Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/5 sah. 17—21
  • «Sürä görelde» görkezýän çopanlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Sürä görelde» görkezýän çopanlar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Tutuş sürüni we her goýny söýýärler
  • Pikir alşyp, şatlygy hem parahtlygy artdyryň
  • Sabyrly hem mähriban boluň
  • Iman bilen edilýän ýagşy işler
  • Ýumşak bolmak üçin özüňe erk etmeli
  • Ýehowa çopanlara sürini bakmagy öwredýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarys
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/5 sah. 17—21

«Sürä görelde» görkezýän çopanlar

«Hudaýyň sürüsine... meýletinlik bilen gözegçilik ediň... isleg bilen... sürä görelde boluň» (1 PETRUS 5:2, 3)

1, 2. a) Isa Petrus resula näme ynandy we ol Isanyň ynamyny nädip ödedi? b) Ýehowa bellenen çopanlara nähili garaýar?

BIZIŇ eramyzyň 33-nji ýylynyň Pentikost gününe biraz wagt galypdy. Isa Jelile deňziniň kenarynda ertirlik taýýarlapdy. Petrus bilen beýleki alty şägirt şol ertirlikden iýýärdiler. Isa direlenden bäri, Petrus ony birnäçe gezek görüpdi we onuň diriligine begenýärdi. Ýöne şonda-da bir zat ony alada goýýardy. Sebäbi birnäçe gün mundan öň, Petrus uly iliň öňünde Isany asla tanamaýandygyny aýdypdy (Luka 22:55—60; 24:34; Ýahýa 18:25—27; 21:1—14). Eýsem, Isa imany azlygy üçin toba gelen Petrusa käýedimikä? Ýok, käýemedi. Gaýtam, Petrusa Isanyň «goýunlaryny» otlatmagy we bakmagy tabşyrdy (Ýahýa 21:15—17). I asyryň ýygnagy barada Injilde berilýän gürrüňlerden çen tutsaň, Petrus Isanyň ynamyny ödäpdir. Ýowuz yzarlamalara we şägirtleriň çalt köpelmegine garamazdan, Petrus iýerusalimli resullar we ýaşulular bilen bilelikde mesihçileriň ýygnagyny hemişe bakdy (Resullaryň işleri 1:15—26; 2:14; 15:6—9).

2 Şu günlerem Ýehowa Isa Mesih arkaly tejribeli doganlary ruhy çopan edip belleýär. Olar goýunlary iň kyn döwürde bakýarlar (Efesliler 4:11, 12; 2 Timoteos 3:1). Eýsem, olar Ýehowanyň ynamyny ödeýärmikä? Olaryň ynamy ödeýändigini bütin dünýä boýunça agzybir gulluk edýän doganlyk subut edýär. Hawa, şol çopanlaram Petrus ýaly ýalňyşýarlar (Galatýalylar 2:11—14; Ýakup 3:2). Ýehowa şonda-da olara Oglunyň «gany bilen edinen ýygnagyny bakmagy» ynandy (Resullaryň işleri 20:28). Ýehowa şol doganlary ýürekden söýýär hem-de «iki esse hormata laýyk görýär» (1 Timoteos 5:17).

3. Ruhy çopanlar meýletinlik hem isleg bilen sürä görelde bolmak üçin näme edýärler?

3 Ruhy çopanlar meýletinlik hem isleg bilen sürä görelde bolmak üçin näme edýärler? Petrus we I asyrda ýaşan beýleki çopanlar ýaly olar hem Hudaýyň mukaddes ruhuna bil baglaýarlar. Sebäbi borjuny ýerine ýetirmäge olara mukaddes ruh kömek edýär (2 Korintoslylar 4:7). Şeýle-de mukaddes ruh olarda ruhuň miwesini öndürýär. Oňa «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk [iman, TD], ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk [özüňe erk etmeklik, TD]» girýär (Galatýalylar 5:22, 23). Çopanlar Hudaýyň sürüsini bakyp, şol häsiýetlerde görelde görkezýärler. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

Tutuş sürüni we her goýny söýýärler

4, 5. a) Ýehowa bilen Isa sürüni söýýändigini nädip görkezýär? b) Ruhy çopanlar sürüni söýýändigini nädip görkezip bilerler?

