-
2 Musa 22:20Mukaddes Kitap
-
-
20 Ýehowadan başga hudaýa gurbanlyk berýän adam ölüme höküm edilsin+.
-
-
2 Musa 32:25Mukaddes Kitap
-
-
25 Musa halkyň hiç eýgertmeýändigini gördi, sebäbi Harun olary başyna goýberipdi. Olar duşmanlaryna gülki* bolupdylar.
-
-
2 Musa 32:27Mukaddes Kitap
-
-
27 Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Gylyjyňyzy dakynyň-da, düşelgä aýlanyp, dogan-garyndaşyňyzy, goňşy-golamyňyzy, dost-ýaryňyzy öldürip çykyň“»+ diýdi.
-
-
5 Musa 13:6—9Mukaddes Kitap
-
-
6 Eger süýtdeş doganyň, ogluň ýa gyzyň, mähriban aýalyň ýa jana-jan dostuň hiç kime bildirtmän: „Ýör, başga taňrylara sežde edeli“+ diýip, seniň-de, ata-babalaryň-da tanamaýan taňrylaryna, 7 golaýda ýa uzakda ýaşaýan başga halklaryň, ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan halklaryň taňrylaryna sežde etdirjek bolsa, 8 aldanma, gulak asma+. Oňa rehim etme, dözmezçilik edip, etmişini gizleme*. 9 Ol hökman öldürilsin+. Oňa ilki bilen özüň daş zyň, soňra halk daşlasyn+.
-