- 
	                        
            
            5 Musa 15:19Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        19 Süriňizdäki ilkinji doglan erkek mallary Ýehowa Hudaýyňyza bagyş ediň+. Ilkinji doglan göläni iş üçin ulanmaň, ilkinji doglan owlak-guzularyň ýüňüni gyrkmaň. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            5 Musa 15:21Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        21 Emma agsak, kör ýa başga bir şikesli maly Ýehowa Hudaýyňyza gurban bermäň+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            5 Musa 17:1Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        17 Şikesli ýa kemli öküzi we goýny Ýehowa Hudaýyňyza gurban bermäň. Şeýle gurban Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýigrenjidir+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Melek 1:8Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        8 Kör maly gurbanlyk berip: „Kemi ýok“ diýýärsiňiz. Agsak, kesel maly getirip: „Kemi ýok“+ diýýärsiňiz». «Şolary häkimiňe eltip berseň, kabul edermi? Seni güler ýüz bilen garşy alarmy?» Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 
 
-