-
4 Musa 32:11, 12Mukaddes Kitap
-
-
11 „Müsürden çykan 20 ýaşdan ýokary adamlaryň ýekejesi-de Ybraýyma, Yshaga hem Ýakuba+ wada beren ýurduma girmez+. Olar maňa bütin ýüregi bilen gulak asmadylar. 12 Şol ýurda diňe kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalep+ we Nunuň ogly Ýuşa+ girer, sebäbi olar Ýehowa bütin ýüregi bilen gulak asdylar“+ diýdi.
-
-
5 Musa 1:34—38Mukaddes Kitap
-
-
34 Ýehowa ýolboýy aýdan zatlaryňyzy eşidip geldi. Ahyry ol gaharyna ant içip+: 35 „Şu zalym nesliň ýekejesi-de ata-babalaryna wada beren* eşretli ýurdumy görmez+. 36 Ýurda olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep girer. Kalep ýurdy görer, aýak basan ýurduny oňa we ogullaryna mülk edip bererin, sebäbi ol bütin ýüregi bilen Ýehowa gulak asdy+. 37 (Ýehowa siz sebäpli hatda maňa-da gaharlanyp: „Sen hem ýurda girmersiň+, 38 kömekçiň*+ Nun ogly Ýuşa girer+. Ýuşany ruhlandyr*+, sebäbi şol ýurda ysraýyl halkyny Ýuşa äkider“ diýdi.)
-