Zebur
2-NJI BÖLÜM
(42—72-nji aýdymlar)
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*.
42 Maralyň akar suwy küýseýşi ýaly,
Ýa Allam, janym saňa hyzmat etmek isleýär.
2 Bütin kalbym bilen Biribara hyzmat etmek isleýärin+.
Men Hudaýyň huzuryna haçan bararyn?+
3 Gije-gündiz aglaýaryn, hiç zat iýmeýärin*.
Uzakly gün üstümden gülýärler,
«Hany seniň Hudaýyň?» diýýärler+.
4 Geçen günleri ýatlanymda, ýüregim* ezilýär:
Jemagatyň arasynda ýörärdim,
Il-gün bilen Allanyň öýüne barardym,
Baýramçylyga gelen märekäniň
Gülki sesini, alkyş sözlerini eşiderdim+.
5 Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?+
Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym?
6 Ýa Allam, meniň janym gamlanýar+.
7 Şarlawuk güwwüldeýär,
Deňiz deňze söz sözleýär.
Möwç urýan tolkunlaryň üstümden basýar+.
8 Gündizine Ýehowanyň mähri* çoýar.
Gijelerine ol hakda aýdym aýdaryn,
Ýaşaýyş beren Allama dileg ederin+.
9 Arkadag Hudaýyma diýerin:
«Meni näme üçin unutdyň?+
Duşmanlarym azar berýär,
Maňa hasrat çekdirýär»+.
11 Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?
Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym?