Abdyýar
1 Älemiň Hökümdary Ýehowa Abdyýara* Edom hakda görnüş* berdi.
Abdyýar şeýle diýýär+:
«Biz Ýehowanyň habaryny eşitdik.
Çapar halklara habar getirip:
„Turuň, oňa garşy söweşe çykalyň!“ diýdi»+.
2 «Seni halklaryň arasynda peseltdim;
Seni uly iliň öňünde kemsitdim+.
3 Sen gowaklarda mesgen tutduň,
Tekepbirligiň seni aldawa saldy+,
Belent daglarda ýaşap, öz-özüňe:
„Kim meni aşak düşürip biler?“ diýýärsiň.
4 Sen bürgüt kimin gaýalarda mesgen tutsaň-da*,
Ýyldyzlaryň arasynda höwürtge ýasasaň-da,
Men seni aşak indererin» diýip, Ýehowa yglan edýär.
5 «Gije üstüňe talaňçylar, ogrular gelse,
Olar diňe islän zadyny almazmy?
Eger üzümçiler gelse,
Olar az-owlak üzüm goýup gitmezmi?
Indi duşmanlaryň seni ýer bilen ýegsan eder*+.
6 Ysaw, ýagylaryň saňa garşy aýaga galdy.
Gizlin hazynalaryňy agtaryp tapdy.
7 Olar seni ýurduňdan kowup çykardy.
Dost-ýarlaryň ählisi seni aldady.
Seniň bilen agzybir ýaşanlar üstüňden agalyk etdi.
Bile duz-çörek iýýänleriň saňa duzak gurarlar.
Sen bolsa muny asla aňmarsyň».
8 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol gün men Edomyň akyldarlaryny,
Daglarynda ýaşaýan düşünjeli adamlaryny heläk ederin+.
9 Eý Teýman+, seniň batyr ýigitleriň gorka düşer+.
Sebäbi Ysawyň daglarynda ýaşaýanlar gylyçdan geçiriler+.
11 Duşmanlar onuň goşunyny ýesir alanda+,
Sen gyra çekilip, seredip durduň,
Başga milletler derwezesinden girip,
Iýerusalim üçin bije atanda+,
Senem olara goşuldyň.
12 Doganyň başyna kynçylyk düşende gülmeli däldiň+,
Ýahuda halkynyň heläkçilik gününde şatlanmaly däldiň+,
Olaryň gara gününde gedemlik etmeli däldiň.
13 Halkymyň agyr gününde derwezesinden girmeli däldiň+,
Halkymyň gara gününde heşelle kakmaly däldiň,
Halkyma betbagtçylyk inen güni
Baýlygyna el urmaly däldiň+.
14 Sen ýoluň çatrygynda durup,
Gaçyp barýanlary öldürmeli däldiň+,
Gara gününde halkymyň aman galanlaryny
Duşmanyň eline bermeli däldiň+.
15 Ýehowanyň milletlere höküm çykarjak güni ýakyndyr+.
Başgalara basan oduň, özüňe-de basylar+,
Il-güne edeniň, öz başyňa iner.
16 Meniň mukaddes dagymda şerap içişiňiz ýaly,
Milletler hem meniň gahar şerabymdan içerler+.
Olar içip, gahar-gazabymdan lül bolarlar,
Dünýä inmedik ýaly bolarlar.
17 Halas bolanlar Sion dagyna gelerler+,
Ol ýer mukaddes bolar+,
Ýakubyň nesli mal-mülküne eýe çykar+.
18 Ýakubyň öýi ot kimin,
Ýusubyň öýi alaw kimin,
Ysawyň öýi saman kimin bolar.
Olar ot kimin ýanyp, ony ýalmap ýuwudar.
Ysawyň öýünden hiç kim aman galmaz+.
Muny Ýehowa aýdýar.
Efraýymyň we Samariýanyň topragyny mülk edinerler+.
Benýaminler Gileady eýelärler.
Iýerusalimden Separata sürgün edilenler
Negebiň ähli şäherlerinde ýaşarlar+.