Hyzkyl
19 Ysraýyl baştutanlary hakda agy* aýt. 2 Olara aýt:
«Ejeňizi kime deňäýin?
Ol şirleriň arasyndaky ene ýolbars kimindi.
Güýçli arslanlaryň arasynda ýatardy,
Balalaryny ösdürip, kemala getirerdi.
3 Çagalarynyň birini kemala getirdi,
Ol güýçli arslan bolup ýetişdi+.
Awuny tüýt-müýt etmegi öwrendi,
Hatda adamlary parçalady.
4 Halklar muny eşitdiler,
Çukur gazyp duzaga düşürdiler.
Burnuna çeňňek ildirip,
Müsür ýurduna alyp gitdiler+.
5 Ene balasyna garaşdy, aý aýlanyp, günler geçdi,
Gelmejegine gözi ýetdi.
Soňra başga balasyny alyp, güýçli arslan edip ýetişdirdi.
6 Ol hem şirleriň arasynda ýaşady, güýçli şir bolup ýetişdi.
Awuny tüýt-müýt etmegi öwrendi, adamlary parçalady+.
7 Olaryň berk diňleriniň arasynda aýlandy,
Şäherlerini weýran etdi.
Boşap galan ülkede arryldysy eşidilýärdi+.
8 Şonda daş-töwerekdäki halklar oňa duzak gurdy,
Arslan olaryň gazan çukuryna düşdi.
9 Burnuna çeňňek ildirip, gözenege saldylar.
Wawilon patyşasynyň ýanyna getirdiler.
Ysraýyl daglarynda sesi eşidilmez ýaly, gabap goýdular.
10 Ejeň akar suwuň boýundaky üzüm* bagy+ kimindi,
Bol suwdan ganyp, hasyl getirdi,
Şahalarynyň san-sajagy ýokdy.
11 Onuň berk şahalaryndan şa hasasy ýasaldy.
Ol ösüp, başga agaçlardan has beýik boldy.
Beýikliginden, gür ýapragyndan ýaňa uzaklardan görnerdi.
12 Emma ony gazap bilen sogrup taşladylar+.
Gündogar ýeli miwelerini guratdy.
Berk şahalary çapyldy, ol gurady+, ot ýakyp ýandyrdy+.
13 Indi ony çölde,
Suwsuz, gurak ýerde oturtdylar+.
14 Ot şahalaryny ýakdy, soňra çybyklaryny,
Miwelerini ýalmap ýuwutdy.
Şa hasasyny ýasamak üçin,
Ýekeje-de mäkäm şahasy galmady+.
„Ine, şu agy* dillerden düşmez“».