4 Ruhuň miwesiniň iň ähmiýetlisi — söýgi. Ýehowa ruhy iýmiti bolelin berip, tutuş sürüni söýýändigini görkezýär (Işaýa 65:13, 14; Matta 24:45—47). Hawa, ol tutuş sürüni otlatmak bilen çäklenmän, eýsem, her bir goýnuň aladasyny edýär (1 Petrus 5:6, 7). Isa-da sürüni söýýär. Ol janyny olar üçin pida etdi we her goýny «atma-at» tanaýar (Ýahýa 10:3, 14—16).

5 Ruhy çopanlar Ýehowa bilen Isadan görelde alýarlar. Hudaýyň Sözüni ýygnaga «öwretmek bilen meşgul bolup», olar Hudaýyň tutuş sürüsini söýýändigini görkezýärler. Olar Mukaddes Ýazgylara esaslanan dokladlary bilen sürüni otladýarlar we goraýarlar. Olaryň çekýän agyr zähmetini bütin ýygnak görýär (1 Timoteos 4:13, 16). Emma welin, ýygnagyň duşuşyklaryny we beýleki işlerini «sypaýyçylyk hem tertip bilen» geçirer ýaly, ýazuw-hasabat, hat-petek we beýleki ençeme işler üçin sarp edilen wagt göze ilmeýär (1 Korintoslylar 14:40). Şol işleriň köpüsini ýygnagyň agzalary görmeýärler. Hawa, olar söýgi bilen zähmet çekýärler (Galatýalylar 5:13).

6, 7. a) Ýaşulular wagyzçylar bilen nädip ýakyndan tanşyp biler? b) Käwagt ýaşula ýüregiňi dökmek näme üçin maslahat berilýär?

6 Ýygnagyň söýgüden doly çopanlary her bir goýnuň hal-ahwaly bilen gyzyklanýarlar (Filipililer 2:4). Ýaşulular her bir wagyzçy bilen ýakyndan tanyşmak üçin köplenç bile wagza çykýarlar. Isa-da köplenç şägirtleri bilen bile wagyz edýärdi hem-de olary ruhlandyrýardy (Luka 8:1). Bir tejribeli ýygnak çopany şeýle diýýär: «Dogan-uýalar bilen tanyşmagyň we olary ruhlandyrmagyň iň oňat ýoly — olar bilen wagza çykmaly». Sen ýaňy-ýakynda ýaşuly bilen wagza çykmadyk bolsaň, onda wagyz üçin wagt belleşseň, gowy bolmazmy?

7 Isa şägirtleriniň şatlygyny we gaýgysyny paýlaşýardy, sebäbi olary söýýärdi. Meselem, 70 şägirt wagyzdan şatlyk bilen öwrülip gelende, Isa-da «şatlandy» (Luka 10:17—21). Ýöne Lazaryň ölüminiň Merýeme, onuň maşgalasyna hem-de dost-ýarlaryna eden täsirini görüp, «Isa aglady» (Ýahýa 11:33—35). Häzirki çopanlaram goýunlaryň ýagdaýyna biparh garamaýar. Olar sürüni söýýärler, şol sebäpli «şatlanýanlar bilen şatlanyp, aglaýanlar bilen aglaýarlar» (Rimliler 12:15). Sen hem durmuşyň süýji günleri we ajy günleri ýygnagyň ýaşulularyna ýüregiňi arkaýyn döküp bilersiň. Şatlygyňy gürrüň berseň, sen olary ruhlandyrarsyň (Rimliler 1:11, 12). Seniň başdan geçirýän synaglaryň barada eşitseler welin, seniň imanyňy berkidip, göwünlik bererler (1 Selanikliler 1:6; 3:1—3).

8, 9. a) Bir ýaşuly aýalyna söýgüsini nädip görkezýärdi? b) Ýaşulynyň öz maşgalasyny söýmegi näme üçin wajyp?

8 Çopanyň sürä söýgüsi köplenç öz maşgalasyna seredişinden görünýär (1 Timoteos 3:1, 4). Eger-de aýaly bar bolsa, onda beýleki ärler onuň aýalyny söýşünden we sylaýşyndan görelde alýarlar (Efesliler 5:25; 1 Petrus 3:7). Geliň, Linda atly uýanyň aýdan sözlerine seredeliň. Onuň adamsy tä aradan çykýança, 20 ýyllap ýygnagyň gözegçisi bolup hyzmat etdi. Ol şeýle diýýär: «Meniň adamym hemişe ýygnagyň işleri bilen başagaýdy. Ýöne menem özümi onuň egindeşi duýýardym, sebäbi ol köplenç edýän kömegim üçin sagbolsun aýdýardy. Boş wagtyny meniň bilen geçirýärdi. Şol sebäpli-de, adamymyň meni söýýändigini bilýärdim hem-de ýygnak üçin sarp edýän wagtyny gysganmaýardym, öýkelemeýärdim».

9 Ýygnak ýaşulusynyň çagalary bar bolsa, onda ýygnakdaky ata-eneler onuň çagalaryny söýgi bilen terbiýeleýşinden we olara wagtly-wagtynda öwgüli sözleri aýdyşyndan görelde alýarlar (Efesliler 6:4). Aslynda, maşgalasyny söýüp, ol mukaddes ruh arkaly berlen ynamy ödeýändigini hemişe subut edýär (1 Timoteos 3:4, 5).

Pikir alşyp, şatlygy hem parahtlygy artdyryň

10. a) Ýygnagyň şatlygyny we parahatlygyny näme bozup biler? b) I asyrda ýygnagyň parahatlygyna näme howp saldy we şol mesele nähili çözüldi?

10 Mukaddes ruh her bir mesihçiniň ýüreginde, ýaşulularyň arasynda hem-de tutuş ýygnakda şatlygyň we parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär. Ýöne aç-açan pikir alyşmasak, bu şatlygy we parahatlygy bozup biler. Süleýman patyşa: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 15:22). Sylaşykly we aç-açan pikir alyşsak, şatlyk we parahatlyk höküm sürer. Mysal üçin, I asyrda sünnet meselesi ýygnagyň parahatlygyna howp salanda, Iýerusalimdäki ýolbaşçylyk maslahaty mukaddes ruhuň görkezýän ýoluny gözledi. Şol ýaşulular bu mesele boýunça dürli pikirlerini aýtdylar. Gyzgalaňly maslahatdan soň olar bir karara geldiler. Olar biragyzdan kabul eden kararyny ýygnaklara habar berdiler welin, doganlar «bu öwüt-nesihat hakda begenişdiler» (Resullaryň işleri 15:6—23, 25, 31; 16:4, 5). Şeýlelikde, şatlyk we parahatlyk has-da artdy.

11. Ýaşulular ýygnagyň şatlygyny hem parahatlygyny nädip artdyryp bilýärler?

11 Şu günlerem ýaşulular öz aralarynda gowy pikir alşyp, ýygnakda şatlygyň hem parahatlygyň artmagyna ýardam edýärler. Eger-de ýygnagyň parahatlygyna howp abansa, olar ýygnanyşyp, bu mesele barada aç-açan maslahatlaşýarlar. Ýaşulular biri-biriniň pikirini diňleýärler (Süleýmanyň tymsallary 13:10; 18:13). Olar mukaddes ruh barada doga edip, soňra Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we «sadyk hem akylly hyzmätkäriň» edebiýatyna esaslanan karary kabul edýärler (Matta 24:45—47; 1 Korintoslylar 4:6). Käwagt bir ýaşulunyň pikiri beýleki ýaşulularyň pikirine gabat gelmeýär, ýöne ýaşulular maslahatynyň kabul eden kararyny goldamak bilen her bir ýaşuly mukaddes ruhuň görkezmesine tabyn bolýar. Şeýle kiçigöwünlilik şatlygy hem parahatlygy artdyrmaga kömek edýär we Hudaý bilen ýöreýän mesihçilere gowy görelde bolýar (Mika 6:8). Siz ýygnak ýaşulularynyň Mukaddes Ýazgylar esasynda kabul eden kararyny kiçigöwünlilik bilen goldaýaňyzmy?

