Ýehowa çopanlara sürini bakmagy öwredýär
«Çünki Reb hikmet berýändir, Onuň agzyndan bilim we düşünje çykýandyr» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 2:6)
1, 2. Suwda çokundyrylan erkek doganlar näme üçin ýygnakda borç almaga çalyşýarlar?
ÝEDI ýyl bäri ýaşuly bolup gulluk edýän Nik şeýle gürrüň berýär: «Meni ýaşuly bellänlerinde, örän begendim. Sebäbi indi Hudaýa has köp gulluk edip biljekdim. Maňa edýän ýagşylygy üçin Hudaýa minnetdarlyk bildiresim gelýärdi. Birwagt maňa ýaşulular köp kömek edipdi. Indi meniňem dogan-uýalara elimden gelen kömegi edesim gelýärdi». Nik şatlansa-da, biraz tolgunýardy. Ol: «Ýygnaga düşünjeli we paýhasly gözegçilik etmek üçin tejribäm ýokdy, sebäbi men entek otuzam ýaşamandym» diýýär.
2 Ýaşulularyň begenmäge köp sebäbi bar. Isanyň sözlerini getirip, Pawlus resul efesli ýaşululara şol sebäpleriň birini ýatlatdy: «Bermek almakdan bagtlydyr» (Resullaryň işleri 20:35). Suwda çokundyrylan erkek doganlar gulluk hyzmatçysy ýa-da ýaşuly bolup, Ýehowa we ýygnaga has-da köp berip bilerler. Meselem, gulluk hyzmatçysy ýaşululara kömek edýär. Şeýle-de olar wagtyňy köp alýan başga-da köp sanly zerur işleri edýär. Sebäbi doganlar Hudaýy hem-de ýakynyny söýýärler, şonuň üçinem şu gymmatly gullugy ýerine ýetirýärler (Markus 12:30, 31).
3. Käbir doganlar ýygnakda borç almaga näme üçin ýaýdanýarlar?
3 Suwda çokundyrylan erkek dogan başda hyzmatçy, soňra wagty bilen, ýaşuly bolmakdan ýaýdanmagy ahmal. Belki, ol muny başarmaryn öýdýändir. Mümkin, olam Nik ýaly, oňat çopan bolmak üçin özünde gerekli häsiýetler ýokdur öýdýändir. Senem şeýle doganlaryň birimi? Aslynda, olaryň alada etmeginiň sebäbi bar. Çünki çopanlar sürini bakyşy hakda Ýehowa hasabat berýärler. Bu barada Isa: «Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener» diýipdi (Luka 12:48).
4. Ýehowa bellenen doganlara sürini bakmaga nädip kömek edýär?
4 Eýsem, Ýehowa hyzmatçy hem ýaşuly bellenen doganlara goşmaça jogapkärçilik berip-de, olary kömeksiz goýýarmyka? Ýok, gaýtam, Ýehowa olara borjuny üstünlikli berjaý etmäge kömek edýär. Geçen makalada aýdylyşy ýaly, Ýehowa mukaddes ruhuny berýär. Mukaddes ruhuň miwesi bolsa olara goýunlar hakda mähirli alada etmäge kömek edýär (Resullaryň işleri 20:28; Galatýalylar 5:22, 23). Onsoňam, Ýehowa olara hikmet, bilim we düşünje berýär (Süleýmanyň tymsallary 2:6). Ol muny nädip edýärkä? Geliň, Ýehowanyň bellenen doganlara sürini bakmagy öwredişiniň üç usulyna seredeliň.
Tejribeli çopanlar öwredýär
5. Petrus we Ýahýa näme üçin ökde çopandylar?
5 Petrus we Ýahýa resul Mejlisiň öňünde durka, dünýewi bilimli kazylar olary «okuwsyz, garamaýak» adamlar saýdy. Elbetde, olar okap hem ýazyp bilýärdi. Ýöne olar ýehudylaryň dini mekdeplerinde bilim almandy. Şeýle-de bolsa, Petrus, Ýahýa hem-de beýleki şägirtler ökde mugallym bolup ýetişdiler, şonuň üçin adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek edip bildiler. Şol sada adamlar nädip ökde mugallym bolduka? Petrusy we Ýahýany diňläp, kazyýet «olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler» (Resullaryň işleri 4:1—4, 13). Dogry, olar mukaddes ruhy hem alypdylar (Resullaryň işleri 1:8). Şol şägirtlere wagyz etmegi Isanyň öwredendigine hatda ruhy taýdan kör kazylaram göz ýetirdiler. Isa ýerdekä resullaryna goýna meňzeş ýumşak adamlary diňe ýygnamagy däl-de, eýsem, sürä goşup, olary bakmagy hem öwretdi (Matta 11:29; 20:24—28; 1 Petrus 5:4).
6. Isa bilen Pawlus beýlekilere kömek edip, nähili görelde görkezdi?
6 Isa direlenden soňam, çopan bellenen şägirtlerine köp zatlary öwretdi (Ylham 1:1; 2:1—3:22). Meselem, onuň özi Pawlusy saýlap, oňa zerur zatlary öwretmegiň aladasyny etdi (Resullaryň işleri 22:6—10). Pawlus Isanyň beren kömeginiň gadyryny bilip, beýleki doganlara-da öwrenen zatlaryny öwretdi (Resullaryň işleri 20:17—35). Meselem, ol Timoteosa Hudaýyň «utanmajak işçisi» bolmaga kömek etmek üçin köp wagtyny we güýjüni sarp etdi (2 Timoteos 2:15). Soňy bilen, olar dostlaşdylar. Pawlus Timoteos hakda: «Atasynyň ýanynda işleýän oglan ýaly meniň bilen birlikde Hoş Habaryň ýaýramagyna hyzmat etdi» diýip ýazypdy (Filipililer 2:22). Pawlus Timoteosy ýa başga birini öz şägirdi etjek bolmady. Gaýtam, ol imandaşlaryna: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» diýdi (1 Korintoslylar 11:1).
7, 8. a) Ýaşulularyň Isadan we Pawlusdan görelde almagynyň peýdalydygyny haýsy mysal görkezýär? b) Ýaşulular geljekki gulluk hyzmatçylaryna we ýaşululara haçan kömek edip başlaýarlar?
7 Isa bilen Pawlusdan görelde alyp, tejribeli çopanlar hem çokundyrylan doganlara öwrenen zatlaryny öwredýärler. Meselem, Çad atly doganyň mysalyna seredeliň. Ol aýry dinli maşgalada ulalsa-da, ýaňy-ýakynda ýaşuly bellendi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Köp ýyllaryň dowamynda birnäçe tejribeli ýaşuly maňa ruhy taýdan ösmäge kömek etdi. Meniň atam Ýehowanyň Güwäçisi däldi, şonuň üçin ýygnagyň ýaşululary meniň aladamy edip, ruhy atalarym boldular diýseňem boljak. Olar wagt tapyp, maňa wagyz etmegi öwretdiler, soňra bir ýaşuly maňa ýygnakda berlen borjumy ýerine ýetirmegi hem öwretdi».
8 Çadyň mysalyndan görnüşi ýaly, paýhasly çopanlar doganlaryň ruhy taýdan ösüp, bellenmek üçin talaba laýyk gelmegine garaşman, gaýtam, geljekki gulluk hyzmatçylaryna we ýaşululara has öňünden kömek edip başlaýarlar. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Ýazgylara görä, bir dogan gulluk hyzmatçysy we ýaşuly bellenmezinden öň, eýýäm belent ahlak we ruhy kadalar boýunça ýaşamaly. Olar «öňürti synalmaly» (1 Timoteos 3:1—10).
9. Tejribeli çopanlaryň nähili borjy bar we näme üçin?
9 Suwda çokundyrylan dogan synalmazyndan öň, ilki öwredilse, paýhasly bolardy. Mysal üçin, mekdepde mugallym okuwça sapagy okatman, kyn ekzamen aljak bolsa, okuwçy ekzameni tabşyryp bilermi? Ýok, tabşyryp bilmez. Şonuň üçin ony, ilki okatmaly. Galyberse-de, ökde mugallym okuwçyny diňe bir okatman, eýsem, öwreden zatlaryny durmuşda ulanmaga kömek edýär. Şonuň ýaly-da çokundyrylan doganlar gerekli häsiýetleri ösdürüp biler ýaly, ökde ýaşulular olara ýörite öwredýärler. Ýöne ýaşulular doganlary diňe bellenilmek üçin däl-de, sürini oňat bakmagy hem öwredýärler (2 Timoteos 2:2). Elbetde, doganlaryň özleri-de gulluk hyzmatçysy we ýaşululardan edilýän talaba laýyk gelmek üçin tagalla etmeli (Titus 1:5—9). Şonda-da, tejribeli ýaşulular erjellik edýän doganlara meýletinlik bilen öwretseler, olaryň ruhy taýdan tiz ösmegine kömek edip bilerler.
10, 11. Çopanlar gulluk hyzmatçysyna geljekki borçlaryny ýerine ýetirmegi nädip öwredip biler?
10 Tejribeli ýaşulular doganlara ýygnakdaky borjuny ýerine ýetirmegi nädip öwredip biler? Ilki bilen, doganlar bilen gyzyklanmaly — hemişe olar bilen wagza çykyp, «hakykat sözüni dogry» ulanmakda ökdeleşmäge kömek etmeli (2 Timoteos 2:15). Tejribeli ýaşulular şol doganlara ýygnaga hyzmat etmegiň, ruhy maksaty goýmagyň, oňa ýetmegiň berýän şatlygy barada gürrüň berse bolar. Şeýle-de dogana «sürä görelde» bolmak üçin nämeler etmelidigi barada mähirli maslahat berip biler (1 Petrus 5:3, 5).
11 Bir dogan gulluk hyzmatçysy bolup bellenenden soňam, paýhasly ýaşulular oňa öwretmegi dowam edýärler. Elli ýyldan bäri ýaşuly bolup gulluk edýän Brus şeýle gürrüň berýär: «Men täze bellenen gulluk hyzmatçysy bilen sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän görkezmesini gözden geçirmegi gowy görýän. Şeýle-de gulluk hyzmatçysyna berlen görkezmäni okaýarys, ol işine öwrenişýänçä, oňa kömek edýärin». Wagty bilen, gulluk hyzmatçysyna ýaşulularyň edýän işini-de öwretse bolar. Brus şeýle dowam edýär: «Men çopan idegine gulluk hyzmatçysyny hem äkidýärin. Oňa dogany ýa uýany, ýa-da maşgalany ruhlandyrjak aýady tapmaga kömek edýärin. Gulluk hyzmatçysy Mukaddes Ýazgylary adamyň ýüregine täsir eder ýaly, nädip ulanmalydygyny öwrense, ökde çopan bolup ýetişer» (Ýewreýler 4:12; 5:14).
12. Tejribeli çopanlar täze bellenen ýaşululara nädip kömek edip bilerler?
12 Täze bellenen ýaşululara hem sürini bakmagy öwretmeli. Ýokarda agzalan Nik atly ýaşuly şeýle diýýär: «Maňa köp zady iki sany tejribeli ýaşuly öwretdi. Elbetde, olar käbir meseleleri nädip çözmelidigini bilseler-de, meniň bilen razy bolmasalar-da, hemişe meniň pikirimi ünsli diňläp, ara alyp maslahatlaşýardylar. Men olardan dogan-uýalar bilen özüňi kiçigöwünli hem sylaşykly alyp barmagy öwrendim. Bu ýaşulular maňa Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen kynçylygy çözmegi we doganlary ruhlandyrmagy öwretdi».
Hudaýyň Sözi öwredýär
13. a) Doganlar ökde çopan bolup ýetişer ýaly, näme etmeli? b) Isa näme üçin «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl» diýdi?
13 Çopan «her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly», Mukaddes Ýazgylarda kanunlar, prinsipler bar (2 Timoteos 3:16, 17). Dogan gowy dünýewi bilim alan bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary we ony durmuşda nähili ulanmalydygyny gowy bilse, ökde çopan bolup ýetişer. Isanyň mysalyna seredeliň. Ol ýer ýüzünde ýaşan iň bilimli, iň duýgur hem-de iň akylly ruhy çopandy, ýöne şonda-da Ýehowanyň goýunlaryna öwredende, öz aklyna daýanmaýardy. Isa: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki» diýdi. Näme üçin ol gökdäki Atasyny şöhratlandyrdyka? Ol: «Özünden sözleýän özi üçin şöhrat agtarýandyr» diýip düşündirdi (Ýahýa 7:16, 18).
14. Ýaşulular özüne şöhrat gözlemez ýaly, näme edýärler?
14 Wepaly çopanlar özüne şöhrat gözlemeýärler. Olar maslahat berip, ruhlandyranda, öz aklyna däl-de, Hudaýyň Sözüne esaslanýar. Olar goýunlara kömek edende, çopanyň pikirini däl-de, «Mesihiň pikirini» aýtmalydygyna düşünýär (1 Korintoslylar 2:14—16). Meselem, ýaşuly maşgala meselesi babatda är-aýala maslahat berende, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatyna däl-de, eýsem, öz durmuş tejribesine esaslanyp bilermi? (Matta 24:45). Eger-de şeýle etse, onda onuň maslahatyna ýerli däp-dessurlar güýçli täsir etmegi mümkin, ýa-da durmuş tejribesiniň ýetmezçiligi sebäpli, garaýşy çäkli bolmagy ahmal. Aslynda, käbir däpler erbet däl, belki, ýaşulynyňam gowy durmuş tejribesi bardyr. Ýöne çopanlar ynsan düşünjesine we ýerli däp-dessurlara derek, Isanyň sesine gulak asmalydygyny we Ýehowanyň sözlerini aýtsa, goýun üçin has peýdaly bolar (Zebur 12:6; Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).
«Sadyk hem akylly hyzmatkär» öwredýär
15. Isa «sadyk hem akylly hyzmatkäre» näme tabşyrdy we hyzmatkär toparynyň bu işi üstünlikli ýerine ýetirmeginiň bir sebäbi näme?
15 Petrus, Ýahýa we Pawlus ýaly çopanlar Isanyň aýdan «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» toparyna girýärdi. Hyzmatkär toparyna Isanyň ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen doganlary girýär. Olar Isa bilen gökde höküm sürmäge umyt edýärler (Ylham 5:9, 10). Bu soňky günler ýer ýüzünde mesh edilen doganlaryň sany gün-günden kemelýär. Muňa garamazdan, Isanyň olara ahyrzaman gelmezinden öň, Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmeli diýen tabşyrygy öňki günlere garanyňda, häzir giňden ýaýraýar. Şeýle ýagdaýda-da hyzmatkäriň topary täsin üstünlikler gazanýar! Näme üçin? Sebäbi olar «başga goýunlara» hem wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy öwredýär (Ýahýa 10:16; Matta 24:14; 25:40). Şu günler şol işi köplenç wepaly «başga goýunlar» edýär.
16. Hyzmatkär topary bellenen doganlara sürini bakmagy nädip öwredýär?
16 Hyzmatkär topary sürini bakmagy nädip öwredýärkä? I asyrda hyzmatkär topary ýygnak gözegçisini belleýärdi, olar bolsa öz gezeginde ýygnagyndaky doganlara öwrenen zatlaryny öwredýärdi (1 Korintoslylar 4:17). Şu günlerem şeýle. Sadyk hyzmatkär, ýagny mesh edilen ýaşululardan saýlanan Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýäde on müňlerçe ýygnaklara gözegçilik etmäge we öwretmäge ýaşululary belleýär. Üstesine-de, Ýolbaşçylyk maslahaty goýunlary has oňat bakmak üçin, Filialyň komitetiniň agzalaryny, aýlanýan gözegçileri, ýaşululary hem-de gulluk hyzmatçylaryny okatmak üçin, dürli mekdep guraýar. Şeýle-de, hatlar, «Garawul diňi» žurnalynyň makalalary we «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris»a diýen kitap ýaly edebiýatlar arkaly görkezme berýär.
17. a) Isa hyzmatkär toparyna ynanýandygyny nädip görkezdi? b) Ruhy çopanlar hyzmatkär toparyna ynanýandygyny nädip görkezip biler?
17 Isa hyzmatkär toparyna ýürekden ynanany uçin, oňa «bütin mal-mülküni», ýagny ýer ýüzündäki ruhy emlägini ynandy (Matta 24:47). Ýaşulular hem Ýolbaşçylyk maslahatynyň berýän görkezmelerine eýerip, hyzmatkär toparyna ynanýandygyny görkezýärler. Şunlukda, ýaşulular beýleki doganlara sürini bakmagy öwredip, özleri hem Mukaddes Ýazgylary öwrenip, hyzmatkär toparynyň geçirýän okuwyny durmuşda ulanyp, süriniň agzybir bolmagyna kömek edýär. Ýygnagyň her bir agzasynyň aladasyny edýän doganlara sürini bakmagy öwredýändigi üçin, biz Ýehowa ýürekden minnetdar!
a Ýehowanyň Güwäçileri neşir edýär.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Tejribeli ýaşulular doganlara sürini bakmagy nädip öwredýärler?
• Ýaşulular näme üçin öz pikirine görä öwretmeýärler?
• Ýaşulular hyzmatkär toparyna ynanýandygyny nädip we näme üçin görkezýär?