Ýermeýa
15 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Musa bilen Şamuwel halk üçin töwella etse-de+, men olara rehim etmerin. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsinler. 2 Olar saňa: „Biz nirä gideli?“ diýseler, Ýehowa şeýle aýdýar diý:
„Mergä höküm edilen, mergiden gyrylsyn!
Gylyja höküm edilen, gylyçdan geçirilsin!+
Açlyga höküm edilen, açlykdan ölsün!
Sürgüne höküm edilen, sürgüne gitsin!“+
3 Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň üstüne dört betbagtçylyk*+ indererin: öldürmek üçin gylyjy, jesetlerini süýremek üçin itleri, iýip ýok etmek üçin ýyrtyjy guşlary we wagşy haýwanlary ibererin+. 4 Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işleri+ sebäpli halky agyr hala salaryn. Ýer ýüzüniň halklary olary görüp gorkarlar+.
5 Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar?
Kimiň saňa haýpy geler?
Kim hal-ýagdaýyňy soramaga barar?“
6 Ýehowa şeýle diýýär: „Sen meni terk etdiň+,
Şonuň üçin güýçli golum bilen seni ýok ederin+.
Saňa rehim etmekden ýadadym.
7 Men olary şäherlerde* çarşak* bilen ýele sowraryn.
Çagalaryny öldürerin+,
Halkymy ýok ederin.
Sebäbi olar ýollaryndan yzyna dolanmadylar+.
8 Dul aýallaryny deňziň çägelerinden hem köp ederin.
Günortan çagy ejesiniň,
Oglunyň üstüne heläkleýjini ibererin.
Olara duýdansyz howp abanar we gorky gaplap alar.
9 Ýedi çagany dogran aýal indi tapdan düşdi.
Ol zordan dem alýar.
Güneşi gündiziň güni batyp,
Utanja goýdy, masgara etdi*.
Olaryň sanlyjasy aman galsa-da,
Duşman gylyjy bilen gyraryn“. Muny Ýehowa aýdýar»+.
10 Waý halyma! Ejem jan, meni näme üçin dünýä inderdiň?+
Il-gün meniň bilen dawa edýär.
Men hiç kime karz bermedim, hiç kimden karz almadym.
Emma adamlaryň bary meni näletleýär.
11 Ýehowa şeýle diýýär: «Saňa hemaýat ederin,
Agyr we aladaly günüňde ýardam ederin.
Duşmanlaryň üstüňe gelende seni goldaryn.
12 Kim misi we demri bölek-bölek edip biler?
Demirgazykdan getirilen demri kim döwüp biler?
13 Tutuş ýurtda eden günäleriňiz sebäpli,
Mal-mülküňizi, hazynaňyzy talaňçylara bererin+.
14 Baýlygyňyzy duşman eline bererin,
Mal-mülküňizi ýat ýurtlara alyp giderler+.
Sebäbi gaharym ot bolup ýanýar,
Size garşy tutaşýar»+.
15 Eý Ýehowa, meniň gaýgy-hasratymy bilýärsiň,
Meni ýatla, maňa nazar sal.
Duşmanlarymdan arymy al+.
Olara geçirimlilik etme, ýogsam janymy alarlar.
Seniň üçin kemsitmelere döz gelýändigimi bil+.
16 Sözleriňi eşidenimde kalbyma saldym*+.
Sözüň maňa şatlyk berdi, ýüregim begençden doldy.
Serkerdebaşy Ýehowa, men seniň adyňy göterýärin!
17 Keýpi-sapada ýaşaýanlar bilen oturmaýaryn+.
Men ýeke başyma oturýaryn, sebäbi eliňi üstüme goýduň,
Olaryň erbet işlerini görkezdiň, gahar-gazaba mündüm+.
18 Keselim ötüşdi, sagalyp bilemok.
Derdime derman tapylanok,
Sen meniň üçin gurap galan
Suwsuz guýy bolduňmy?
19 Ýehowa şeýle diýýär:
«Eger maňa dolansaň, seni ýene dikelderin,
Ýene-de huzurymda durarsyň.
Gymmatly zady biderek zatdan tapawutlandyryp bilseň,
Meniň wekilim* bolarsyň.
Olar seni diňlemeli bolarlar,
Emma sen olary diňlemersiň».
20 «Men seni mis diwar kimin ederin+.
Halk saňa garşy söweşer,
Ýöne ýeňip bilmezler+.
Sebäbi men seniň bilen bolaryn,
Seni goraryn, halas ederin — muny Ýehowa aýdýar.
21 Seni erbetleriň elinden halas ederin,
Zalymlaryň penjesinden azat ederin».