Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 17:14, 15
    Mukaddes Kitap
    • 14 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduny miras alyp, ýaşap başlanyňyzda: „Geliň, beýleki halklar ýaly özümize patyşa belläliň“+ diýseňiz, 15 diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan adamyny patyşa belläň+. Patyşa öz halkyňyzdan bolsun, başga milletli adamy patyşa bellemäň.

  • 1 Şamuwel 10:19
    Mukaddes Kitap
    • 19 Siz bolsa azaplaryňyzdan, jebir-jepalaryňyzdan dyndyran Halasgär Hudaýyňyzdan ýüz öwrüp+: „Näme bolsa, şo bolsun, üstümizden patyşa belle“ diýdiňiz. Hany, her kim Ýehowanyň huzurynda taýpasyna we tiresine* görä dursun“» diýdi.

  • 1 Taryh 1:43—50
    Mukaddes Kitap
    • 43 Ysraýyllaryň heniz patyşasy ýokka+, Edom ýurdunda+ höküm süren patyşalar şulardyr: Benur ogly Beli, onuň şäherine Dinhaba diýýärdiler. 44 Beli ýogalyp, ýerine bosraly+ Zeranyň ogly Ýobap geçdi. 45 Ýobap ýogalyp, ýerine teýmanly Huşam geçdi. 46 Huşam ýogalyp, ýerine Bedatyň ogly Hadat geçdi. Ol Mowap topragynda midýanlary derbi⁠-⁠dagyn etdi. Onuň şäherine Awit diýýärdiler. 47 Hadat ýogalyp, ýerine masrekaly Samlak geçdi. 48 Samlak ýogalyp, ýerine derýanyň boýundaky Rehobotdan Şewul geçdi. 49 Şewul ýogalyp, ýerine Ahboryň ogly Bagalhanan geçdi. 50 Bagalhanan ýogalyp, ýerine Hadat geçdi. Onuň şäherine Paw diýýärdiler. Aýalynyň ady Mehetabeldi; ol Matretiň gyzy, Mezhabyň agtygydy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş