Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 23:16
    Mukaddes Kitap
    • 16 Topraga zähmet siňdirip eken zatlaryňyzyň ilkinji hasylyny alyp, Galla baýramyny* belläň+. Ýylyň ahyrynda bolsa daban azabyňyzdan önen hasyly ýygnap, Hasyl baýramyny* belläň+.

  • 3 Musa 23:34—36
    Mukaddes Kitap
    • 34 «Ysraýyllara aýt: „Ýedinji aýyň 15⁠-⁠den başlap ýedi günüň dowamynda Ýehowanyň şanyna Çatma baýramyny belläň+. 35 Baýramçylygyň birinji güni mukaddes ýygnak geçirip, hiç hili agyr iş etmäň. 36 Ýedi günüň dowamynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Sekizinji gün mukaddes ýygnak geçirip+, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Şol gün uly baýram ediň we hiç hili agyr iş etmäň.

  • 5 Musa 16:13—15
    Mukaddes Kitap
    • 13 Harmany galladan arassalap, zeýtundan ýag, üzümden şerap ýasanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň+. 14 Baýramçylykda siz bilen ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dul aýallar hem şatlansyn+. 15 Ýehowanyň saýlan ýerinde Hudaýyňyz Ýehowanyň şanyna ýedi gün baýram ediň+. Ýehowa Hudaýyňyz bol hasyl berip, ähli işiňizi ugruna eder+. Sizem muňa begenip, şatlyk-şagalaň edersiňiz+.

  • Nehemýa 8:14—18
    Mukaddes Kitap
    • 14 Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunyny okap, ýedinji aýda bellenýän baýramçylykda ysraýyllaryň çatmada ýaşamalydygyny bildiler+. 15 Şonuň üçin olar ähli şäherlerde we Iýerusalimde: «Daga gidiň⁠-⁠de, zeýtun, senuber*, reýhan we palma ýaly agaçlaryň gür ýaprakly şahalaryny getiriň. Kanunda ýazylyşy ýaly çatma dikeliň» diýip jar çekdirdiler+.

      16 Adamlar gidip, agaçlaryň şahalaryny getirdiler. Her kim üçeginde we howlusynda çatma dikdi. Hak Hudaýyň öýüniň howlularynda+, Suw derwezesiniň+ we Efraýym derwezesiniň+ meýdançalarynda hem çatma dikdiler. 17 Ýesirlikden gelen halk baýramçylyk belläp, çatmada ýaşady. Nun ogly Ýuşanyň+ döwründen bäri baýramçylygy şeýdip bellemändiler. Olar uly şatlyk⁠-⁠şagalaň etdiler+. 18 Baýramçylyk günleri hak Hudaýyň kanuny okaldy+. Ýedi gün baýramçylyk belläp, sekizinji gün Kanunda ýazylyşy ýaly, uly baýram etdiler+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş