Ýermeýanyň agysy
א [Elip]
4 Wah, sap altynyň reňki öçdi!+
Mukaddes ýeriň daşlary+ köçelerde pytrap ýatyr!+
ב [Bet]
2 Sion ogullary sap altyn deý arzylydy.
Indi olar küýzegäriň küýzesine döndi,
Toýundan ýasalan küýzä öwrüldi!
ג [Gimel]
ד [Dal]
4 Süýt emýän balalar teşne bolup, dili damagyna ýapyşýar.
Çagalary el serende, hiç kim çörek bermeýär+.
ה [He]
5 Näz-nygmatlar iýenler köçede sergezdan+.
Gyrmyzy lybas geýenler kül içinde ýatyr+.
ו [Waw]
ז [Zaýn]
7 Nezirleri+ gardan arassady, süýtden akdy.
Olar merjenden has gyzyldy, ýakut kimin öwşün atýardy.
ח [Het]
8 Olar kömürden has gara boldy,
Köçelerde olary hiç kim tanamady.
Derisi süňküne ýelmeşip, çöpe döndi+.
ט [Tet]
9 Açlykdan ölenden gylyçdan öleniň gowudyr+.
Olar bir döwüm çörege zar bolup, gurap galdy.
י [Ýod]
10 Mähirli ejeler çagalaryny gaýnatdy+.
Halkyň agyr gününde balalary ýas nahary boldy+.
כ [Käp]
11 Ýehowa olara gaharlanyp, gazabyny dökdi+,
Siony oda ýakyp, düýbi bilen kül etdi+.
ל [Lam]
12 Ýer ýüzüniň patyşalary, mes topragyň ilaty,
Iýerusalim derwezesinden duşmanyň girjegine ynanmady+.
מ [Mim]
נ [Nun]
14 Kör kimin köçelerde enteşip+,
Haram boldy gara gana bulaşyp+.
Donlaryna el degrip bolmady.
ס [Sameh]
15 Olara diýerler: «Gidiň, haramlar!
Gümüňizi çekiň! Bize el degirmäň!»
Olar öýsüz-öwzarsyz enteýärler.
Il içinde diýdiler: «Olar bärde galmasyn+.
פ [Pe]
16 Ýehowa olary dargatdy+.
Indi Hudaý olara rehim etmez.
Il-gün ruhana+, ýaşula hormat goýmaz»+.
ע [Aýn]
17 Berilmejek kömege garaşyp, gözümiziň nury öçdi+.
Ejiz halkdan kömek sorap, gözlerimiz ýolda galdy+.
צ [Sad]
Golaýlaşdy soňumyz, günlerimiz gutardy,
Sebäbi ahyrymyz geldi.
ק [Kap]
19 Duşmanlar bürgütden çakgandyr+.
Dagda yzarlaýarlar, düzde duzak gurýarlar.
ר [Reş]
20 Ýehowanyň saýlany+, ýaşaýyş demimiz
Indi duşman duzagyna düşdi+.
Biz oňa: «Milletler arasynda ýaşarys saýasynda» diýerdik.
ש [Sin]
21 Uz ýurdunyň Edom gyzy, şatlanýansyň, begenýänsiň+,
Saňa käsäni geçirerler+, lül bolarsyň, uýat ýeriň görner+.
ת [Taw]
22 Eý Sion gyzy, günäleriň üçin berlen jezaň möhleti doldy.
Hudaý indi gaýdyp seni sürgün etmez+.
Emma ol Edom gyzynyň günälerine göz ýummaz,
Ýazyklaryny gizlemez+.