- 
	                        
            
            5 Musa 3:19, 20Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        19 Size beren şäherlerimde diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garaňyz galsyn. Mallaryňyz hem juda köp. 20 Ýehowa Hudaýyňyz doganlaryňyza Iordanyň aňyrsyndaky ýurdy berer. Doganlaryňyz şol ýurdy basyp alanda, Ýehowa olary hem siz ýaly rahat ýaşadar*. Şondan soň mülküňize gaýdyp bilersiňiz“+ diýdim. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýuşa 1:14, 15Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        14 Aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garaňyz Iordanyň bäri ýüzünde, meniň* beren mülkümde galsyn+. Batyr erkekleriňiz+ hatar-hatar bolup, doganlary bilen derýadan geçsin+. Doganlaryňyza kömek ediň. 15 Goý, Ýehowa olary-da siz ýaly parahat ýaşatsyn*. Olar Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna girsin. Şondan soň Ýehowanyň guly Musanyň size beren ýurduna, Iordanyň gündogaryna gaýdyp gelersiňiz“+ diýipdi». 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýuşa 13:8Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        8 Manaşa taýpasynyň ýarysy, rubenler we gadlar Iordanyň gündogaryndan eýýäm mülküni alypdy. Ýehowanyň guly Musa olara şu ýerleri beripdi+: 
 
-