Sabyrly hem mähriban boluň

12. Isa şägirtleri bilen näme üçin sabyrly hem mähriban bolmalydy?

12 Şägirtleri gaýta-gaýta ýalňyşsalar-da, Isa özüni olar bilen sabyrly hem-de mähriban alyp barýardy. Mysal üçin, Isa olara pes göwünli bolmalydygy barada birnäçe sapar aýdypdy (Matta 18:1—4; 20:25—27). Muňa garamazdan, Isa ölmezinden öň, soňky gije şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, pes göwünli bolmalydygyny öwredeninden soňam, «aralaryndan haýsynynyň uly saýylmalydygy barada çekişme turdy» (Luka 22:24; Ýahýa 13:1—5). Şonda Isa şägirtlerine gaharlandymyka? Ýok, ol mähribanlyk bilen: «Haýsysy has uly, saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Ýöne Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin» diýip düşündirdi (Luka 22:27). Isanyň sabry, mähribanlygy hem-de gowy göreldesi ahyry şägirtleriň ýüregine tesir etdi.

13, 14. Ýaşulular haýsy ýagdaýda has-da mähirli bolmaly?

13 Şonuň ýaly-da ýaşulular mesihçilere şol bir göýberýän ýalňyşlygy babatda maslahat bermeli bolýar. Ýaşulynyňam gaharlanmagy mümkin. Şonuň üçin ol «boş gezýänlere öwüt-ündew» berende, özüniň hem ýalňyşýandygyny unutmaýar. Şonda ol dogana sabyrly hem mähirli bolup biler, sebäbi Isa bilen Ýehowa-da hemme mesihçilere, şol sanda ýaşululara-da, sabyrly hem mähriban (1 Selanikliler 5:14; Ýakup 2:13).

14 Käwagt ýaşulular agyr günä eden adama maslahat bermeli bolýar. Eger agyr günä eden adam toba etmeýän bolsa, onda ýaşulular ony ýygnak bilen gatnaşykdan kesmeli (1 Korintoslylar 5:11—13). Şeýle ýagdaý bolaýanda-da, olar günä eden adamyň özüne däl-de, ýöne onuň eden günäsine ýigrenç bildirmeli (Ýahuda 23). Çopan özüni mähirli alyp barsa, onda sürüden aýrylan goýna ýene-de sürä dolanmak aňsat bolar (Luka 15:11—24).

Iman bilen edilýän ýagşy işler

15. Ýaşulular Ýehowanyň ýagşylygyny nädip görkezýärler we olar muny näme üçin edýärler?

15 «Reb hemmelere gowudyr», hatda onuň gadyryny bilmeýänlere-de (Zebur 145:9; Matta 5:45). Ýehowanyň ýagşylygy, esasan, halkyny «Patyşalyk baradaky hoş habary» wagyz etmäge ibermeginden görünýär (Matta 24:14). Ýaşulularam wagyz işine ýolbaşçylyk etmek bilen Hudaýyň ýagşylygyny görkezýär. Olar muny näme üçin arman-ýadaman edýärlerkä? Sebäbi Ýehowa we onuň beren wadasyna berk iman edýärler (Rimliler 10:10, 13, 14).

16. Çopanlar goýunlara nädip «ýagşylyk edýärler»?

16 Çopanlar wagyz edip, «hemmelere» ýagşylyk etmekden başga-da, olaryň «ylaýta-da imanlylar içerisine-de ýagşylyk etmek» borjy bar (Galatýalylar 6:10). Munuň üçin olar ruhlandyryjy çopan idegini edýärler. Bu barada bir ýaşuly: «Men çopan idegini etmegi halaýaryn. Şonda dogan-uýalary edýän tagallalary üçin öwmäge hem-de çekýän agyr zähmetiniň gymmatlydygyny düşündirmäge mümkinçilik döreýär» diýip, gürrüň berýär. Käwagt ýaşulular wagyzça Ýehowa gullugyny oňatlaşdyrmak babatda maslahat bermegi mümkin. Şonda olar Pawlus resuldan görelde alýarlar. Ol selanikli doganlara: «Biziň buýranlarymyzy hem edýänligiňize, hem-de etjekdigiňize Rebde size ynamymyz bar» diýipdi (2 Selanikliler 3:4). Goýunlaryň ýagşy niýetine şeýle ynam etseň, onda olara «ýolbaşçylarynyň sözüne gulak asmak» aňsat bolýar (Ýewreýler 13:17). Saňa ruhlandyryjy çopan idegini edenlerinde, eýsem, sen olara sagbolsun aýdyp bilersiňmi?

Ýumşak bolmak üçin özüňe erk etmeli

17. Petrus Isadan näme öwrendi?

17 Isanyň gaharyny getirseler-de, ol hemişe mylaýymdy (Matta 11:29). Isa ikilik edip, tussag etseler-de, özüni ýumşak alyp baryp, özüne erk etdi. Petrusyň bolsa gany gyzyp, gylyjyny çykardy-da, ar aldy. Ýöne Isa oňa: «Ýa Men on iki legiondan köp perişdäni derrew ibersin diýip, Atama ýüz tutup bilmez öýdýärmisiň?» diýip ýatlatdy (Matta 26:51—53; Ýahýa 18:10). Petrus Isanyň beren sapagyna oňat düşünip, soňra mesihçilere: «Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy... Sögülende sögmän, görgi görende gorky salmady» diýdi (1 Petrus 2:21—23).

18, 19. a) Ýaşulular haýsy ýagdaýlarda has-da özüne erk edip, ýumşak bolmaly? b) Biz indiki makalada haýsy sowallara serederis?

18 Şoňa meňzeşlikde, tejribeli çopanlaram özüne nähaklyk edilse-de, özüni ýumşak hem mylaýym alyp barýarlar. Meselem, ýygnakda birine kömek etjek bolsalar, belki, wagyzçynyň ýaşula nädogry düşünmegi mümkin. Eger-de wagyzçy ruhy taýdan gowşak ýa syrkaw bolsa, onda ol berilýän maslahaty diňläp, soňra «gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman geplemegi» mümkin (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Ýöne Isadan görelde alyp, çopanlar duzly sözler bilen gaýtargy bermeýärler ýa-da ar almaýarlar. Gaýtam, olar özüni saklap, wagyzçynyň derdini paýlaşýarlar. Şonda bu şol wagyzça uly kömek bolar (1 Petrus 3:8, 9). Saňa-da maslahat berseler, ýaşulularyň göreldesine eýerip, özüňe erk edip, ýumşaklyk edýäňmi?

19 Elbetde, Ýehowa bilen Isa bütin dünýädäki sürüni meýletinlik bilen bakýan müňlerçe çopanlaryň agyr zähmetiniň gadyryny bilýär. Şeýle-de Ýehowa bilen Isa «mukaddeslere hyzmat etmäge» ýaşululara ýardam edýän müňlerçe gulluk hyzmatçylaryny hem söýýär (Ýewreýler 6:10). Onda suwda çokundyrylan doganlaryň käbiri «oňat işi» maksat edinmäge näme üçin haýal-ýagallyk edýärkä? (1 Timoteos 3:1). Eýsem, Ýehowa çopan bolmaga bellenilen doganlara sürüni bakmagy nädip öwredýärkä? Biz indiki makalada şu sowallara serederis.

Ýadyňdamy?

• Çopanlar sürä söýgüsini nädip görkezýärler?

• Ýygnagyň her bir agzasy şatlygy we parahatlygy nädip artdyryp biler?

• Çopanlar näme üçin sabyr hem mähribanlyk bilen maslahat berýärler?

• Ýaşulular nädip ýagşylyk we iman görkezýärler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş