Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 31
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

4 Musa kitabynyň mazmuny

      • Midýanlardan ar alynýar (1—12)

        • Bilgam öldürilýär (8)

      • Söweşde alnan oljalar hakda görkezme (13—54)

4 Musa 31:2

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:7; 25:1—3, 17, 18; 1Kr 10:8; Ylh 2:14
  • +Zb 94:1; Işa 1:24; Nah 1:2
  • +4Ms 27:12, 13; 5Ms 32:48—50

4 Musa 31:5

Parallel aýatlar

  • +4Ms 26:51

4 Musa 31:6

Parallel aýatlar

  • +4Ms 25:7, 8
  • +4Ms 10:2, 9

4 Musa 31:8

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:12; 2Pe 2:15; Ylh 2:14

4 Musa 31:10

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: haýatly düşelgelerini.

4 Musa 31:12

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:1

4 Musa 31:16

Parallel aýatlar

  • +4Ms 25:17, 18; 5Ms 4:3; Ýuş 22:17
  • +4Ms 25:1, 2; Ylh 2:14
  • +4Ms 25:9; 1Kr 10:8

4 Musa 31:18

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: erkege ýanaşmadyk gyzlary.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 31:35

4 Musa 31:19

Parallel aýatlar

  • +4Ms 5:2; 19:11, 16
  • +4Ms 19:20

4 Musa 31:23

Parallel aýatlar

  • +4Ms 19:9

4 Musa 31:24

Parallel aýatlar

  • +4Ms 19:19, 20

4 Musa 31:27

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 22:7, 8; 1Şm 30:24

4 Musa 31:28

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: salgyt hökmünde bersinler.

4 Musa 31:29

Parallel aýatlar

  • +4Ms 18:20, 29

4 Musa 31:30

Parallel aýatlar

  • +4Ms 3:6, 7; 18:2, 3; 1Tr 23:32
  • +5Ms 12:19

4 Musa 31:35

Parallel aýatlar

  • +4Ms 31:18

4 Musa 31:41

Parallel aýatlar

  • +4Ms 18:8, 19

4 Musa 31:47

Parallel aýatlar

  • +4Ms 3:6, 7; 18:2, 3; 1Tr 23:32
  • +5Ms 12:19

4 Musa 31:48

Parallel aýatlar

  • +4Ms 31:4

4 Musa 31:49

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Gullaryň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 23:27; 3Ms 26:7, 8

4 Musa 31:50

Çykgytlar

  • *

    Aýaga dakylýan zynjyrlar göz öňünde tutulýar.

  • *

    Hökümdarlaryň ýa-da abraýly adamlaryň möhürli ýüzügi göz öňünde tutulýar.

4 Musa 31:52

Çykgytlar

  • *

    Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

4 Musa 31:54

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Umumy salgylar

4 Mus. 31:24Ms 22:7; 25:1—3, 17, 18; 1Kr 10:8; Ylh 2:14
4 Mus. 31:2Zb 94:1; Işa 1:24; Nah 1:2
4 Mus. 31:24Ms 27:12, 13; 5Ms 32:48—50
4 Mus. 31:54Ms 26:51
4 Mus. 31:64Ms 25:7, 8
4 Mus. 31:64Ms 10:2, 9
4 Mus. 31:84Ms 22:12; 2Pe 2:15; Ylh 2:14
4 Mus. 31:124Ms 22:1
4 Mus. 31:164Ms 25:17, 18; 5Ms 4:3; Ýuş 22:17
4 Mus. 31:164Ms 25:1, 2; Ylh 2:14
4 Mus. 31:164Ms 25:9; 1Kr 10:8
4 Mus. 31:184Ms 31:35
4 Mus. 31:194Ms 5:2; 19:11, 16
4 Mus. 31:194Ms 19:20
4 Mus. 31:234Ms 19:9
4 Mus. 31:244Ms 19:19, 20
4 Mus. 31:27Ýuş 22:7, 8; 1Şm 30:24
4 Mus. 31:294Ms 18:20, 29
4 Mus. 31:304Ms 3:6, 7; 18:2, 3; 1Tr 23:32
4 Mus. 31:305Ms 12:19
4 Mus. 31:354Ms 31:18
4 Mus. 31:414Ms 18:8, 19
4 Mus. 31:474Ms 3:6, 7; 18:2, 3; 1Tr 23:32
4 Mus. 31:475Ms 12:19
4 Mus. 31:484Ms 31:4
4 Mus. 31:492Ms 23:27; 3Ms 26:7, 8
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
  • 47
  • 48
  • 49
  • 50
  • 51
  • 52
  • 53
  • 54
Mukaddes Kitap
4 Musa 31:1—54

Dördünji Musa

31 Ýehowa Musa: 2 «Ysraýyllar üçin midýanlardan+ ar al+. Soňra sen hem aradan çykarsyň»+ diýdi.

3 Musa halka: «Esgerleri söweşe taýynlaň, goý, olar midýanlara hüjüm edip, olardan Ýehowanyň aryny alsynlar. 4 Ysraýylyň her taýpasyndan 1 000 esgeri söweşe iberiň» diýdi. 5 Ysraýyl goşunyndan+, her taýpadan 1 000 esger, jemi 12 000 esger söweşe taýýarlandy.

6 Musa her taýpadan 1 000 esgeri Algazaryň ogly Pinehas+ ruhany bilen söweşe iberdi. Pinehasyň elinde mukaddes esbaplar bilen surnaýlar+ bardy. 7 Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, midýanlar bilen söweşip, ähli erkeklerini gyrdylar. 8 Midýanlaryň Ewi, Rekem, Zur, Hur we Rebaý atly bäş hanyny öldürip, Benur ogly Bilgamy+ hem gylyçdan geçirdiler. 9 Aýallaryny, çagalaryny ýesir aldylar, mallaryny we goş-golamlaryny bolsa olja aldylar. 10 Ähli şäherlerini we obalaryny* otladylar. 11 Oljalary, adamlary we mal-garalary alyp gaýtdylar. 12 Esgerler ýesirleri we oljalary düşelgä Musanyň, Algazar ruhanynyň, ysraýyl jemagatynyň ýanyna getirdiler. Şol wagt halk Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ düşläpdi.

13 Musa, Algazar ruhany we halkyň baştutanlary düşelgeden çykyp, olary garşyladylar. 14 Emma Musa söweşden gelen serkerdelere, ýagny müňbaşylara we ýüzbaşylara gaharlanyp: 15 «Aýallary näme üçin diri goýduňyz? 16 Bilgamyň maslahaty bilen hile guranlary ýadyňyzdan çykdymy? Olar halky Pegor+ taňrysyna sežde etdirip, Ýehowa biwepalyk etdirdiler+. Şonda Ýehowanyň halkynyň başyna betbagtçylyk inipdi ahyryn!+ 17 Häziriň özünde ähli erkek göbekli çagalary we aýallary öldüriň! 18 Ýöne gyzlary*+ öldürmäň. 19 Özüňizem ýedi günläp düşelgäniň daşynda boluň. Adam öldüren, jesede degen adamlar+ üçünji we ýedinji gün özüni tämizlesin+. Ýesirleriňiz hem tämizlensin. 20 Deriden, geçi ýüňünden edilen eşikleriňizi, agaçdan ýasalan zatlaryňyzy-da tämizläň» diýdi.

21 Şonda Algazar ruhany söweşe giden esgerlere şeýle diýdi: «Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunyny diňläň: 22 „Altyn-kümüş, mis, demir, galaýy, gurşun ýaly 23 oda çydamly zatlary oda tutup arassalaň. Soňra olary tämizlik suwuna ýuwuň+. Oda tutup bolmaýan zatlary hem şol suwda ýuwuň. 24 Ýedinji gün eşikleriňizi ýuwup, suwa düşüň. Şondan soň düşelgä girip bilersiňiz“»+.

25 Soňra Ýehowa Musa: 26 «Algazar ruhany bilen halkyň tirebaşylaryny ýanyňa al-da, ýesirleri we olja düşen mallary sana. 27 Olary ikä böl-de, ýarysyny söweşe giden esgerlere, ýarysyny halka ber+. 28 Ýöne söweşe giden esgerler ýesirleriň, olja alnan mallaryň we eşekleriň 500-den birini Ýehowa bersinler*. 29 Şol zatlary esgerleriň paýyndan Ýehowa sadaka hökmünde+ Algazar ruhana ber. 30 Ysraýyllaryň paýyndan bolsa ýesirleriň, mallaryň we eşekleriň 50-den birini alyp, Ýehowanyň çadyrynda hyzmat edýän+ lewilere ber»+ diýdi.

31 Musa bilen Algazar ruhany ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdi. 32 Esgerleriň alan oljasyndan şular galypdy: 675 000 goýun-geçi, 33 72 000 sygyr, 34 61 000 eşek. 35 Gyzlar+ bolsa 32 000 sanydy. 36 Söweşe giden esgerleriň paýy şulardy: 337 500 goýun-geçi, 37 olaryň 675 sanysy Ýehowa sadaka berildi; 38 36 000 sygyr, olaryň 72 sanysy Ýehowa sadaka berildi; 39 30 500 eşek, olaryň 61 sanysy Ýehowa sadaka berildi; 40 ýesirlerden 16 000 adam, olaryň 32 sanysy Ýehowa bagyş edildi. 41 Musa olary Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Ýehowa sadaka hökmünde Algazar ruhana berdi+.

42 Musa söweşe giden esgerleriň getiren oljasynyň ýarysyny ysraýyllara berdi. 43 Halkyň paýyna düşen zatlar şulardy: 337 500 goýun-geçi, 44 36 000 sygyr, 45 30 500 eşek, 46 ýesirlerden 16 000 adam. 47 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, ysraýyllaryň paýyna düşen ýesirleriň we mallaryň 50-den birini Ýehowanyň çadyrynda hyzmat edýän+ lewilere berdi+.

48 Soňra goşun serkerdeleri+, ýagny müňbaşylar we ýüzbaşylar Musanyň ýanyna gelip: 49 «Herimiz* öz bölümimizdäki esgerleri sanadyk, ýekejesi-de kem däl+. 50 Şonuň üçin olja düşen altyn zynjyrlary*, bilezikleri, ýüzükleri*, gulakhalkalary we başga-da şaý-sepleri Ýehowanyň öňünde günälerimizi ýuwmak üçin, Ýehowa sadaka beresimiz gelýär» diýdiler.

51 Musa bilen Algazar ruhany olaryň getiren altyn şaý-seplerini aldylar. 52 Müňbaşylar we ýüzbaşylar 16 750 şekel* altyny Ýehowa sadaka berdiler. 53 Esgerleriň hersi söweşden özüne olja alyp gaýdypdy. 54 Ysraýyllara Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny ýatladyp durar ýaly, Musa bilen Algazar ruhany müňbaşylaryň we ýüzbaşylaryň getiren altynlaryny ýygnak çadyrynda* goýdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş