-
4 Musa 16:39, 40Mukaddes Kitap
-
-
39 Algazar ruhany otdan ölen adamlaryň mis külatarlaryny ýenjip, gurbanlyk ojagynyň daşyny ýapmak üçin gapak ýasady. 40 Ol Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly etdi. Gapaklar ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk keseki adamyň Ýehowanyň huzurynda tütetgi ýakmaly däldigini ýatlatmalydy+. Hiç kim Karun bilen tarapdarlary ýaly bolmaly däldi+.
-
-
1 Şamuwel 2:27, 28Mukaddes Kitap
-
-
27 Bir gün Aly ruhanynyň ýanyna Hudaýyň pygamberi gelip, şeýle diýdi: «Ýehowanyň sözüni diňle: „Ata-babalaryň Müsürde faraonyň elinde gul bolup ýaşaýarka, olara özümi tanatdym+. 28 Huzurymda ruhany bolup hyzmat etsin, gurbanlyk ojagymda*+ gurban berip, tütetgi ýaksyn*, öňlük geýip, hyzmatymda dursun diýip, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan ataňy saýladym+. Ysraýyl halkynyň ýakyp berýän gurbanlyklaryndan ataň hojalygyna ýörite paý berdim+.
-