-
4 Musa 29:12Mukaddes Kitap
-
-
12 Ýedinji aýyň 15-ne mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmän, Ýehowanyň şanyna ýedi günläp baýramçylyk belläň+.
-
-
5 Musa 16:13Mukaddes Kitap
-
-
13 Harmany galladan arassalap, zeýtundan ýag, üzümden şerap ýasanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň+.
-
-
Nehemýa 8:14—18Mukaddes Kitap
-
-
14 Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunyny okap, ýedinji aýda bellenýän baýramçylykda ysraýyllaryň çatmada ýaşamalydygyny bildiler+. 15 Şonuň üçin olar ähli şäherlerde we Iýerusalimde: «Daga gidiň-de, zeýtun, senuber*, reýhan we palma ýaly agaçlaryň gür ýaprakly şahalaryny getiriň. Kanunda ýazylyşy ýaly çatma dikeliň» diýip jar çekdirdiler+.
16 Adamlar gidip, agaçlaryň şahalaryny getirdiler. Her kim üçeginde we howlusynda çatma dikdi. Hak Hudaýyň öýüniň howlularynda+, Suw derwezesiniň+ we Efraýym derwezesiniň+ meýdançalarynda hem çatma dikdiler. 17 Ýesirlikden gelen halk baýramçylyk belläp, çatmada ýaşady. Nun ogly Ýuşanyň+ döwründen bäri baýramçylygy şeýdip bellemändiler. Olar uly şatlyk-şagalaň etdiler+. 18 Baýramçylyk günleri hak Hudaýyň kanuny okaldy+. Ýedi gün baýramçylyk belläp, sekizinji gün Kanunda ýazylyşy ýaly, uly baýram etdiler+.
-