek-biregi ýürekden yhlas bilen» söýmek üçin, «dogan söýgüsini» ösdürmeli (1 Petrus 1:22). Mesihçiler «birew birewden kineli bolsa», onda Mesihiň kanuny boýunça «biri-birine sabyr-takatly bolup, birek-biregi bagyşlaýarlar». Şol kanun adamlaryň ýalňyşlaryna üns bermän, gaýtam, söýmegi öwredýär. Eýsem, söýgüden doly Patyşa wepaly tabyn bolup, «kämil birligiň bagy bolan söýgini geýen» adamlaryň arasynda ýaşasyň gelenokmy? (Koloseliler 3:13, 14).
13 Isanyň görkezen söýgüsi adamlaryň arasyndaky adaty söýgüden tapawutlanýar (Ýahýa 13:34, 35). Eger-de biz özümizi söýýänleri söýsek, «artykmaç iş etmeýäris». Söýgimiz hem ýürekden bolmaz. Hudaýyň söýgüsinden görelde alyp, Isa bizi ýigrenýänleri we yzarlaýanlary söýmegi öwretdi (Matta 5:46—48). Şol söýgi Patyşalygyň raýatlaryna esasy işini dowam edip, wepaly bolmaga kömek edýär. Ol nähili iş?
Wepadarlygy synalýar
14. Wagyz etmek näme üçin şeýle wajyp?
14 Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary «Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmeli» (Resullaryň işleri 28:23). Bu işi ýerine ýetirmek wajyp, sebäbi ol Ýehowanyň hökümdarlygyny aklar (1 Korintoslylar 15:24—28). Biz hoş habary wagyz edip, adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmaga mümkinçilik berýäris. Şeýle-de Isa patyşa adamlaryň şol habara garaýşyna esaslanyp, höküm çykarar (Matta 24:14; 2 Selanikliler 1:6—10). Diýmek, Patyşalyk barada adamlara wagyz edip, Isanyň tabşyrygyny berjaý edýäris we oňa wepalydygymyzy görkezýäris (Matta 28:18—20).
15. Näme üçin mesihçileriň wepadarlygy synalýar?
15 Şeýtan wagyz işine dürli ýollar bilen päsgel berýär, ynsan häkimiýetleri-de Hudaýyň Isa beren häkimiýetine tabyn bolasy gelmeýär (Zebur 2:1—3, 6—8). Şonuň üçin Isa şägirtlerine: «Gul öz agasyndan uly däldir» diýen sözümi ýada salyň. Olar Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar» diýip duýdurdy (Ýahýa 15:20). Şonuň üçin Isanyň şägirtleri ruhy söweşe gatnaşýarlar. Şeýdip olaryň wepalylygy synalýar (2 Korintoslylar 10:3—5; Efesliler 6:10—12).
16. Patyşalygyň raýatlary nädip «Hudaýyňkyny Hudaýa» berýärler?
16 Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary göze görünmeýän Patyşasyna wepaly bolsa-da, ynsan häkimiýetlerine-de hormat goýýarlar (Titus 3:1, 2). Isa: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi (Markus 12:13—17). Şonuň üçin Isanyň raýatlary ynsan häkimiýetleriniň kanunlary Hudaýyň kanunyna garşy gelmese, onda ony berjaý edýärler (Rimliler 13:1—7). Ýöne ýehudylaryň mejlisi Hudaýyň kanunyna garşy gidip, wagyz işini ýatyrjak bolanlarynda Isanyň şägirtleri berk, ýöne hormat bilen: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» diýdiler (Resullaryň işleri 1:8; 5:27—32).
17. Wepalylygymyz synalanda, biz näme üçin batyrgaý bolup bileris?
17 Isanyň şägirtleri yzarlamalar wagty Patyşasyna wepaly bolmak üçin batyrgaý bolmaly. Isa şeýle diýdi: «Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz! Şat boluň, begeniň, gökde aljak sylagyňyz uludyr» (Matta 5:11, 12). Isanyň ilkinji şägirtleri bu sözleriň hakdygyna göz ýetirdiler. Patyşalyk barada wagyz edeni üçin ýenjilseler-de, olar begendiler, «çünki Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolupdylar. Olar her gün ybadathanada we öýden-öýe ders bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler» (Resullaryň işleri 5:41, 42). Size-de berekella diýesimiz gelýär, sebäbi kynçylyklara, keselçilige, dogan-garyndaşlaryň ölümine we yzarlamalara garamazdan, sizem Patyşa Isa wepaly galýaňyz (Rimliler 5:3—5; Ýewreýler 13:6).
18. Isanyň Pontius Pilatusa aýdan sözleri näme aňladýar?
18 Bellenen Patyşa Isa entek ýerdekä, Rim hökümdaryna Pontius Pilatusa: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl; patyşalygym bu dünýäden bolan bolsa, onda hyzmatkärlerim Meni ýehudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler, ýöne Meniň patyşalygym bu ýerden däl» diýdi (Ýahýa 18:36). Şonuň üçin Patyşalygyň raýatlary eline ýarag almaýarlar we uruşlarda hiç kimiň tarapyny tutmaýarlar. Olar «Parahatlyk Şazadasyna» wepaly galyp, dünýädäki dawalara goşulman, doly bitaraplygyny saklaýarlar (Işaýa 2:2—4; 9:6, 7).
Wepaly raýatlaryň aljak ebedi sylagy
19. Isanyň raýatlary näme üçin gelejege umyt bilen garaşýarlar?
19 «Patyşalaryň Patyşasy» Isanyň wepaly raýatlary gelejege ynamly garaýarlar. Olar Hudaýyň gudratly güýjüni ulanyşyny görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Ylham 19:11—20:3; Matta 24:30). «Patyşalygyň ogullary», ýagny wepaly mesh edilen mesihçileriň galyndysy Isa bilen gökde patyşalyk etjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Matta 13:38; Luka 12:32). «Başga goýunlary» bolsa, Isanyň: «Eý Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň» diýip, aýtjak sözlerine garaşýarlar (Ýahýa 10:16; Matta 25:34). Şol sebäpli Patyşalygyň raýatlary hökmünde, geliň, hemmämiz Isa Patyşa wepaly gulluk edeliň.
a Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyna serediň. «1914-nji ýyl — Mukaddes Ýazgylara görä, ähmiýetli ýyl» atly goşmaça maglumat. 215—218-nji sahypalar.
Nähili düşündirersiňiz?
• Isa biziň wepadarlygymyza näme üçin mynasyp?
• Isanyň raýatlary wepadarlygyny nädip görkezýär?
• Biz näme üçin Isa Patyşa wepaly bolasymyz gelýär?
Isanyň ajaýyp häsiýetleri
Ýüzgörmezlik (Ýahýa 4:7—30).
Dertdeşlik (Matta 9:35—38; 12:18—21; Markus 6:30—34).
Janaýamaýan söýgüsi (Ýahýa 13:1; 15:12—15).
Wepalylyk (Matta 4:1—11; 28:20; Markus 11:15—18).
Duýgudaşlyk (Markus 7:32—35; Luka 7:11—15; Ýewreýler 4:15, 16).
Paýhaslylyk (Matta 15:21—28).